13:07
Turan ýollarynda Dädem Gorkut
TURAN ÝOLLARYNDA DÄDEM GORKUT

UNESCO "Gorkut ata" eposymyzy maddy däl medeni miras gymmatlyklarynyñ sanawyna girizipdi. Eýýäm näçe gün bäri bu üns merkezinden düşenok. Bizem ýazdyk.
Gorkut dädemiz Anadoluda, Azerbaýjanda, Türkmenistanda, Gazagystanda we beýleki türk illerinde giñden tanalýar. "Dädem Gorkudyñ" türkçesine seredenimizde "Gazagystan we beýleki türk illeri uzak galmazmy?" diýen sorag seriñe dolýar. Galyberse-de, Gorkyt atanyñ asyl guburynyñ Gazagystandadygy aýdylýar. Onuñ ejesiniñ gyrgyzdygy rowaýat edilýär, diýmek, Gorkut ata külli türk dünýäsiniñ umumy gymmatlygydyr.
Soy soýlaýan, boý boýlayan Gorkut ata boýunça Gazagystanda we beýleki türk illerinde birnäçe ylmy-barlag işleri geçirildi.
Professor Aly Berat Alptekin "Gazak çeşmelerinde Gorkut atanyñ dogluşy" makalasynda gazak çeşmeleriniñ üstünde durup geçýär.
Gorkut atanyñ mazary boýunça dürli-dürli maglumatlar bar.
Azerbayjanda Gorkut ata degişlidigi aýdylýan mazarlar barada nemes syýahatçysy Olearius maglumat beripdir. Olearius 1638-nji ýylda Derbentde Gorkudyñkydygy aýdylýan bir mazara gabat gelendigini we ol mazaryñ zyýarat edilýän ýerdigini ýazypdyr.
Öwlüýa Çelebi-de Demirgapyda Kyrklar dagyndaky "Horkutyñ" (Gorkudyñ) mazaryndan söz açýar we mazaryñ şirwanlylaryñ zyýaratgähidigini ýazýar.
Şeýle-de Syrderýanyñ deltasynda Gorkut atañkydygy aýdylýan we türkmenleriñ, gyrgyzlaryñ, gazaklaryñ, garagalpaklaryñ zyýarat edýän ýene bir mazary bar. Ol mazar Kalinsk bilen Gyzylordanyñ arasynda Syrderýanyñ Aral deñzine ýakyn bir kenarynda ýerleşipdir. (Hasan Özdemir, "Gorkut atanyñ kişiligi baradaky rowaýatlar", "Türkoloji" žurnaly, C. 16, S. 2 (2003).
Bu esasy maglumatlaryñ yzysüre Aly Berat Alptekiniñ ylmy işine dolanyp gelsek:
Ähli dessan gahrymanlary ýaly Gorkut ata hem adatdan daşary şertlerde dünýä inipdir.
"Dädem Gorkudyñ ejesiniñ aslynyñ gypjakdygyny, ony ejesiniñ üç aýlap garnynda göterendigini, hamylalygyna ýyl dolanda uly täsin wakalaryñ bolandygy, otuz alty aýyñ ahyrynda bäbegiñ dünýä injek pursatynda dokuz güne çeken çaknyşyk bolandygy, üç günläp dünýäniñ tümlüge gark bolandygy, güýçli çabga ýagandygy, gazaply ýel öwsendigi, gaý-tupandan, ýagyş-ýagmyrdan, toz-dumandan ýaña adamlaryñ biri-birlerini görmändikleri, şeýle-de Dädem Gorkudyñ doglan wagtynda Syrderýanyñ ve Garadagyñ üstüni tümlügiñ gaplap alandygy, şol sebäpden daga Garaspan (Garabasan -t.b.) adynyñ berlendigi" aýdylýar.
Dädem Gorkudyñ dogluşyndaky adatdan daşary wakalar bilen gyrgyzlaryñ meşhur legendar gahrymany Manasyñ dogluşynda meñzeşlikler bar. (Aly Berat Alptekin, "Gazagystan çeşmelerinde Gorkut atanyñ dogluşy", "Türk Dünyası Dil ve Edebiyat" žurnaly, S. 6, Güz 1998).
Dädem Gorkut boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniñ çap edilişi ýaly, eposyñ wersiýalary-da halk köpçüligine ýetirildi. Eseriñ Watikan nusgasy bilen Drezden nusgasynyñ arasyndaky tapawutlaryñ üstünde dörän jedelleriñ gowry heniz-henizlerem ýatarly däl.
Bu boýunça soñky iş Ýunus Zeýrege degişli. Ýunus Zeýrek "Kitâb-ı Dedem korkud Alâ Lisan-ı Tâife-i Oğuzân"-yñ Drezden nusgasyny çapa taýýarlapdyr, şeýle-de teksti täze elipbiýde-de beripdir (2014). Soñra ony häzirki türk dilinde-de çap etdiripdir. ("Ötüken" neşirýaty, 2018).
Her bir eseriñ asyl nusgasy bilen çap edilmegi hökmany şert. Meniñ özümem "Üç terzli syýasat" ("Üç tarz-ı Siyaset") kitabyny makalalaryñ asyl nusgasy bilen birlikde çapa taýýarlapdym. ("Bilge Kültür Sanat Yayınları" neşirýaty). Okyjy okaýan kitabynda düşünmezlik dörän ýagdaýynda, eger bilýän bolsa köne tekste seredip, şübhesini giderip bilýär. Birem ylmy-barlag işlerini alyp barýanlar asyl nusgasyny gözläp ýörmeli bolmaýar.

Arslan TEKİN,
arslantekin53@yahoo.com

02.12.2018 ý, "Yeniçağ" gazeti.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 49 | Добавил: Gökböri | Теги: Arslan Tekin | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: