13:34
Türkmen ölçeg birlikleri
TÜRKMEN ÖLÇEG BIRLIKLERI

Uzynlyk ölçeg birlikleri:

1. Ýatymlyk ýol – takmynan 25-30 kilometrlik, ýükli düýäniň bir gündizde geçýän ýoluna deň bolan uzynlyk ölçegi;
2. Parsah – 6,5-7,5 ýa-da 7-8 kilometre deň bolan uzynlyk ölçegi;
3. Agaç – 5-6 kilometre deň bolan uzynlyk ölçegi;
4. Ýygaç – 7-8 kilometre ýa-da bir parsaha deň bolan gadymy uzynlyk ölçegi;
5. Menzil – 5-6 kilometre deň bolan uzynlyk ölçegi;
6. Çakyrym (çakrym) – 1,07 kilometre deň bolan uzynlyk ölçegi, “çagyrym, çagyrmak” diýen sözden gelip çykyp, tekiz meýdanda sesýeter aralygy aňladypdyr;
7. Durum – bir adamyň boýuna deň bolan gadymy uzynlyk ölçegi;
8. Arçyn – arçyn, arşun (tirsek, gol), 0,71 metre deň bolan uzynlyk ölçegi;
9. Gulaç – iki goluňy giň gereniňdäki aralyga deň bolan uzynlyk ölçegi;
10. Gary – ýarym gulaja deň bolan uzynlyk ölçegi;
11. Tutam – bir eliň gysymyna, ýagny takmynan 13-14 santimetre deň bolan uzynlyk ölçegi;
12. Ädim – erkek kişiniň bir ädiminiň aralygyny, ýagny takmynan 90 santimetr aralyga deň bolan uzynlyk ölçegi;
13. Daban – erkek kişiniň dabanynyň uzynlygyna deň bolan uzynlyk ölçegi;
14. Tirsekboýy – barmaklaryň ujundan tirsege çenli aralygy aňladýan uzynlyk ölçegi;
15. Gez – tirsekden barmaklaryň ujuna çenli aralygy aňladýan uzynlyk ölçegi;
16. Garyş – Başam barmak bilen külbikäniň arasy gerlendäki aralyk we şoňa deň bolan ölçeg birligi;
17. Çyg – geziň üçden iki böleginde deň bolan gadym uzynlyk ölçegi;
18. Sere – Başam barmak bilen süýem barmagyň gerlendäki aralyk we şoňa deň bolan uzynlyk ölçegi;
19. Agsak sere – süýem barmak bilen külbikäniň gerlendäki aralyk we şoňa deň bolan uzynlyk ölçegi.

Agram ölçeg birlikleri:

1. Düýe ýüki – 120-180 kilogramlyk, bir düýä ortaça ýüklenilýän ýüke deň bolan agram ölçegi;
2. Harwar – Bu ölçeg birligi, “har –eşek” we “wor -ýük”, “eşek ýüki” diýen pars sözlerinden emele gelen adalga (termin) bolup, 300 kilogramlyk agramy aňladýar;
3. Put – 16 kilogramlyk agyrlyk ölçegi;
4. Batman – 20 kilograma golaý (käbir ýagdaýlarda 16 kilogram diýilýär) agyrlyk ölçegi;
5. Däsir – batmanyň dörtden bir bölegine, ýagny 5 kilograma deň bolan agyrlyk ölçegi;
6. Hepbe – 500 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
7. Hokga – 1228,5 grama ýa-da üç gadaga deň bolan agyrlyk ölçegi;
8. Kirbeňke – “гривенник” diýen rus sözünden türkmen diline geçen, 409,5 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
9. Gadak – 409,5 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
10. Geýrek – Bir zadyň sekizden bir bölegine deň bolan agyrlyk ölçegi;
11. Syry – 16,2 gramdan 409,5 grama, ýagny bir gadaga çenli agyrlyk ölçegi;
12. Çetber – Kirbeňkäniň dörtden bir bölegi, 100 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
13. Çärýek – 25 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
14. Seýrek – çärýegiň dörtden bir bölegini, käbir ýagdaýlarda bir zadyň on altydan bir bölegini aňladýan agyrlyk ölçegi;
15. Dirhem – 4-5 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
16. Mysgal – 4,26 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
17. Jöw – mysgalyň togsan altydan bir (1/96) bölegi;
18. Zerre – Bir zadyň iň ýeňil, iň kiçi bölejigi;
19. Jinnek (dynnym, kindiwan) – Bir zadyň iň ujypsyz bölejigi.

Göwrüm ölçeg birlikleri:

1. Çaňňal – bir eliň gysymynyň göwrümine deň bolan göwrüm ölçegi;
2. Gysym, penje – bir eliň gysymynyň göwrümine deň bolan göwrüm ölçegi;
3. Çuwal – takmynan 50-70 kilogram agramly un, galla wwe ş.m. önümler sygýan haltanyň göwrümine deň bolan göwrüm ölçegi;
4. Halta – 40-50 kilogram agramly un, galla wwe ş.m. önümler sygýan haltanyň göwrümine deň bolan göwrüm ölçegi;
5. Gujak – iki eliňi aýlap alanyňda kükrek bilen eliň aralygynda emele gelýän göwrüme deň bolan göwrüm ölçegi;
6. Peýmana – şerap içilýän käsäniň (pyýalanyň) göwrümindäki göwrüm ölçeg birligi.

Meýdan ölçeg birlikleri:

1. Tümen – 40.000 tanaplyk meýdana deň bolan meýdan ölçeg birligi;
2. Jerib – gektar, 10.000 m2 deň bolan meýdan ölçeg birligi;
3. Amaç – 4200,883 m2 deň bolan meýdan ölçeg birligi;
4. Tanap – gektaryň bäşden bir bölegi, 60 geze ýa-da 2000 m2 deň bolan meýdan ölçeg birligi.

Wagt ölçeg birlikleri:

1. Gara daňdan (ala daňdan, ümüş-tamyş) – ýaňy daň atyp başlanda, alagaraňkylyk wagt;
2. Säher (saba, daňdan) – Günüň ýaňy dogup, ertir şapagy görnüp, dünýäniň ýagtylan wagty;
3. Ir ertir – Günüň mazaly dogup, dünýäniň gowy ýagtylan we adamlaryň aglaba köpüsiniň oýanýan wagty;
4. Guşluk (çäş) – Günüň ep-esli ýokaryk göterilip, ir ertir bilen günortanyň gönüden-göni ortarasyndaky wagt, takmynan sagat 09:00 – 10:00 töwerekleri;
5. Günortan – Günüň orta bolýan wagty, takmynan sagat 12:00 – 13:00 töwerekleri;
6. Öýle – Günüň günortadan agan wagty, takmynan sagat 14:00 – 14:30 töwerekleri;
7. Peýşin – Öýleden ikindä (gijara) çenli aralyk, takmynan sagat 15:00 – 18:00 töwerekleri;
8. Gijara (ikindi, agşamara, iňrik) – Günüň ýaşyp barýan wagty;
9. Agşam (gije) – Günüň ýaşan wagty;
10. Ýassy – Gün ýaşandan soň ep-esli wagt geçenden soňky wagt we gündelik parz bolan bäş wagt namazyň soňkusynyň okalýan wagty, takmynan sagat 22:00 töwerekleri;
11. Giç agşam – Agşam sagat 22:00-dan ýarygijä çenli wagt;
12. Ýarygije – Takmynan sagat 24:00 töwerekleri;
13. Il ýatyp, it uklanda – Takmynan sagat 03:00 – 04:00 töwerekleri.

Beýleki ölçeg birlikleri:

1. Onbirçille – tara daragynyň sykdygyny, inini we dokalan matanyň inini aňladýan ölçeg birligi;
2. Ýediçille – tara dokalanda matanyň inini aňladýan ölçeg birligi;
3. Wezn – bir goşgy setirindäki bogunlaryň ölçeg birligi;
4. Aruz (arassa) – bir goşgy setirindäki bogunlaryň ölçegi (on bir bogunlyk setir);
5. Ülňi – Geýim, aýakgap biçilende ulanylýan ölçeg nusgasy.
Категория: Türkmen dili | Просмотров: 98 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 14
0
14 Gurgencli   [Материал]
Biziň sözlükleriň kemçiligi sözüň haýsy dilden biziň dilimize geçenini ýazanoklar.
Ýene bir belligim "Tümen" on müň sanam aňladýar, mes: «Bir tümen goşun". Diýýän sözüligiňden gözledip göräý belki çykar.

0
9 Gurgencli   [Материал]
Dirhem
1. Arapça İsim Eskidil
Okkanın 400'de 1'ine eşit olan, 3,148 gramlık eski bir ağırlık ölçüsü; İstanbul için bir dirhem 3,207 gr olarak tespit edilmiştir

2. Arapça
Bir tür gümüş para

0
10 Bagabat   [Материал]
Alnan çeşmesi: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. I tom. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016. 283-nji sahypasy. Dirhem.

0
8 Gurgencli   [Материал]
Ýalňyşan ekenim, arap ölçeg birligi eken.
fersah
1. Arapça İsim
Yaklaşık beş kilometrelik bir uzaklık ölçüsü.
TDK GÜNCEL TŪRKÇE SÖZLÜK

0
11 Bagabat   [Материал]
Alnan çeşmesi: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. II tom. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016. 208-nji sahypasy. Parsah.

0
7 Gurgencli   [Материал]
Farsah pars ölçeg birligi diýip bilýädim menä

0
12 Bagabat   [Материал]
Kilometr, metr, santimetr, desimetr, millimetr, nanometr we ş.m. fransuz alymlarynyň tapan we dolanyşyga girizen ölçegleri. Şonuň ýaly-da Joul, Om, Watt, Wolt, Amper, Gers we ş.m. şol ölçegleriň özeninde durýan tebigatyň kanunlaryny açan we dolanyşyga girizen alymlaryň atlaryndan gelip çykýar. Şol ölçegleriň hemmesem häzirki döwürde gündelik durmuşda ulanylýar.

0
13 Bagabat   [Материал]
"Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi" atly akademiki neşir "parsah" we "dirhem" ölçeglerini türkmen sözleri hem-de ölçeg birlikleri hökmünde kesgitleýär. Onsoň:
Gök Taňry bizlik olsa,
Kim çykar bize garşy?! cool

0
5 Dunyagozel   [Материал]
Nuryşka-na tanamok, onda-da biggrin

0
6 Bagabat   [Материал]
Aý onyny, özlemmiz ýaly dinozawrlardyr-mamontlary awlap, maşgalasyny eklänler tanaýmasa, soňky ösdürimler üçin, olam edil 10-njy asyrda Merw iline meşhur bolan meddah Azade-Serw goja ýaly, taryhyň jümmüşinde galanyň biridir-dä... biggrin

0
3 Bagabat   [Материал]
Nuryşka bir gezek degişýär: "Arada bir toýda meni biri gaty öwdi. "Megerem, Mary oblastynda bir minara bar bolsa, şol minara-da Nurydyr!" diýdi welin, aňyrda elli gram ýelmäp oturanlaryň biri gygyrdy: "Getir şo minaraňy! Makuşkasyny kül edip bereýin!"." biggrin

0
2 Dunyagozel   [Материал]
Goýara zat galmandyr smile
eliňiz-gözüňiz dert görmesin hemmejesini hatarlapsyňyz smile

0
4 Bagabat   [Материал]
Saw bo! biggrin

0
1 Bagabat   [Материал]
Başga-da türkmen ölçeg birlikleri barada kim näme bilýän bolsa, ýerli-ýerden goşuberseler, "Dama-dama köl bolar"-dy, özüý-ä cool

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: