12:55
Her ýoly synap görerler
HER ÝOLY SYNAP GÖRERLER

Idlib…
Ne ýazsak boş…
Hatda ýazdym, ýazdym, ýene barsyny ýyrtyp zyñdym.
Indi iş "Näme üçin Siriýa girendigimiz" baradaky tankydy sowallary bermekden bireýýäm giç. O batgalyga özümiz isläp ýa-da islemezden boýdan-başa batdyk.
Türkiýe bu babatda ýeke. Ne NATO, ne başga ýerden goldawa garaşyp oturmagyñ hajaty ýok. Bolmanda NATO-dan goldawa garaşýanyñyz bir barmy özi?
2019-njy ýylyñ iýulynda şu gazetde "Gaty giç bolmanka..." diýip soñlan we Siriýada bolup geçýänler bilen baglanşykly şu setirleri ýazypdym:
Bu gegemoniýa ugrunda göreş. Russiýa Eýranyñ, Siriýanyñ yzysüre Türkiýäniñ üstünden Amerikanyñ Ýewraziýadaky gegemoniýasyny pese gowşatmaga synanyşýar. Emma daşyndan seredende Erdoganyñam "guş uçsa ganatyny gyrarys..." diýen sözleri indi "suw señrikden agandygyny" görkezýär.
Ýeri...
Gelip ýeten şunça wagtyñ içinde "kyrk gatyr, kyrk setir" pozisiýasyna düşdük. Häzirem başymyza inen meselelere içerki syýasatda bir dil, daşarky syýasatda başga bir dil ulanýarys.
"S-400-ler näme üçin alyndy?" diýip sorag bersek, "hüjüm etmek we goranmak üçin" diýen jogaby alýarys.
Ýeri, kime hüjüm etjek bolýarsyñyz?
Ýa-da kimden nämäni goraýarsyñyz? Hiç kim bu sowaly berenok. Emma bu sowal hökman berilmeli. Munuñ jogaby biz-žurnalistlere berilmeýşi ýaly, oppozision partiýalar bilenem paýlaşylmaýar.
Kim bize howp salýar?
2020-nji ýyl...
Mosul meselesini çözmäge jan eden Türkiýäniñ garşysyna imperialistleriñ goldawy bilen Şeýh Said gozgalañy nähili turzulan bolsa, iñ ýakyn wagtda hut şol usulda ýurdumyzyñ asudalygyny bozmaga synanyşjaklardyr. Bu neneñ-niçiksi bolar, ony bilemok, emma siriýaly bosgunlaryñ sanynyñ dört milliona ýetendigini, PKK we onuñ aýakçylarynyñ hem-de FETÖ-çylaryñ häzirem aramyzda işjeñ hereket edýändiklerini göz öñüne tutsak, onda Siriýasa we Kiprde elimizi-aýagymyzy baglamak üçin 2020-nji ýylda her ýoly synap görerler.
Owal muny nijeme gezek synap gördüler!
Biz ýene-de ýatladýarys:
Netijede, öñümizdäki 2020-nji ýyl iññän galagoply geçer. Türk ulusynyñ agzybirligi we jebisligi üçin gijä galynmanka degişli işler geçirilmeli. Daşarky syýasatdaky kararlar dowamly aldanylma ähtimallygy bolan kişileriñ* erk-ygtyýary bilen däl-de, döwlet akly bilen kabul edilmelidir. Türkiýede bar bolan ähli unsurlaryñ umumy akly bilen hereket edilmeli we bilelikdäki kararlar kabup edilmeli.
Başymyza geleni sowsun…

Myrat AGYREL,
murat.agirel@hotmail.com

"YENIÇAĞ" gazeti, 29.02.2020 ý.

*Aldanylma ähtimmalygy bolan kişiler - Awtor bu ýerde Erdogany we onuñ häkimiýeti elinde saklaýan partiýasy AKP-ny göz öñüne tutýar. Erdogan bir çykyşynda FETÖ-çylara aldanyp, hökümet agdarlyşygyny ("Balýoz" we "Ergenokon" dawalary -t.b.) geçirmäge taýýarlykda güman edip, Türk Ýaragly Güýçleriniñ iñ gowy serkerdelerini türmä dykandyklary üçin, türk halkyndan we harby gullukçylardan ötünç sorapdy.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 36 | Добавил: Gökböri | Теги: Myrat Agyrel | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: