09:11
"Kyrk ýyl bäri esgerden hat gelenok,...Gelin bolsa şol işläp ýör kolhozda"
Kyrk ýyl bäri esgerden hat gelenok

Kyrk ýyl bäri esgerden hat gelenok,
Ne salam iberýär görenne aýdyp.
Gelin bolsa şol işläp ýör kolhozda,
Indi köp ýyl bäri biregne, şeýdip.

Ýaz eken pagtasyn güýz aýy ýygdy,
Kän işletdi eller oragy, pili.
Sypynsa, delmirip ýola seretdi,
Şol bagty öwrülip geläýjek ýaly.

Ne gaýyn nalady maýa gelinden,
Ne-de kem ýaşady ýeke didesi.
Ol düýşünde söwer ýaryn idese,
Ogly huşda kakasyny idedi.

Gara saç çalardy ýekeme-ýeke,
«Görmän öläýmeli bormukan şeýdip?»
Awara ýel hakykaty bilse-de,
Nämüçindir, şindem bilenok aýdyp.

Ol bolsa gatnap ýör kolhoz işine,
(Indi öňki ýaly agyr iş barmy?)
Gaýnadýar ol bir brigadaň çaýyny,
Kän diýse-de ogly «Sen zada zarmy?»

Agtyklary bilen gülüşýär öýde,
«Köýen» diýip özün edenok güman.
Kyrk ýyl bäri ýola gözläp ýör gelin,
Ýarynyň ýoklugna ynanyp bilmän.

1968.

* * *

DÜÝŞ

Aldyrsa-da oglun faşist okuna,
Gije düýşde ýeňiş bilen getirdi.
Öýerdi ogluny uly toý tutup...
Soň sallançak ýüpe elin ýetirdi.

Yrgyn çekip, aýtdy mylaýym hüwdi,
Agtygyň parahat ukusna goşup.
Gowy arzuwlaryň ählisi şonda,
Geldi oň diliňe tolkun deý süýşüp.

Öz tikenje köýnejigni geýdirdi,
Ördi onuň üçin güllüje jorap,
Her gün dogup gelýän Güni ýatlady,
Agtyjagnyň açyk meňzine garap.

...Oýananda bildi munuň düýşdügin,
Şonda-da görmekçi boldy ol dymyp.
Gör, nähili gowy zatlar küýselýär,
Ýatyr ýene, ýene gözüni ýumup.

* * *

DOLDY, GYZ

Duşdum saňa bahar aýy baýyrda,
Göwnüm aldyň, al ýaňagy hally gyz.
Seýil etdiň joraň bilen deň ädip,
Diýjek sözüm dilde poslap galdy, gyz.

«Deprek kakdy» gursagymda ýüregim,
Diýýän ýaly «Hol-ha, seniň geregiň».
Seýle gelseň, ýene şundan ýöregin!
Owadan öýmeli, egni donly gyz.

Men seni gözlärin, tapjagym açyk,
Gezerin sährama soraglar seçip.
Ynjalaryn, bir gün syrymy açyp,
Sabyr käsäm birçak püre doldy, gyz.

1969.

* * *

GAÝDYP GELÝÄN DUŞUŞYKDAN

Gaýdyp gelýän duşuşykdan,
Bu günümden diýseň hoş men.
Hiňlenýärin şat aýdyma,
Geňleýändir sesim eşden.

«Meň gülümçe ýok siz!» diýip,
Al güllere Ylak atýan.
Asmandaky gyzyl Güne,
Gözüm gypyp, habar gatýan.

Howa sergin, keýpem ýetik,
Ýar jemaly gözlerimde.
(Begenmezmi aşyk ýigit,
Ýary toýa söz berende?).

Bilýän, şemal bir ötegçi,
Diňlemez ol aňsat meni.
Soraýaryn oýnamaga,
Onuň peşmek pökgüsini.

Gaýdyp gelýän duşuşykdan,
Ýüregimde söýgiň ody.
Dodagymda sowaman dur,
Alynan bal posaň dady.

* * *

Günüme goýmady jahyllyk meni,
Üýtgedi alada, üýtgedi döwran.
Indi boýçusy men söýgi deňziniň,
Bir gyzy her günde ýatlaýan öwran.

Söýgi tolkunlarny gulaçlap ýörün,
Hol öňde maýak — gyz, ýürek şoňa zar.
Ýüzüp barýan, bu deňizde gaýyk men,
Öňde bolsa şol gyz — ýetmeli kenar.

* * *

Eşidip ululaň gyz söýýänini,
Onumda gyzlaryň yşgyna düşdüm.
Ululara meňzäp, kitap agtardym,
Gyzlary wasp edip, goşgular goşdum.

Gyzlara ýagdyrdym söýgi hatlaryn,
Okap görüp, «Oňat goşgy» diýdiler.
Mydam ýanlarynda oýnanym üçin,
Olar meni «jijim» diýip söýdüler.

1968.

Awtor: Agageldi Allanazarow
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: MrOKaS | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: