21:08
"Türkmen azatlygy" guramasy
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER

1937-1938-nji ýyllardaky gyrynçylyklar.

«TÜRKMEN AZATLYGY» GURAMASY
Gyrgynçylyklara bahana toslanýar…


1937-nji ýylyň tomusy... her maşgalanyň içinde «halk duşmanlary» gözlenýärdi. Olaryň täze-täze toparlarynyň «üsti açylýardy.» Adam köplenç gijelerine «awlanyp», mazaly owulyp-döwülenden soň görkezme sud/mähkeme edilýärdi. Sud 4-5 minutdan uzaga çekmezdi. Ýenjilip janyndan bizar edilen biçärä birnäçe sorag berilýär: «Sen iňlisleriň içalysymy ýa bolmasa Trotskiniň tarapdarymy« ... »howa» diýse bolany, öňünden taýýar edilen karar mälim ediler: atmaly ýa-da 10-15 ýyl tussag etmeli. Gabahat ýeri: propaganda serişdeleri şu bolýan zatlary Leninçilik ideýalarynyň, sosýalizimy dabaralanmagynyň uly ýeňişi diýip düşündirýärdi. Ähli gazetler «sud prosessleriniň «gidişi, çet ýurt içalylaryň we Trotskiniň «guýruklarynyň» paş edilişi baradaky maglumatlardan doludy. Ýygy-ýygydan ýygnaklar, mitiňler geçýärdi. Oňa gatnaşýanlar «azgyn köpekleriň» tumşugynyň owradylmagyny talap adýärdiler. Sud 3-likler esasynda alnyp barylýardy. Oňa komunist partiýadan, içeri işler komissarlygyndanwe respublikanyň prokory /kazysy giripdir.
Gaýgysyz Atabaýew tutulandan birnäçe gün soň Türkmenistanyň prezidenti Nedirbaý Aýtakow, onuň orunbasary Gurban Sähetow, respublikanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy Oraz Täçnazarow «gürüm-jürüm» edilýär. Oktiýaber aýynyň başynda partiýanyň biriniji sekretary Annamuhammedow tutulýar, onuň ýerne «Çubin» bellenýär. Britanýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň Londona ýollan telegrammasynda Türkmenistanyň prezidentiniň, respublikanyň ýokary derejeli resmileriniň ýok edilendigi, bir topar ýolbaşçylarynyň, komsomol ýolbaşçylarynyň işden çetleşdirilendgini habar berlipdir.[1]
Doj. 131
Wisjount Jhilston to Wisjount Halifax. – (Rejeiwed Awgust 27.)
Mý Lord, Mosjow, awgust
20, 1937
Yn mý telegrams Nos. 44, 48 and 51, Sawing, Y had honour to report the downfall of the presidents of the Sowiet Republijs of Tadjikstan, Armenia and Turkmenistan as well as numerous other bearers of high offije in these republijs. Yn other rejent telegrams an despatjhes, Y had to report numbers of arrests an imprisonment of high partý and Gowernment offijials in almost ewerý part of the Union... Shortjoming of the Komsomol leaders it has been dejide to restore normal relation between Komsomol offijials and put a stop of the “friendlý” ....
JHYLSTON

Respublikanyň halk komissarlarynyň ençemsi, partiýa komitetleriniň ýolbaşçylarynyň köpüsi jellatlaryň eline berilýär. Mysal üçin partiýanyň ozalky serkretarlary Halmyrat Sähetmyradow, Çary Wellekow, bölüm müdirleri Han Atamyşow, Mämmet Rezaýew, Esen Solltannyýazow, Juma Halmyradow we başgalar tussag adiýär. Türkmenistanyň Moskwadaky ozalky hemişelik wekili Bäşim Gulbeşerow, respublikanyň ilkinji magaryf halk kommisary Bäşim Pereňliýew, ilkinji söwda halk kommisary Akmyrat Orazow, ekrançylyk halk komissary Ata Yşmekow, zähemet halk komissary Atabaý Halnazarow, malyýe halk komissary Berdi Ataýew... tutulyp atylýar, ýa-da uzak möhletler bilen sürgüne iberilýär. «Halk duşmanlarynyň guýruklary-da», ýagny ilen-çalanlary, obadaşlary, tanyş-bilişleri-de tussag edilýär. Ozaly bilen Gaýgysyz Atabaýewiň we Nedirbaý Aýtakowyň ýakyn garyndaşlary–Gaýgysyz bilen bir wagtlar dogan okaşan görnükli magaryfçy Muhammetguly Atabaýewiň doganlary Hoja hem Öwezgeldi Atabaýewlar, Nedirbaýyň doganlary Täçmyrat hem-de Begjan Aýtakowlar atyldylar. Repressiýanyň tygy Nedirbaý Aýtakowyň birnäçe gün dynç alyp aw awlan obasy Pelwertde, Gurban Sähedowyň obasy köşide, Oraz Täçnazarowyň asly mekany Tejende, Gaýgysyz Atabaýewiň, Çary Wellekowyň adyny göterýän kolhoz-obalarda ençeme adamy ýok etdi.

«Türkmen azatlygy» guramasy bahana
Türkmen milli intelligesiýasyny pudamak üçin bahana tapdyrdy. «Türkmen azatlygy» diýen toslama ynkylapa garşy burjuaz-milletçi gurama «döredildi». Döwlet howpsuzlyk organlarynyň «bilgirleri gurra taşlap», bu gurama hamala baryp 1921-1923-nji ýyllarda-da bar eken, özünem Kümüşaly Böriýew, Muhammet Geldiýew, Bekge Berdiýew, Nikolaý Nikolaýowiç (han Ýomut) Ýomudskiý, Nedirbaý Aýtakow, Allaguly Garahanow we olaryň ýoldaşlary esaslandyrypdyr diýdiler. Nämemiş, şu ady tutulan adamlar 1922-nji ýylda bir wagtyň özünde diýen ýaly Daşkentde bolupmyşlar (hakykatda olar bu ýere başga iş bilen, hususan-da «Türkmen ili» diýen žurnalyň neşiri bilen bagly meseleler boýunça barypdylar). Ana, şonda Türkmenistanda Sowet häkimiýetini ýykmak barada belli-külli karara gelenmişler. Emma iş bir bada doly ýola düşüp gidibermänmiş. Şonuň üçinem olar 1925-nji ýylda bütin-Türkmen Sowetleriniň/şuralarynyň birinji Gurultaýy döwründe Aşgabatda täzeden ýygnanyşyp, «Türkmen azatlygynyň» işini diňe bir paýtagtda däl, eýsem ýerlerde-de rowaçlandyrmagyň jikme-jik planyny düzünemişler. «GPU»nyň sülçilerinyň sorag wagty tussag edilenleriň beren jogaplaryna garanyňda hamana bu bigünä bendeler Garagumdaky Jüneýt hanyň basmaçylar topary bilen gatnaşyk saklandyklaryny «boýun» alypdyrlar. Sülçi S.A. Kulýak soňra 1956-njy ýylyň oktiýaberinde şol ajy günler barada şeýle düşündiriş beripdir:
1937―1938-nji ýyllar Türkmenistanda iň garaňky döwüir hasaplanyp biliner. Bigünä adamlaryň garşysyna toslanan jenaýat işler gozgalyp, arassa adamlardan jenaýatçylar ýasaldy. Tussaglara garşy fiziki güýç ulanmaga (işkenje) göz ýumup, tussag etmäge buýruk beren prokortura (kazyýet) organy-da bu işe gatnaşdy.»
(SSSR KGB-siniň arşiw matriýallaryndan)

Moskwada oturan GPU jellatlary Ýejow-Berýaçy ýolbaşçylaryndan her dürli gynamalaryň ýol berilmegi hakda buýruk alan Türkmenstandaky sülçiler baryp ýatan eden-etdilige ýol berip, tussag edilenlere berk darap başlapdyrlar. Bu barada şol jellatlardan Sariçow soňra şeýle şaýatlyk edipdir:
«Berk gynamalary amala aşyrmaly diýlen buýruk biz üçin täzelik däldi. Halk duşmanlaryna garşy göreşde bu serişdäniň zerurdygyna düşünüp, ony uly kanagatlanma bilen kabul etdik hem ýerine ýetirdik. »
(SSSR KGB-siniň arşiw matriýallaryndan)


Türkmen ýolbaşçylaryndan Çary Wellekow, ogly bilen. Çary heniz 35 ýaşyna ýetmänkä atylyp ýok edildi. (1902―1937)
[2]


Türkmeniň bu men diýen gerçeklerine «ynkylapa garşy», «halk duşmany», «burjuaz-milletçi» ýaly umumy töhmet, tagmalardan başga sürtlen garalaram barmyka? Bar, mysal üçin, Nedirbaý Aýtakowy daşary ýurtlara-Ýaponýa jasuslyk edendigi we olaryň buýrugy hem tabşyrygy boýunça basmaçylaryň serdary Jüneýt han bilen ýakyn aragatnaşyk saklanlykda aýyplama bildirilipdir. Gaýgysyz Atabaýewi-de Jüneýt han we onuň toparyna maddy we ruhy kömek berenlikde aýplap, ýok edýärler. Abdulhekim Gulmuhammedowy-de hamana daşary ýurda gaçmaga synanşanlykda we onuň araçäkde ele salnandygy-ele düşmejek bolup, ýanyndaky sapançasy bilen özüni atandygyny öňe sürüp, ýok edýärler...
Türkmenistanyň içeri işler halk komissary, sülçi «L. Y. Burkin» Garagumdaky Jüneýt hanyň basmaçylar topary bilen gatnaşyk guranlykda aýyplanyp ýüzlerçe adamynyň tussag edilip gynanalandygyny soňra boýun alýar. Ol 20 ýyl çemesi Türkmenistanda bu «iş» bilen meşgullanypdyr. Oňa şeýle häsýetnama berilipdir:
«Ýokary hünärli/expert sülçi, Türkmen azatlygy milletçi, ynkylapa garşy guramany paş etmegi işläp düzüjileriň ýolbaşçysy. Ähli derňew işlerine şol sanda 1937-nji ýylda «Türkmen azatlygy» paş etmäge gatnaşan.»
(SSSR KGB-siniň arşiw matriýallaryndan)

Onuň özi 1956-njy ýylyň okiýabrynda soňra tussag edilýär. Ol sorag-jogap wagtynda şeýle zady boýun alypdyr:
«Men 1926-njy ýylyň ýanwaryndan tä 1939-njy ýylyň fewralyna çenli Türkmenistanyyň howpsuzlyk organlarynda işledim. «Türkmen azatlygy» diýen gizlin milletçi toparyň hereket edýändigini eşitdim, ýöne bu guramanyň bardygyna şaýatlyk edýän delili hiç haçan görmändim.»
(SSSR KGB-siniň arşiw matriýallaryndan)

Edilen jenaýatlar diňe ýok etmeler hem sürgüne ibermek bilen çäklenmän, eýsem, öý-öwzarlaryny, mal-garalaryny talap, watandan köküni kesip, Eýrana hem Owganystana bosa-boslyk etmeleri hem agzap geçmeli. Olar bu ýat ýurtlarda horluk baryny çekdiler. Kä mahal içaly bolşewik agentleri tarapyndan ogurlanyp, yzlaryna alnyp gelindi we ýok edildiler. 1938-nji ýylda Türkmenistanyň howpsuzlyk organy, öz agentlerini iberip, daşary ýurtlara sygnan görnükli Türkmen ýolbaşçylaryny ogurlap, yzyna getirip, olary ýok edipdirler. Bu barada «Ýaş Türkestan» žurnalynda Nepes ahun bilen molla Muhammet diýen ruhanylar hakynda şu aşakdaky maglumat çap edilipdir:
«Ýaş Türkestan» Mart 1938 ý, san 10
«Türkmenistan- Eýran araçäginde»

«Türkmenistanyň araçägynyň golaýynda 25.02.1938-de, žurnalymyza gowşan bir habarda şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkmenistanly bosgunlar Nepes ahun we fewralyň 2-sinde molla Muhammet diýen adamlaryň Sowet agentleri tarapyndan ele düşürilip, Sowet topragyna alnyp gidilendikleri habar berilýär. Bu wakanyň bosgunlaryň arasynda gaýgy-aladanyň artmagyna sebäp bolandygy habarçymyz ýazypdyr. «Ýaş Türkestan» žurnaly Türkmenistanyň araçägine ýakyn ýerlerde ýaşaýan ildşleriň ünsüni bu meselä çekip, olary öran seresaply bolmaga çagyrýar.»
Serhetden aşan bosgunlar gün baryny görüpdirler. Olaryň gören günlerini “it görse uwlardy.» Serhetden aşan batlaryna başda Eýranyň gümrükçileri gymmat bahaly zatlaryny talapdyrlar. Baran ýerlerinde aç-hor, sefil-sergezdan, dürli kesellere uçrapdyrlar. Birgideni ýoluň agyr şertlerine çydaman heläk bolupdyrlar....Bularyň barysy öz ýurduňda erkinlik, azatlygy talap edip, göreşe berilen bahalardy. Stalinçilik jenaýatlarynyň çarhynda bilkaslaýyn ýok edilen Türkmeniň men diýen ýigitleriniň, baýdak ýaly gelinleriniň, ykbaly ters getirilen gül-gunça ýaly çagalaryň ahy-nalasynyň baky ýaňy ýaňlanyp dur. Ol mukaddes ýaň gulagymyza gelip durka biz – diriler – halkymyzyň ykbaly hakda oýlanmaga borçludyrys. Ony bizden atalarmyzyň kast bilen ýumrulan ojaklary, armanly ýumulan gözleri talap edýär. Biziň ýaş ösmerlerimiz bu tragiiki wakalardan, taryhyň sahypalaryna siňen bu ajy wakalardan sapak edinerler diýen umyt bilen sözümizi jemleýäris.

-----------------------------
[1] 39 British Documents on Forgien Affairs (1917-1939) Part II. Wol.14 Uniwersity Publications of America. S. 184
[2] Türkmenistanyň ýaş kommunistler guramasy KOMSOMOL-yň 1925-nji ýylyň martyndaky guramaçylykly plenumında bu guramanyň merkezi komitetiniň 1-nji sekretary edilip Çary Wellekow bellenyär. Ol 1902-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Tejeniň Babadaýhan obasynda dogulýar. 18 ýaşynda Gyzyl goşunyň hataryna meýletin goşulýar. Ol 1935-nji ýylda Moskwa okuwa gidýär we 1937-nji ýylda «halk duşmany» hökmünde aýplanyp atylýar.

Arne GOLI
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 83 | Добавил: Gurgencli | Теги: Arne Goli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Gurgencli   [Материал]
37-38-nji ýyllar barada has köp maglumat toplamak isleýänlere okamagy maslahat berýän kitaplarym:
Allaýar Çuriýew "Ömür kyssasy" Aşgabat "Türkmenistan" RNÇB 1991.(Bu kitapda Wellekowyň oglunyň A.Çuriýewe ýazan haty hem bar).
Arne Goli "Otuz ýediniň ody".
Orunbasar Alymanow "GPU-nyň gara işi ýa-da Hajy işanyň heläk bolmagy" Tejen çaphanasy 1991 ý.

0
1 Gurgencli   [Материал]
Kitabyň mundan öňki saýtymyza goýulan bölümleri (sary linke basyp okap bilersiňiz!):
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!
kitaba giriş, sözbaşy:
http://kitapcy.com/news/2020-07-29-12042
Jüneýt hanyň Hywa hanyna garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-30-12047
Jüneýt hanyň "Horezm sowet" düzgünine garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12049
Jüneýt han we Enwer paşa
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12050
Göreşler we jeza çäreleri
http://kitapcy.com/news/2020-08-01-12053
Jüneýt han Britaniýanyň içalysymydy?
http://kitapcy.com/news/2020-08-02-12061
Jüneýt han we Gaýgysyz Atabaýew
http://kitapcy.com/news/2020-08-03-12062
Jüneýt han Türkmensährada
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12064
Jüneýt hanyň Owganystandaky durmuşy
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12066
Jüneýt han we Eziz han
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12067
Jüneýt hanyň aradan çykmagy
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12068
Garagumdaky göreşleriň gaýtadan möwç almagy we ganly öç alyşlar
Jüneýt hanyň göreşiniň täsiri dowam edýär
http://kitapcy.com/news/2020-08-05-12075

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: