22:29
Fatihiñ depderi!
FATIHIÑ DEPDERI!

Fatih Soltan Mämmediñ hakykatdanam "Din işleri ministriniñ hutbasynda agzan gargyş dogasy bolupmydy?
Fatihiñ näçe gargyş dogasy bar?
Birmi, ikimi, bäşmi, onmy?
Taryhçylar häzirlikçe dymýar.
Diýmek, olaram häkimiýetden, ýanalmadan, türmeden, didiwana mündürilmekden, linç edilmekden çekinýärler.
Taryhçylar gürlemel-ä bolar, hakykatam ahyryna aýdyñlanar.
Taryh ylymlarynyñ doktory, professor Süheýl Ünwer segsen sekiz ýaşynda aradan çykdy. Onuñ ömrüniñ ýetmiş bäş ýyly okamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek, okatmak, hekimlik etmek, depderler taýýarlamak, giñ gerimli arhiwleri döretmek, ylmy makalalary ýazmak, kitaplary, risalalary, broşýuralary taýýarlamak we goşgy ýazmak bilen geçdi.
Professor Süheýl Ünwer içinde Fatih Soltan Mämmet bilen baglanşykly miniatýuralar hem bolan "Fatihiñ depderi" atly taryhy-dokumental kitap ýazdy. Hatda onuñ kitaby Taýýip Erdogan Stambulyñ häkimligine saýlananda häkimligiñ neşirýat işlerini alyp barýan "Kültür A.Ş." şereketi gaýtadan neşir etdi. Şäher häkimi Taýýip Erdogan hdm "Bu ajaýyp kitaby stambully ildeşlerimiziñ dykgatyna ýetirendigimiz üçin özümi diýseñ bagtly duýýaryn" diýip sözbaşy hem ýazdy, hemmelere bu kitaby okamagy maslahat berdi.
Ine, S.Ünweriñ "Stambul risalalary" atly bäş tomluk başga bir kitabynyñ 158-nji sahypasunda "Fatihiñ gargyş dogasy" barada başga bir maglumat bar.
Onda şeýle diýilýär:
“Fatih Stambuly alyp, şady-horram halda Aýasofýanyñ öñüne gelende, aşaklardan bir ýerden zaryn-zaryn ses, iññildi eşdildi. Soltan sesiñ gelen tarapyna bir nökeri ugratdy. Sakallary uzyn, haly perişan bir monahy tutup soltanyñ huzuryna getirdiler. Ondan soradylar:
- Neçüýn zyndana saldylar?
Monah özüniñ palçydygyny we şäheriñ gabawyna taýýarlyk döwri Konstantiniñ çagyrandygyny, Stambuly türkmenleriñ alyp-almajakdygyny bilmek üçin pal atmagy buýrandygyny, palda Stambulyñ türkmenleriñ eline geçjekdigini öñünden bilendigini we Konstantiniñ bu pala gahary gelip, zyndana salandygyny gürrüñ berýär. Monah gürrüñiniñ soñunda şeýle diýýär:
- Palym dogry çykdy.
Şondan soñ Mämmet soltan hem oña Stambulyñ öz elinden çykyp-çykmajagy barada pal atmagy we hakykaty aýtsa sylaglandyrjakdygyny aýdýar.
Monah ýene pal atýar we şeýle diýýär:
- Stambul türkleriñ elinden uruş ý zorluk-zulum bilen-ä gitmez. Ýöne şeýle bir döwür geler, emläkleriñiz we mülkleriñiz (kese ýerlilere) satylar, Stambul türkleriñ şäheri bolmakdan çykar.
Fatihiñ ýüzünde gynanç alamatlary peýda boldy. Ellerini açyp, howa galdyrdy. Yzyndanam:
- Stambulda edinen ýerlerimi ejnebilere satanlar Allanyñ gazabyna uçrasynlar! - diýip, gargyş dogasyny etdi.”

Ejnebi - daşary ýurtly, kese ýerli diýmek.
Fatih näme diýen eken?
"Men Stambuly aldym. Onuñ topragyny gelmişeklere satanlar Allanyñ gazabyna uçrasyn diýipdir. Din işleri ministri bu gargyş dogasyny hutbasynda agzap geçen bolsa, onda adamlaryñ ýadyna "Kanal İstanbul" güzergähinde Katar emiriniñ ejesine we Saud Arabystanyñ firmalaryna garyş-garyş satylan Stambul topraklary düşerdi. Garamaýak halkdan ujypsyzja pula satyn alynandan soñ bu topraklar ekin ýerleri bolmakdan çykarylyp, üstünde rezidensiýalary, otelleri, dürli maksatly binalary gurmaga ygtyýar berildi.
Din işleri ministri Fatih Mämmediñ bu gargyş dogasyny görmedi, ýatlamady, eşitmedi, agzamady.
Neçüýn? Sebäbi munuñ bir ujy özlerine gelip dürtülýär. Şoñ üçin.
Fatihiñ näçe gargyş dogasy bar?
Taryhçylar seslenmeli. Hakykatlar aýdyñlanmaly.
Din işleri ministri gargyş doganyñ birini görýär, beýlekisini görenok.
Neçüýn?
Din işleri ministri gargyş dogasyny saýlap, öz göwnüne ýaranyny okaýar.
Näme üçin beýdýär?
Din işleri ministri kimiñ sesi bolmaly?
Fatih Mämmediñ bir pendi bar:
“Akly öldürseñ, ahlagam öler.
Akyl we ahlak ölse, millet bölüner.
Kazyny satyn alan günüñ, adalat öler.
Adalaty öldüren günüñ, döwletem öler.”
Fatih Soltan Mämmet.


Nejati DOGRU.

"SÖZCÜ" gazeti, 30.07.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 60 | Добавил: Gökböri | Теги: Nejati Dogru | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Hаwеrаn   [Материал]
“Akly öldürseñ, ahlagam öler. Akyl we ahlak ölse, millet bölüner. Kazyny satyn alan günüñ, adalat öler. Adalaty öldüren günüñ, döwletem öler.”

Mämmet babamyzyñ bu sözüni boýnumyzdan doga edip assak ýeri bar.

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Halkyñ guni ikiyuzli din ulamalaryna galan bolsa...
Alla kuwwat bersin...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: