14:31
Wirus adres sorap duranok!
WIRUS ADRES SORAP DURANOK!

Koronawirus zerarly bir partiýa ýolbaşçysyny elden giderdik. "Garaşsyz Türkiýe" ("Bağımsız Türkiye") partiýasynyñ başlygy Haýdar Baş ýetmiş üç ýaşynda dogduk ili Akçaabatda ömürlik gözlerini ýumdy. Alla rehmet eýlesin. Yakynlary-da enşalla tiz wagtda saglyklaryna gowşubersinler.
Başga ýurtlarda-da syýasatçylaryñ arasynda koronawirusa ýolugyp bejergi alýanlar, aradan çykýanlar bar. Koronawirusa ýolugyp agyr hassa ýatan Angliýanyñ premýer-ministri Boris Jonson häzir bejergi astynda. Fransuz syýasatçylaryndan Patrik Dewejýan bolsa wirusa ýeñildi...
Bugün Öwlüýa Çelebiniñ köpçülikleýin ýokanç keseller barada görüp-eşden, ýazan zatlary barada söz açmakçy.
Dünýä döräli bäri köpçülikleýin ýokanç keseller we bela-beterler bolup geldi. Hasam beteri, halklar özara urşanlarynda köpçülikleýin keseller örç alyp ýaýrapdyr.
Adamlar söweşmekden ýana kesellere çäre tapmandyrlar, tapaýan ýagdaýlarynda-da hemme ýeri üpjün edip bilmändirler. Millionlarça adam pidalaeyndan söz açýarys. Olaryñ iñ soñkusy hasap ediljegi - XX asyryñ birinji ýarymynda "ispan dümewi" zerarly aradan çykanlaryñ sany iñ azyndan (çak bilen) 17 million diýip görkezilýär.
Öwlüýä Çelebi XVII asyrda kyrk ýedi ýurtda iki ýüz elli ýedi şähere aýlanyp görüpdir. Näme gören bolsa, kimler bilen gürleşen bolsa, barsyny özboluşly stilde beýan edipdir.
Öwlüýä Çelebi on tomluk syýahatnamasynda giden ýerlerindäki keseller boýunça jikme-jik maglumatlary beripdir, bu bolsa medisinanyñ taryhy we täze açyşlar üçin gymmatly hazynadyr. Çelebiniñ ýazanlarynyñ ylym dünýäsini negadar gyzyklandyrýandygy degişli alymlaryñ paýyna düşýär.
Muny geçeliñ, onuñ nämelerden söz açandygyna ser salalyñ:
Bilagyry, diş agyrysy, çakyza, agyz we bokurdak agyrysy, göz agyrysy, lepra, bil sowuklamasy, alagetirme, gijilewük, podagra, zellweger, çyban, mama (ospa), saç düşme, reflýuks, bogaz gijemesi, hafakan (ýüregiñ ýerinden süýşmesi), ysytma, hunnak (demgysma), diareýa, hapgyrtma (parotit), lakwe, üsgülewük, ruhy keseller, tutgaý (epilepsiýa), sary, şirpenje, tagun (mergi), zahir (ebol kysmy kesel), zati'l-jenb (ploreziýa), siflis...
Çelebi keselleriñ bejergisinde geotermal çeşmeleriñ (tebigy ýyly suwly çeşmeler) ähmiýetine ünsi çekýär. Hatda ol syýahat eden ýerlerinde geotermal çeşmeler bar bolsa, hökman şolar ýaly ýerleri ýörite baryp görüpdir.
Çelebiniñ ünsüni çeken başga bir husus bolsa, käbir ýerlerde adamlaryñ iññän sagdyn we ine-gana ýaşap ýörendigi, käbir ýerlerde bolsa keselleriñ giñden ýaýranlygydyr. Çelebi bu tapawudy seljermäge synanşypdyr we muña özüçe bir düşündiriş beripdir.
Syýahatçymyz öz gözi bilen gören zatlaryndan daşgaryn eşden zatlaryny-da ýazypdyr.
Kawkazlylaryñ uzak ýaşaýandygy köplere mälim. Ol galmyklardan söz açanda, tagun, sanjy, ploreziýa, huwam, humma (lihoradka), agyry keseli, lepra, siflis we başga-da birnäçe keselleriñ bularda duş gelinmeýändigini, galmyklaryñ 200-300 ýaşaýandygyny ýazýar. Elbetde, onuñ bu sözleri biraz gabardylanrak, emma Çelebi olaryñ uzak ýaşaýandygy baradaky hakykata ünsi çekýär.
Çelebi Dagystanyñ gözel tebigatyndan söz açýar. Şahyr Orhan Weliniñ gözel tebigat lapyny keç edýä, keýpini gaçyrýan eken, emma dagystanlylary gözel tebigat, arassa howa sagdyn we uzak ýaşadýar. Syýahatçy dagystanlylarda hiç hili kesele gabat gelmändigini ýazýar.
Orhan Weliden söz açdyk. Ýazgymyzy Orhan Weliniñ şahyrana setirleri bilen jemläliñ:

"Meni gözel howa lapykeç etdi,
Men beýle howadan ýüz öwürýärin
Işleýän ýerimden, wezipämdenem.
Tüssä öwrenişdim şeýle howada,
Men şeýle howada söýgä uçradym.
Öýe çörek bilen duz äkitmegi
Şeýle howalarda ýatdan çykardym.
Meniñ şygyr ýazma ýaly keselim,
Elmydama şu howada dömüpdi,
Meñ lapymy bu howalar keç etdi."


Wirus adres sorap duranok. Imi-salalyga aldanmalyñ, arkaýynlyga ýol bermäliñ!
Dert veren Alla dermanyny-da berer.

Arslan TEKİN.

15.04.2020 ý. "YENIÇAĞ" gazeti.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 69 | Добавил: Gökböri | Теги: Arslan Tekin | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: