02:03
Sensiñ...

SENSIÑ...

Zarlama Diýardan durnalar gõçse,
Durnalar derwüşdir dolanmasy bar.
Aglasañ guşganat günlere agla,
Sebäp olar gitmiş dolanmaza ýar.

Oglan başym bibaş yşka ulaşyp,
Agladan günlerim maña dowzahdyr.
Başarsañ bagyşla bagyra dözüp,
Hernä günä geçmek ýene gowrakdyr.

Müñ gözele müñ bir gezek owsunyp,
Barlykda bir seni sõýenim aýan.
Baýdak başym deñ duş içre parladan
Kõşek gõzleriñe dõneýin, maýam!

Salyp saýyl başyn set müñ hyýala,
Diýme: "Kyrkdan soñam toba geleñok"
Seniñ söýgiñ içre bir açyş etdim,
Zanny şahyr kişi söýmän bilenok.

Öz-özüni aldap bilen kişi ýok,
Bir tañla söz aýtsam, bagrymy dilsin.
Şu çal başy bagra basan günüñden
Bäri şu barlykda harlanan dälsiñ.

Şygyrlarymy okap o:tlara düşüp,
Elewreme galyp barýan dek mensiz.
Söýgi hakda ýazan her bir setirim,
Her bir tersoturym, nokadym sensiñ.

* * *

Bu aýlawly dünýaniñ aýlanyp sag-solundan,
Çekip alan tapmadym gol uzadyp golumdan,
Derýaýy Nil bilenim telper eken olumdan,
Bihabardym şol zaman halsyz galan halymdan
Hatdat bolup bu yşkym aýana beren sen-sen.

Dag daga urup başyn, darkaş gurup sil bile,
Ýaza gurban ýaýlalar õwrülende gülgüne,
Haka aýdyp berjegim aýdyp bilmän dil bile,
Öz yşkymdan heserläp, dönen çagym bilbile,
Kalbymyñ owazasyn çar ýana beren sen-sen.

Bir diwana-telbedim, däldim ten içre bidert,
Alajy bialaja ýol bermez dagda derbent,
Şähri-Bossan gerekmez, bes tapsam çola bir kent,
Başym alyp gider men, arkamda çagy gülbent,
Akyldan gõçen huşum äşýana beren sen-sen.

Nar agajy dilimge bolup bilmedi dilmaç,
Orta ýolda eglendim, galdymki gõýä gallaç,
Baksam yşkym çuñlugy bary-ýogy bir gulaç,
Arzymny öz õzümge aýdyp berdim bialaç,
Didäge dolan keştim seýrana beren sen-sen.

Bir õzümden õzümge gaýry sa:ýyp ýok meniñ,
Şygyrkent bossanymda maýyl talyp ýok meniñ
Läleýi-reýhan içre, arman zary:p ýok meniñ
Neçüýn jan ten içinde, añýan a:ryp ýok meniñ,
Haýyr bilip tutanym, zyýana beren sen-sen.

Asman-Zemin arasy, Arşy-älem dar maña,
Sen bolmasañ, bu jahan meñzär gury manzara,
Bir darbaz-bazygär men, ger dönmänkäm bizara,
Eçil ylham-genjiñi, gaýra goýman, tizara,
Bolma kalbym senasyn pynhana beren sen-sen.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 418 | Добавил: НаS | Теги: Hojaberdi Baýramow | Рейтинг: 4.6/5
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: