17:00
Bozgunyñ ortasyndaky fetih düýşi
BOZGUNYÑ ORTASYNDAKY FETIH DÜÝŞI

Ýetmişinji ýyllaryñ başynda ykdysady ösüşimiz Italiýa bilen deñdi.
Segseninji ýyllaryñ başynda ykdysady ösüşimiz Hytaý bilen deñdi.
"Häzir nähili?" diýip sorajak däl!
Kyrk-elli ýylymyzy "gardirop atatürkçüligi" we "gardirop musulmanlygy" diýen ýañkalaşmalar bilen biri-birimizi ýepbekläp geçirdik.
Şunça wagtyñ içinde Hytaý öz wagtyny ortaça 10% beýgelop geçirdi.
Häzir Hytaý dünýäniñ iñ uly eksportçysy.
Häzir Hytaý dünýäniñ iñ uly daşary ýurt maýasyny özüne çekýän ýurt.
Häzir Hytaý dünýäniñ iñ uly walýuta rezerwine eýe döwlet.
Häzir Hytaý dünýäniñ iñ uly ýokary hilli harytlaryñ satylýan bazary.
Häzir Hytaý dünýäniñ iñ uly elektron söwda dolanşygyna eýe.
Iñ uly demir-polat önümlerini öndüriji ýurt - Hytaý…
Iñ uly awtoulag öndüriji, iñ uly telewizor öndüriji, iñ uly el tel telefonlaryny öndüriji...
Şärikli önümçiligi, ekerançylyk önümlerini, mis-alýumin önümçiligini agzabam durjak däl...
Hytaý ýönekeý ykdysadyýetfen birdenkä soñky kyrk ýylda nädip dünýä läheñine öwrüldi?
Türkiýe ýönekeý ykdysady derejesini kyrk ýylda näme üçin aşyp bilmedi?
Häzirem... Aýasofýany eýeländigimiz bilen öwünmäni halaýarys, elimiz gylyçly "bozgunlykda fetih düýşlerini" görýäris!
Häzirem... Ykdysady-syýasy modernizasiýa kelle agyrtmagyñ deregne, arman-irmän medeni kodlaryñ üstünde jedelleşip, gyzyldan gymmatly wagtymyzy ýitirýäris!
Kellelerde ýeke sorag alamaty ýok...
Hytaý boýunça ýeke Fatih Oktaýy hasaba almasak, ylmy-barlag, seljerme işlerini geçirýän alymymyz ýok...
"Kırmızı Kedi" neşirýatynyñ hojaýyny Haluk Hepkonyñ şahsy tagallasy bilen çykarylýan “Modern İpek Yolu” ("Häzirkizaman Ýüpek ýoly") žurnalyndan näçämiziñ habary bar?
Syýasatçylardan soramak isleýärin: Genri Kissinjeriñ Hytaý barada ýazan kitabyny haýsyñyz okadyñyz?
Biperwaýlyk-owarramçylyk, düşünjäñi artdyrmaga bolan ymtylyşyñ ýoklugy ýurdumyzda bu boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini şowsuzlyga uçratmaga dowam edýär...

NIREDEN NIRÄ

Bu gezek…
Gaty daşa gitmän Hytaý-Türkiýe deñeşdirmesini geçirmek isleýärin:
1912-nji ýyl. Sun Ýatseniñ ýolbaşçylygynda Hytaý respublikasy guruldy.
1916-njy ýyl. On ýyllap dowam eden raýatlyk urşy başlady.
1917-nji ýyl Hytaý Birinji jahan urşuna goşuldy.
1919-njy ýyl. Pekinde parahatçylyk şertnamasynyñ baglaşylmagyna garşy köpçülikleýin çykyşlar gurnaldy. Protestçiler Hytaýdaky daşary ýurtlulara berlen artykmaçlyklaryñ ýatyrylmagyny talap etdiler.
1925-nji ýylda Sun Ýatsen ýogaldy. Ýerine Çan Kaýşi geçdi. Hytaý kommunistleriñ goldawyna daýanyp, jeñbaz ketdeleri ýeñdi.
1927-nji ýyl. Çan Kaýşi kommunistleriñ çakdanaşa güýçlenýändigini pikir edip, olara garşy herekete geçdi we Hytaýyñ ep-esli bölegine eýe boldy.
1928-nji ýyl. Mao Szedyn Gyzyl Goşuny döretdi. Raýatlyk urşy başlady.
1931-nji ýyl. Ýaponiýa Hytaýy basyp aldy.
1945-nji ýyl. Ikinji jahan urşy gutardy, Ýaponiýa ýeñlip, Hytaýdan çekildi. Hytaýda gaýtadan raýatlyk urşy başlady.
1949-njy ýyl. Mao Szedun gutarnykly ýeñiş gazanyp, Hytaý Halk Respublikasynyñ döredilendigini yglan etdi.
Sosialistik rewolýusiýa haraba öwrülen ýurtda häkimiýete geldi. Onlarça ýyla çeken urşuñ weýrançylygyny başyndan geçiren halk mazaly tapdan düşüpdi. Adamlar garyp däldi, açdy! Bahalaryñ galyşy ýüzde ýüz müñ derejesine ýetipdi.
Hytaý agyr ykdysady embargonyñ astyndady.
Gedaý düşen ekerançylyk ýurdy Hytaýyñ ýaponlar tarapyndan Manjuriýada guran senagat zawodyndan başga hiç zady ýokdy...
Şol ýyllaryñ aralygynda Türkiýede nämeleriñ bolup geçendigini gowy bilýänsiñiz. Emma bir zady aýratyn nygtap geçmek isleýärin:

TAPAWUT ŞU ÝERDE

1950-nji ýyl. Demokratik partiýa - Baýar-Menderes häkimiýete geldi.
Mao Szedun şol wagt 7% öñe gidişlik bilen Hytaýy ösdürýärkä, Atatürk döwründe 7,8% öñe gidişlik bilen bedew badyny alan we Ikinji jahan urşuna garamazdan syýasy-ykdysady durnuklylygyny üpjün eden Türkiýede Demokratik partiýa (DP) häkimiýet başynda oturan on ýylynda näme işleri etdi:
Kişi başyna düşýän ýyllyk girdejisi-GSMH Respublikan Halk partiýasynyñ (RHP) soñky ýyly 1950-nji ýylda 16,1% bolsa, DP-niñ häkimiýetde bolan soñky 1960-njy ýylda 12,9%-e düşdi.
Girdeji boşlugy-GSMH 1950-nji ýylda 1,5% bolan bolsa, 1960-njy ýylda 2,7%-e çykdy.
Ykdysady ösüş 1950-nji ýylda 9,4% bolsa, 1960-njy ýylda 3,4%-e düşdi.
Inflýasiýa 1950-nji ýylda (köne görkeziji) -4,3% bolsa, 1960-njy ýylda 1970-nji ýylda 7,4%-e uçdy.
Bugün DP häkimiýeti diýlende ildeşlerimiziñ serine nämeler gelýär:
"Türkçe azany ýatyrdy".
"ABŞ-nyñ hatarynda Hytaýa garşy Koreýa urşuna gatnaşdyk".
Başga? Başga ýok…
Erdogan näme diýýär diýsene: "Biz Menderesiñ ýolundan gidýäris". Rast aýdýar! Perişan halymyz birmeñzeş!
Hakykata badaşmaýan populist ykdysady syýasat Türkiýäni ýene diwaryñ ýüzüne pylçap urdy. On sekiz ýyllyk "ylymly yslam" (AKP häkimiýeti -t.b.) häkimiýetiniñ alyp getiren ýeri şu ýer - entek-entekler syýasy-ykdysady ýitgileri çekmäge dowam ederis. Bar bilýän zadymtz - ruhy-medeni meseleleriñ üstünden söz uruşdyrmak!
Iñ ýamany, häkimiýet häzirem çöküşe fantastiki bahana gözleýär: Ýok "ýokary akyl", ýok "modernizm", ýok "halyflyk", ýok "arapça, pylan-pysmydan, birgiden boş gepleriñ dürüşdesi!
Şonuñ üçinem...
Dünýäniñ ykdysadyýeti boýunça her bir ugurda "iñ saýlamalarynyñ" başyny Hytaý çekýärkä, Türkiýäniñ ezeneginden galdyraýyn diýýän ýok...
Ahh! Häkimiýet indem "Stambul şertnamasyny" ýatyrsa, kim saklar öñüni Türkiýäniñ! Eñter joşguny mähelläñe! Hytaý nädip dünýä läheñine öwrüldi, bu zatlar üçin arrygyny gynajak barmy näme?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 13.08.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 56 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: