19:10
Amerikan kellesi bilen pikirlenmek
AMERIKAN KELLESI BILEN PIKIRLENMEK

Professor Jahit Tanýol (1914-2020) aradan çykdy.
"Bize ýüz elli ýyllap modernleşme ady bilen başga hekaýatlar gürrüñ berildi" diýen Prezidentiñ wekili Ybraýym Kalyn professor Tanýolyñ ölümi barada kelam agyz gynanç bildirmedi.
"Ybraýym Kalynyñ sözleriniñ aşagyna golumy çekmäge birjigem ikirjeñlenmerin" diýsm Dogu (Perinçek) abiden-de ýeke söz çykmady, ýogsam bolmasa Tanýol 2011-nji ýylda onuñ partiýasyndan deputatlyga dalaşgärligini görkezipdi…
"Aydınlık" gazeti ölüm habarynam bermedi.
AKP häkimiýeti hiç hili gynança beýannamasy berilmedi. Üç ýyl öñ professor Şerif Mardin ýogalanda, Erdoganyñ hut özi onuñ maşgalasyna jañ edip, gynanç bildiripdi. Mardini mydama elleriniñ üstünde saklandyklaryny gowy bilýäris…
Bugünki gün “ideologik kök” gözlegine girişenler Tanýola däl-de, Mardine hossar çykýarlar; referans çeşmeleri!
Ybraýym Kalynyñ "Men, keseki we añyrsy" (“Ben, Öteki ve Ötesi”) kitabynyñ peýdalanan çeşmeleriniñ arasynda Şerif Mardin bar we elbetde Jahit Tanýol ýok!
Ýagdaý şeýle bolýan bolsa... häzir ýene Günbatar-modernizm çekişmesini gurap bileris. Tanýol bilen Mardiniñ arasyndaky tapawudy görkezeýin welin, "ýüz elli ýyllyk hekaýat" sözüniñ aýaklarynyñ niçiksi ýere degmeýändigini görersiñiz…
Professor Jahit Tanýol Ziýa Gökalp, Hilmi Ziýa Ülken, Nureddin Şazi Kösemihal bilen bile Stambuluñ ýerli sosiologiýa tradisiýasyny dowam etdirdi…
Professor Şerif Mardin "Sowuk uruş" başlananda ABŞ-nyñ wagyz etmäge başlan Düşündiriş sosiologiýasynyñ Türkiýedäki düýbüni tutujysy boldy.
Ylmy işlerinde amerikan teoriýasyny we çemeleşmelerini taslaýan sosiologlaryñ kesgitlemelerini, çemeleşmelerini ulandy.
Tanýol bolsa hemişe "Türkiýäniñ sosial, ykdysady, syýasy meselelerini saýrylaşdyrmakdan azat sosiologik metod bilen çözmäge mejburdyrys" diýdi.
Ýagny, Türkiýedäki sosiologik düşünjäniñ Günbataryñ garşysyndaky tutumyny, Günbatara bolan garaşlylygyny we sosiologik garaýşyñ ýerliligi-sferalaýynlylygy ýaly düşünjeleri Tanýol bilen Mardiniñ üstünden seljerme geçirmezden "ýüz elli ýyllyk hekaýat" takalyny okap bilmersiñiz…
Gürrüñi açaýyn:

AMERIKAN ILÇIHANASYNDAKY ÝYGNAK

Sosiologiýa XIX asyrda orta çykdy.
- Bu ylym kapitalizme garşy döräp biläýjek alternatiw girişmeleriñ öñüni baglamaga hyzmat etdi;
- Basybalykylykly syýasatlara utgaşykly teoriýalary döretdi;
- Günbataryñ elinde jemlenen bütindünýä gegemoniýasyny dowam etdirmegiñ hasabyna hereket etdi;
- Imperialistik meýillere laýyk iş alyp bardy...
Hawa, sosiologiýa global güýçler tarapyndan antropologiýa ýaly "basybalyjylaryñ ylymy" hökmünde ulanyldy we häzirem ulanylýar.
Jahit Tanýoldan bir mysal bereýin: 1960-njy ýyl.
ABŞ-nyñ Ankaradaky ilçihanasyndan hemaýat alýan Amerikan Ýakyn Gündogar ylmy-barlaglar institutynyñ müdiri ilçihanany orta salyp, profeszor Tanýola ýörite çakylyk ugratdy. Ilçihananyñ binasynda geçirilen ýygnakda Tanýola Gündogar obalary boýunça alyp barýan işleri we "obalardaky täsirli kişiler kimler, olaryñ agramlary we täsirleri neneñ?" diýen ýaly añtawçylykly maksada duwlanan soraglar berildi.
Ýygnak institutyñ müdiriniñ Türkiýedäki jemgyýetçilik gurluşy ýakyndan tanamak islegi bilen işine dowam etdi...
Tanýol ilçihanadaky ýygnagy ýakyn egindeşlerine habar berdi we munuñ - sosiologik ylmy-barlarlar perdesiniñ astynda ABŞ-nyñ türk jemgyýetine gözegçilik etmek we ony dolandyrmak isleýändigini ýüze çykarandygyny aýtdy.
Tanýol dagy-duwara ilçihanadan çakylyk almady...
Beýleki bir tarapdan... Günbatara garaşly sosiologiýa düşünjesiniñ Türkiýedäki öñbaşçysy Şerif Mardin ylmy işlerini özi aýtmyşlaýyn, edil "detektiw" kimin dowam etdirdi. Jemgyýetiñ ruhy gymmatlyklaryny, simwollaryny we dinamikalaryny orta çykarmak üçin jan aýaman işlrdi. Onuñ ylmy işleri esasan "dini gurşawly" işlerdi. Mysal üçin... Günbataryñ kellesi bilen Türkiýede syýasy yslam häkimiýetiniñ ilkinji kerpiçlerini nädip goýmalydygynyñ ýoluny salgy berdi. Atatürke garşy "akademiki" hüjümiñ düýbüni tutdy. Yslamy kemalizme garşy gönükdirjek jemgyýetçilik akymyñ öñüni açdy.
Professor Mardine salgylanyp "ýüz elli ýyllyk hekaýat" diýmäge hakyñyz ýok...

ETMIŞI ULUDY

Bu ýurtda Şerif Mardinler ölse "döwlet derejesinde çäre" geçirilip, soñky ýoluna ugradylýar.
Bu ýurtda Jahit Tanýollar ölse hiç kim eşdenok.
Bu ýurduñ takdyry şeýle:
Türkiýedäki sosiologlaryñ (žurnalistleriñ we başg.) Günbatardaky tanymallygy, ähmiýeti we täsiri olaryñ çemeleşmeleriniñ - garaýyşlarynyñ we düşündirişleriniñ kesgitleýji ýa-da ähmiýetsizliginden däl-de, "Günbataryñ üstünliginiñ" gurşawynda amala aşýar!
Türkiýede bütindünýä sosiologiýasyna baglanyşýan basybalyjylaryñ sag goly bolan globalçy sosiologlar öwüp arşa çykarylýar, baýraklara gark edilýär.
"Özüni Türkiýäniñ ykbalyna jogapkär saýmaýan hiç bir sosiolog derege ýaramaz. Siziñ hemmäñiz Türkiýäniñ sosiology, hakykatlary siz görmeli, başga ýoluñyz, hiç hili çykalgañyz ýok..." diýen sosiolog Jahit Tanýoluñ "etmişi" uludy:
- Ýurdumyzyñ bar wagty sosial hakykatlardan üzñeleşip, dünýädäki üýtgeşmeler bilen baglanşyk gurmazdan Türkiýe boýunça ýeke kesgitleýji düşünje berip bilmeýän "baknaçylykly tutuma" garşy göreşip geçirdi...
Hawa, sosiologiýany amerikan nukdaýnazary-simwollary bilen dolduran Şerif Mardiniñ pikirlerini gaýtalap, modernizmi dogry tankyt edip bilmersiñiz.
"Hakykatyñ öñbaşçysy Jahit Tanýol" (“Dramın Aydını Cahit Tanyol”) kitabynyñ awtory Erkan Çawyñ hem aýdyşy ýaly, "ýurdumyzda ýerli sosiologiýadan söz açylsa, Anadolynyñ taryhyna, kimligine, medeniýetine hossar çykan pikir dünýäsi bar bolsa - Jahit Tanýol munuñ kerwenbaşylarynyñ biridir..."
Jaýyñ jennet bolsun, halypa! Siz hiç wagt unutmarys, unutdyrmarys!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 18.08.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 78 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Tüweleme 106 ýaşapdyr-ow, Ziýa Gökalpyñ döwürdeşi bolsa...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: