00:51
Syýasy tañrylar
SYÝASY TAÑRYLAR

Edward Said (1935- 2003)…
Palestinaly hristian atadan we liwanly hristian eneden bolan.
Ierusalimde iñlisleriñ "Anglikan St.George" kolležinde, Kairde arap dünýäsiniñ döwlet ýolbaşçylaryny ýetişdiren Wiktoriýa kolležinde we ABŞ-nyñ Massaçusets ştatyndaky "Norhfield Mount Hermon" mekdebinde okady. Yzyndanam…
Prinston uniwersitetini tamamlady, Garward uniwersitetinde doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Kolumbiýa uniwersitetinde mugallymçylyk etdi. Stanford we Ýel uniwersitetlerinde işledi. Onuñ diýseñ göz gamaşdyryjy ylmy karýerasy bardy. Tä 1967-nji ýylda arap-ysraýyl urşy turýança...
Şol wagta çenli syýasat bilen kän ugry ýokdy, gyzyganokdy. Çepçilere (sosialistlere) ýakyn durýardy.
Ol meşhur ýazyjy Taryk Ala 1994-nji ýylda beren interwýusynda şeýle diýdi:
"1967-nji ýyla çenli özüm barada öz işi bilen meşgul biri bolmakdan başga hiç zat pikir edemokdym. Uruşda nämedir bir zatlara göz ýetirmäge başladym. Meselem, Edmund Wilson, Isaiah Berlin, Reinhold Niebuhr ýaly medeni gahrymanlarymyñ köpüsiniñ yñdarma sionistler bolmagyna üns berdim. Olar diñe bir Ysraýylyñ tarapyny tutmak bilen çäklenmän, eýsem araplara garşy çäksiz duşmançylyk besleýärdiler…”
Said şondan soñ Palestinanyñ Azat-edijilik hereketi bilen ýakyndan gyzyklanyp başlaýar. “El Fetih” - Palestinany Azat ediş guramasy we sürgündäki Palestinanyñ döwlet geñeşine gatnaşdy.
Günbataryñ zyýanly çemeleşmelerini ýykmak üçin "Orýantalizm-gündogarşynaslyk" kitabyny ýazdy.
ABŞ-daky ylmy we habar beriş serişdelerinde ady "terrorçylaryñ professory" boldy! Ruhdan düşmedi.
Ikitaraplaýyn geçirilýän Palestina-Ysraýyl parahatçylyk boýunça duşuşyklara gatnaşdy.
Ýaser Arafat bilen işleşdi.

Şübhe öldürjidir

Edward Said söhbetlerinde Tarık Ala Arafat barada şeýle diýdi:
"Onuñ akyl-paýhasyndan, çakganlygyndan, ýatkeşliginden, şahandazlygyndan täsirlenmän bilmedim, häzirem şeýle. Ol elmydama öwrenmäge döwtalap adamdy. Aglaba arap liderleriñ tersine oña ýakynlaşmak kyn däldi.”
Şu ýeri has gyzykly:
"Ol turuwbaşdan meni amerikaly hasaplaýardy. Maña amerikan wekili hökmünde garaýardy. Amerikada ýaşaýan biriniñ özbaşdak hereket edip biljegine, kişiniñ öz pikirleriniñ tarapyny tutup biljegine, meniñ aktiw hereket bilen jebislige gol ýapýan bir palestinalydygyma we amerikan syýasatyny ýazgarýandygyma hiç düşünenokdy. Ol muña hiç ynanyp bilmedi. Meni hemişe amerikan maksatnamasynyñ taýýarlan adamydyr öýtdi.”
Şübhe - iñ howply zäherdir, gatnaşyklary öldürip taşlaýjydyr!
Said bilen Arafatyñ arasyna-da şübhe giripdi.
Ýogsam bolmasa...
– Said ýarag güýjüne daýanýan çözgüde garşy çykýardy;
– Said "Camp David" duşuşygy ýaly ABŞ-Ysraýyl diýdimzorlugyna garşy çykýardy.
Said 2001-nji ýylda şuny ýazdy:
"Palestinalylar has gowy ýerlere mynasyp. Arafat we onuñ emrindäkilere bil baglap bolmajakdygyny aç-açan aýtmalydyrys. Palestinalara asyl gerek zat - "Alyñ ala meýdanynda" garşylyk görkezip bilýän, halky bilen bir jan-bir ten bolup işleşip bilýän liderler gerek. Olara iş şertnamalaryny goramagyñ we VIP geçelgelerini täzelemegiñ ugrunda hallan atyp ýören erni şybykly, ynamdan gaçan we edebini ýitiren çişik býurokratlar gerek däl."
Palestin hökümeti Saidiñ kitaplaryny okamagy gadagan etdi!
Ol bolsa "Intelleltual" kitabynda şeýle ýazdy:
"Haýsydyr bir jynsdan syýasy tañra ynanmaga we şol tañrynyñ hataryna goşulmaga garşy çykýaryn. Ikisiniñ-de intellektual adam üçin gelşiksiz hereketlerdigine ynanýaryn."
Yzyndanam tutanýerlilik bilen göreşmegiñ, töwekgelçilik etmegiñ, özüñi orta atmagyñ, belli prinsiplere baglanmagyñ, garpyşmada ýaralanmakdan gorkmazlygyñ we dünýewi dawalary gursagyñda götermegiñ bir intellektual üçin berýän ähmiýetine ünsi çekdi…
Onuñ näme diýjek bolanyny düşündirmäge synanşaýyn:

Progressiwiñ hyýanaty

Fransuz filosofy Žýulýen Benda (1867-1957)…
"Progressiwleriñ hyýanaty" kitaby bilen meşhurlyk gazandy.
Işlerini bir gapdala oklap prinsiplerinden gyşaran intelligensiýanyñ wekillerine garşy tikenekli tankydy bellikleri etdi.
Intellektual - şahsy bähbidini aramaýan, ebedik hakykatyñ we adalatyñ ugrunda pelesañ kakýan hem-de diýdimzor häkimiýete garşy dikleşip bilýän şahsdyr.
Intellektual - galyba giren sözler-pikirler bilen bolşuna görä şerbet berip, ýalynjañlyk etmez...
Intellektual - akymyñ badyna özüni aldyrman, akymyñ güýjüne garşy kürek urup bilýän adamdyr…
Ýeri... Saidiñ geçen ömür ýoluny gördük, onuñ ady rowaýata öwrülen Ýaser Arafata-da garşy gidip bilen progressiw biri bolandygyna göz ýetirdik.
Bendanyñ intellektual kesgitlemesi bilen tanyş bolduk.
Hem hernäçe gynansagam ýurdumyzdaky "intellektuallaryñ" hallaryny görýäris:
– Dowamly "günä ýuwma" çäreleri-pöwhe ham çalyşmalar, dondan dona girmeler...
– Adamlaryñ başdan geçirýäm jebri-jepalaryny-gysyşlary görmezlige salmalar…
– Geplemeli, ýazmaly ýerde dymyp durmalar, ýazman oturmalar…
– Häkimiýeti eýeläp oturan köpbilmişleriñ suwuna gitmeler…
Hemişe biziñ garşymyza gidenler - professional režimiñ şahsy bähbidini araýan adamlary boldy!
Adamlaryñ "intelligensiýa-intellektual" sözüni eşdenlerinde, tisginjiremelerine geñ galyp oturasy iş ýok. Halky bir kenara zyñyp, "galamynyñ ujuny ýalaýanlaryñ" ýagdaýy gynansak-da şeýle bolup geldi!
Ynha... intellektuallaryñ şeýlekin haly ýurdumyzdaky añyýeti, düşünjäni doññara daşa öwrüp taşlady! Añ werzişleri syýasaty ýabanylaşdyrdy.
Syýasaty täzeden ýola goýup, syýasy heýjany döreder ýaly bolmady. Umytsyzlyk-çäresizlik jemgyýeti ölüm howply wirus deýin gurşap aldy.
Bu ahwal göreş ruhuny maýyp-müjrüp edip taşlady.
Bularyñ netijesinde... Howul-hara netije gazanyp boljak "syýasy hünärmenligi" ýeke-täk göreş görnüşine öwürdiler!
Bugün diñe käbir syýasatçylar däl, sagdan-soldan käbir intellektuallaryñ-da A.Güli talaşgärlige hödürlemegi bularyñ netijesidir.
Intelligensiýamyz öte peseldi.
Elimiz şemli syýasy tañrylara baş galdyran E.Saidleri gözleýäris…

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 27.04.2018 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 79 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Hаwеrаn   [Материал]
@Alýoş, kimiñki? smile

0
2 Allaberdi   [Материал]
A. GÜL, bir "proje"

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Dünyade özüni tañry hasaplamaýan syýasatçy galdymyka bir...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: