10:19
Ilki özüñ bol!
ILKI ÖZÜÑ BOL!

Germaniýa. Ýeke-ýalñyz ýaşaýan är-aýal. Ýaşlary-da ýetmişden agan.
Günlerde bir gün olar şeýle ýazgy galdyryp, öz janlaryna kast edýärler: "Soñky dört-bäş ýylda gapymyzy wahtýordan başga ýeke gezek kakan bolmady. Indi mundan soñ ýaşamagyñ manysy ýok."
Käbirleriniñ häli-häzirem "ösen medeniýetleriñ derejesine ýetmek" diýip käkeleýän Günbatarynyñ sosial tarapy, ynha, umuman şeýle.
Osmanlynyñ soñky döwürlerinde we Respyblikamyzyñ ilkinji ýyllarynda "bire-bir" günbatarly bolmaga ymtylýanlar bardy. Dr. Abdylla Jewdet bularyñ biridi.
Ata-babalarymyz "Maglumat diñe akyl-paýhasy däl, akmaklygy-da artdyrýar" diýipdirler. Herhal "bire-bir" günbatarly bolmak isleýänleriñ bolşuny bu söz diýseñ ajap görnüşde açyp görkezýär. Ýene-de "Açyklyga iñ az takat bildirmeli ýerler mekdeplerdir" diýipdirler. Eýse häzirki wagtam şeýlemikä? Eger açyklygyñ iñ az takat bildirilýän ýeri mekdepler bolan bolsa, "Hababam synpy" şugadar tomaşaçy rekordyny alardymy, bilmedim-dä.
Ýokarda berlen mysallary, diñe Günbatara, ýa-da diñe biziñ jemgyýetimize mahsuz zatlar edip görkezmek onçakly dogry bolman biler. Emma umumy manzarany açyp görkezmek babatda dogry düşünje döredip biler diýip pikir edýärin.
Öz hamyrmaýamyz bolmak şerti bilen dünýą açyk bolmak gerek. Özgelere meñzemän, öýkünmän dogry ýoldan ýöremegi maksat edinip öñe gitmek biziñ ynanjymyzyñ binýadydyr.
Dogry dil, dogry taryh we dogry ynanç şygarymyz bolmaly.
Bir musulman ilkinji nobatda yslamy doly we dogry öwrenmeli. Azana ýugrulan bu mübärek topraklar buthana jañlarynyñ zarñyldap duran watanyna öwrülmeli däldir.
Musulman däller biziñ hemaýatymyzyñ astyndadyr. Respublikadan öñem bu şeýle bolup geldi.
Bir ynsan hökmünde adamkärçiligimizi gorap saklamalydyrys.
Adamkärçiligimizi gorap saklamagyñ iñ esasy şerti - ynanjymyzy ýaşatmakdyr.
Ýewropa jemgyýetiniñ sosial taýdan krisiz içindedigini hemmeler bilýär.
Azana ýugrulan bu mübärek topraklarsa buthanalaryñ binýadyny tutup, yslamyýetiñ kölegelenme howpuny almazlyk lazym.
Ýurdumyzda öñdenem ýaşap gelýän musulman däl halkyýetler hemişe musulmanlaryñ hemaýaty astynda asudalykda ýaşadylar. Biz - biz bolup galmalydyrys we dünýä açyk bolmalydyrys.
Özgerişe we ösüşe gapymyz açyk.
Özgelere meñzemäge we assimilizasiýa bolsa gapymyz ýapyk.

Ömer AKDAG.

07.08.2019 "İstiklal" gazeti.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 77 | Добавил: Gökböri | Теги: Ömer Akdag | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: