23:17
Ýeñiş güni / hekaýa
ÝEŇIŞ GÜNI

Az-kem gussaly, ýöne diýseň buýsançly bolan bu baýramçylyk maňa üýtgeşik täsir edýär. Bu birhili, hut biziň maşgalamyza degişli ýaly, meniň hut öz dahylym bar ýaly. Şeýle günde daýym myhman gelip, bizi iki paý begendirdi. Dogrusy, biz beýle şatlygy götererden ejizräk bolýas öýdýän, ony paýlaşara ýoldaş küýseýäris, şeýle ýagdaýda tolgunyp, özümizi ýitiräýýäs. Diňe ejizläniňde däl, bagtly pursatlaryňda-da adama arka gerek. Aslynda şundan uly myhmanymyz bolmasa-da, edýän hormatymyz hiç neneň bolýar galaýýar. Nähilem bolsa, ejem öýümiziň şagalaňy artygrak bolsun diýip, meni Bazar agalara iberdi.
– Bar, guzym, Bazar aga häzirjek gelsin. «Daýym geldi» diý. Ýüzugruňa magazine-de sowul diýip, maňa bäşligi uzatdy.
Men näme almalydygyny duýsamam, anyklamak isledim.
– Arak al. Galanyna-da duzlanan hyýar ýa pomidor, bolýamy...
– Meniň üçin-ä azara galmaň – diýip, daýym ýeke elini daldaladyp, garşy durdy.
Men magazine eňdim. Gaýdyşyn Bazar agalara barsam, ol mallaryna seredip ýör ekeni.
– Hä, garagol, o çonagyň özüni bärik alyp gaýtsaň bolmadymy?
Daýymyň çep eli urşuň soňky günlerinde ýaralanypdyr. Wagt geçmegi bilen, ýarasy azyp, onsoň tirseginden kesmeli bolupdyrlar. Şonuň üçinem, Bazar aga oňa «çonak» diýip, gaty gödek daraşýardy.
Ýaşuly ýene mylaýymlyk bilen degşip başlady:
– «Ejem palawy demine goýdy» diýdiňmi? Onda tizräk baraly, palaw köp dursa, ýumşak bor. Ol torbaňdaky näme? Haý, zaluwat, baýramçylykda jalaýlyk etjeg-ow. Ýöne myhmanlary bir serhoş edip ýykaýma...
Bazar aga köp garaşdyrman, ýola düşdi.
Iki frontçy gadyrly görüşdi. Olar saglyk-esenlik soraşýarka, ejem meni goňşymyz Garaja agalara iberdi. Öýüňe myhman gelse, goňşyňa aýtman goýup bolmaz. Onsoňam, Garaja aga gürrüňçil adam. Ondan-mundan gürrüň açyp, myhmanyň içini gysdyrmaýar.
Garaja aga sekiniň bir burçunda çöküp, sag aýagyny kese taşlady. Onuň sag aýagy eplenmeýärdi. Şonuň üçinem iki-üç adamlyk ýeri bir özi eýeleýärdi.
Gün tumşugyny ýere berende, biziň saçagymyzyň başynda üç frontçy tegelendi. Uly mejimede. Towukly palaw orta alyndy. Ýaş sogan, birazajyk ajy rediska, meniň getiren duzly hyýarym, ýanynyň arassa ýuwlan üç käsesi bilen bir çüýşe aragyň daşyna jemlendi. Nahar ortada bugaryp duransoň frontçularyň gürrüňi kiparlady.
– Nahary sowatmalyň. Başla, Bazar!..
– «Myhman ataňdan uly» diýipdirler, sendendir, Kömek,
– Hany alyň onda... Bu çüýşänem ýegenler göwün edip alypdyrlar, biriň bölüşdirip goýber.
– Özüň böl, çonak. Beýle günlerde ol elden arak içmegiň lezzeti aýrydyr. Baýramçylykda ile hyzmat etmejek bolsa, onyňam kesip zyňaýmaly eken.
– Wah, hawa-la, Bazar jan – diýip, Garaja aga-da iki dostuň gürrüňine goşuldy.
– Hany onda, ýeke eliňden şatlyk paýla bakaly. Haý, garagol, käseler näme üç-haw? Hany özüňe?
– Bulara bermäli, Bazar. Entek ýaş bolýa bular, ine, soňrak welin agzyndan içerler – diýip, Garaja aga bize arka durdy.
– Hany onda, hemişe baýramçylyk bolsun, dynçlyk bolsun! Bu çagalar biziň gören görgülerimizi görmesinler. Ýurt abadançylygy üçin.
Ilkinji käseden soň, iýgi-içgi birneme haýallady. Biziň çaklaýşymyz ýaly, Garaja aga ümsümlige maý bermedi.
– Baý, şu Kuly neresse jalaýdy-how – diýip, gürrüňi kakam pakyrdan başlady. – Neresse «pason» lakamyny telpeginiň şahynda götärdi. Şu toçn-a bilemok weli, şäherde bularyň birki sany sary gulpaklyja garagözelek doganjyklaram barmyka diýýän.
– Garaja, anyk bilmeýän zadyňy aýtmazlar.
– Wah, häzir neressäň özi bolsa, boýnuna goýardym-la. Ömri gysga ekeni-dä neressäň. Howa bulaşyberse, neressäň ugry bolmazdy. Çep döşüne ýapyşybirdi. Ýigit weli özüni aýamazdy-da. Bu gününi tapsa, ertirini gaýgyrmaz. Haý, bi nägehan uruş köp-köp ýigitleriň ömrüni kül etdi-dä. Ine, indi niçe ýyldyr, bu urşuň salan ýarasynyň agzy bitenok.
Daýym Garaja aganyň sözüni alyp göterdi.
– Dyzyňdan aşagyň jork batganyň içindedir, şahadan-şaha aslyşyp, ýoldaşyňy söýgetläp barýansyň. Näçe günüň ukysyzlygy... Şo pille iň uly islegiň bir ýylyjak ýerde ýarym sagatjyk rahat irkilmek.
– Wah, näsini aýdýan, Kömek. Dünýäde rahatlykdan uly bagt bardyr öýdeňok.
– Parahat gün şu iýip oturan duz-tagamyndanam süýji zat.
Ýogsa näme. O mahal, ilki, nan tapaňok, tapsaň ony beýläňe geçirere wagt.
Daýym häliden sesini çykarman oturan Bazar aga tarap öwrüldi.
– Ýadyňdadyr, Bazar, 42-de bileje ugrapdyk. Fronta giremizsoň, bu kyrk ikinji gutarmady, gutarmady. Her gün bir ýyla döndi. Onsoň kyrk üçünji başlandy.
– Wah, şony diýsene, Kömek jaň, indi şondan bäri tegelek otuz ýyl agypdyr. Edil süýji düýş ýaly-da. Bu parahat günleriň tiz geçişini görsene. O günleriň geçdigi bolsun. Ýatlamalyň şony. Kömek, sen şo galakjanam bölüp goýber. Şu oglanlaryň saglygyna. Aý, bular, tüweleme, Kulynyň gara janydyr-la. Ömürleri uzak bolsun, aý, gaty akyllydyrlar-a bular. Haý, maňa azrak!.. Hany onda.
Bazar aga aragyny ýuwdansoň, birsellem agzyny tutun oturdy-da, ýuwaşja ardynjyrady.
– Ol içigary ýatlamasaňam bolanok. Ýogsa bizem şony magtanmak üçin-ä agzamzok.
– Özümiz-ä urşa ilki baranymyzda, doňuz etinem dagy dandan borduk. Biz-ä gaýdýançak, kän horlanmadyk. Aý, şo ýerde-de başyny çaraýan goç ýigitler köp-le – diýip, Garaja aga öň bize telim gezek aýdyp beren gürrüňine geçdi. – Bizde bir oglan bardy weli, tüýs bir aldajydy-da. Ogurlyk ederdi, her iş ederdi weli, aç galmazdy. Aý, şo-how yzyna birki gezek posylka dagam iberäýdi öýdýän.
Bazar aga birhili ýigreniji äheň bilen gepledi:
– Biz olar ýalyny çykaryp it atan ýaly atýardyk.
Garaja aga ýan bermedi.
– Bizde-de birini şeýtdiler. Ol gorkaklyk edip, öz elinden özi atypdyr.
Bazar aga ýene gaharly gürledi:
– Biz öz aýagyny döwenem çykaryp, it atan ýaly atýardyk. Dünýäde gara nebsi bilen, gara başynyň amanlygyny diläp gezýän adam ýaly, ýigrenji adam
bolmaz.
Garaja aga ýoldaşynyň gaharyny syndyrjak bolýan ýaly, ony ugrunarak sürdi.
– Hawa, nebis diýilýäni bir ýüwrük zatmyş. Onuň hemişe özünden yzda ýöretmelimiş. Ol bir öňe geçse, gaýdyp ýetdirmezmiş.
– Ony ýetjegem bolanoklar, Garaja. Hol gaýraky ak baýdakla barýança, şol kowalap gidip otyrlar.
– Hawa-da, ilçilik-dä, her hilisi bar...
Olar göýä diýersiň, şol içen araklaryna serhoş bolup, indem agyzlaryňy alardyp barýan ýalydylar. Daýym bir çäýnek ajy çaý sorady.
Garaja aga gobsundy.
– Ol ýerinden turup ýörände, Bazar aganyň gyjydyna çydamaýan ýaly, eplenmeýän aýagy inçeden janagyryly jygyldaýardy.
Garaja aga aýak ýolundan gaýdyp gelýänçä, geplän bolmady. Elbetde, biz Garaja aganyň ol ogry hakdaky gürrüňini telim gezek eşidipdik. Olaryň ýerzemin,
berkitme guruşlary hakda-da, çöregi nähili bölüşip iýişleri hakda-da eşidipdik. Ýöne ol hiç mahal urşuň nemesli ýerinden gürrüň bermezdi. Atyşykly-çapyşykly ýerine ýetmezdi-de, elmydama gyrak-bujagyna degerdi. Iliň aýtmagyna görä, ol tylda – yzda gulluk edipdir. Onuň aýagam nemesiň okundan däl-de, furgonyň tigiriniň aşagynda galyp döwlüpmiş diýýärler. Özi-hä meniň aýagymy snarýadyň bölegi alyp gitdi diýýär. Bolsa-da, aýagynyň döwükligi hak. Şo ýerde döwdürenligem hak. Diňe şunuň özi-de oňa uly hormat goýmana meni borçly edýärdi. Bazar aga bolsa, on iki synasy sag halyna, ondan nadyl. «Muny gürledip otursaň, etmedik işi ýok, çypdyrýa-da» diýip, Bazar aga bir gezek kakamyň ýanynda ýaňzydypdy. Kim bilýär?! Belki, Bazar aga onuň myçýanyny halaýan däldir ýa-da ol, dogrudanam, başga bir zady güman edýändir. Garaz, sözi-hä alyşmaýar.
Ol gelip, ýassyga ýaplanansoňam, ümsümlik uzaga çekdi. Dik depä galan aý töweregi kagyzyň ýüzi ýaly agardypdy. Asman asudady. Aý ýere ak rahatlyk sepelerdi. Mylaýym salkyn şemal ot-çöpleriň, bir ýerde porsaýan igde gülüniň ysyny getirýärdi.. Oba içinden ne it-pişigiň, ne maşynyň güwwüldisi eşidilýärdi. bütin oba şu ümsümlige maýyl bolup, ümsüm oturan ilydy. Ine, şol ümsümlikde-de şäher tarapdan bir gyzyl zat lowurdap asmana atyldy. Onsoň ýaşyl, ak, gyrmyzy reňkler asmana göterildi. Ýeňşiň dabarasyna salýut berilýärdi. Obanyň jümmüşinden inçejik çaga sesleri «Ur-ra!» diýip, ýaňlanyp başlady.
Sesler kiparlady, daýym käsesindäki sowuk çaýy owurtlady-da, ardynjyrady.
– Günbatar Ukrainanyň bir obasyny azat edipdik. – Gürrüňiň gyzyklysyny daýym başlasa gerek. – Ol bize arzan düşmedi. Goh apyla-sapyla sowlansoň, biziň bölümimizi yza çekdiler-de, gysga möhletlik dynç berdiler. Sebäbi bölümiň üstüni täzeden doldurmalydy. Eli boş oglanlar oňa-muňa güýmenýärdiler. Biri öýüne hat ýazsa, biri sakgalyny syrýardy, biri şiginiň ýyrtylan ýerini ýamaşdyrýardy. Şol wagt oglanlaryň biri geldi-de:
– Baryp görerin diýseňiz, göçme haýwanat sirki gelipdir – diýdi.
– Belki, biziň ilden gelen haýwanam bardyr, gel göreýin-le diýdim. Oglanlaryňam şeýle pikir edenleri bolandyr-da, gidip görermen köpeldi.
Bir çal tilki bar eken. Kapasanyň içinde-de sapalak atjak bolup, iki ýana zybyrt berýär ýeser. Ynha-da bir çal eşek dur, gulaklaryny sallap. Ol mölerilip ýüzüme seretdi weli, hynçgyryp aňňyryberermikä diýdim. Ýüregim dilnip gitdi. Öý-içerimiz, hojalygyň iş-aladasy ýadyma düşdi. Göýä ol meniň yzymdan meni gyssamaga gelen ýaly. «Kömek, urşy tizräk gutar-da yzyňa dolan. O taýda oba tozdy, hojalyk dagap, iş köpeldi» diýýän ýalydy. Görgülä nebsim agyraýdy! Biz oňa eşek diýýäs weli, hojalygyň iň agyr keşigini egninde çekýän şol ahyryn. Tolgunanymy duýman galdym, bokurdagym dolup gitdi, onuň ýanyndan daşlaşdym.
Kapasalaryň daşy ala gowurdy. Her kim gaýgy-aladasyny unutjak, az salymlygam bolsa şatlanjak, oňa-muňa güýmenjek.
Kapasalaryň birinde gazak sährasyndan alnyp gaýdylan iki örküçli kiçijik maýa bar eken. Iki sany garry aýal ellerini agzyna tutup; «Waý-eý, bu nähili jandar-a!..» diýip, oňa geň galyp seredýärdiler. Esgerleriň biri buýsanç bilen başyny atdy-da:
– Görýäňizmi, garrylar, biz bu jandarlaram faşizmden halas etdik – diýdi.
– Nemeslerdenmi?! – diýip, olar gözlerini tegelediler.
– Ýogsa näme, olaryň elinde şu haýwanlara-da azatlyk ýok.
Olar esgeriň degişmesine çynlakaý düşündiler.
– Eý-how, janawar... – diýip, olaryň biri gözüni sykyp başlady. – Sered-ä o nejisleriň bu görgülini edäýenlerini. Wah, wah-eý! Görgülijigiň boýnuny bükreldip, ernini sallap durşuny. Boýny nädip beýle bolaýdyka?
– Wah, nejisler oňa özleriniň ýurt ýykan toplaryny süýredendirler, furgona goşandyrlar.
– Wah, onuň gerşini görsene, dogan... Wah, küýki görgülijik. O ýezitler muny küýkerdeni bilenem çäklenmän, arkasyna ok-däri basyp, onuň küýküsinem iki bölüp goýaýypdyrlar-a.
– Sen aýtma, jora jan, bu janawar ýöräp-ýöräp toýnakdan aýrylypdyr, aýagynyň ýasyja daban bolup durşuna seret.
– Wah, men aýtdym-a bu nejisleriň jebrine item çydamaz diýip. Gör, dil-agyzsyz jandary nädäýipdirler ahyryn. Wah, wah-eý!..
Garrylar biri-birine tutunyp aglaşýardylar. Geň galmaly, düýe-de olaryň diýýänine düşünýän ýaly, ýüzüni sallap durdy. Bularyň bolşuna esgerleriň biri ýylgyrsa, beýlekisi gynanýardy...
Bu gürrüňe jigim bilen Garaja aga hezil edindiler. Men bolsa munuň çyny bilen ýalanynyň arasyny tapawutlandyryp bilmedim. Bazar aga, hamana, hiç zat eşitmedik ýalydy, ýüzüni sallap otyrdy.
– Soň-soň göreş birneme ýeňledi. Siliň güýji ýaly, biz nemesleri sürüp baryberdik. Ýeňiş gününde biz Berliniň 100 kilometr golaýyndadyk. Sen-ä irräk gaýtdyň öýdýän, Bazar.
– Ýok, menem soňky güne çenli gitdim. Haý, şol gün diýsene!..
Indi Garaja aga gürrüňden çykypdy. Şol Ýeňişde meniňem paýym bolmalydyr diýýän ýaly, ol käte bir ardynjyrap, göwünli-göwünsiz çaý owurtlap otyrdy.
– Sen Berliniň özüne baryp gördüňmi? Men Reýhstaga adymam ýazypdym. Ýöne serhoşdym, niresine ýazanymy, nädip ýazanymy bilemok. Şunça ýatlajak bolýan, heý kellä gelenok. Bir rus kapitanymyz bardy, ýigidiň gülüdi-dä görgüli. Şonuň bilen... Özi alyp gitdi-de...
– Wah, ol günmi?! Biz Günortadadyk, Ýugoslawiýanyň içinde. Indi birneme açylyşyp başlan Bazar aga ýeke dyza galyp, hyjuw bilen gürläp ugrady. – Şo ýylam şu ýylky ýaly, üýtgeşik gowy bolupdy. O ýerleriň gözelligi synlap doýardan galady. Meýdanlar giden gülzarlyk. Egri dyza ýetip, parç urup oturan otluk... Dünýä nähili gözelem bolsa, töweregiň uruş howasyndan dem alýardy. Nähilidir bir uly agraslyk duýulýardy. Daglaryň arasy bilen gidip otyrys, gidip otyrys. – Bize garşylyk berýänem ýok, öňümizden çykýanam. Şeýle bir ümsümlik, şeýle bir susluk, ýürege-bagra düşüp gelýär. Esgerler biri-birinden çilim ýa ot sorasalaram, mölerilip ýüzüňe bakýa weli, sen onuň näme diýjegini aňyp dursuň. Ümsümlikden ölüm ysy gelýärdi. Indi biz ölümdenem gorkamzokdyk, ýöne iripdik, halys iripdik. Birdenkä biri «Ha!..» etdi-de, çirkin gygyrdy. «Ýok, ýok!» diýip, öňe atylyp çykdy. Elindäki awtomatyňy göge tutup, bir zarba-da ony boşatdy. Biz bu garaşylmaz ýagdaýa doňup galdyk.
– Ýok, ýok! Ýagtyl! Ýagtyl, dünýä, ýagtyl!
Ol şeý diýdi-de, öňe ylgady. Barşyna-da gaýadan dik aşak gaýtdy...
Bazar aga sowukdan dem aldy. Onuň iki egni silkinip başlady. Ol aglaýardy. Birsellem dymyp oturyp, gözüniň ýaşyny süpürdi.
– Uruş... özüniň soňky pidasyny däliredip äkitdi... Hiç kimiň aýagy ädilenokdy. Hiç kimden ses çykanokdy. Birsellemden «öňe» diýlen buýruk boldy. Ýöräp ugradyk. Öňküdenem beter susluk aralaşdy. Ýöne biz uzak gitmedik. Samolýotyň sesi geldi. Gyra çekilip gorandyk. Samolýotlar... pessaýlap gelşine, bizi gyratlap... – Bazar aga sakyna-sakyna gürleýärdi. – Ol, şol, häki... – Ýaşulynyň bokurdagy dolansoň, tolgunyp gürläp bilmedi. – Ol... sa... molýo...
Ol ýene aglap başlady. Onuň içikmesi horkulda ýazdy. Maýyň parahat baýramçylyk agşamyny agy sesi bozup başlady. Bu degişgen mylaýym adamda beýle häsiýet bardyr öýdüp, men hyýalyma getirmeýärdim. Ýa serhoş bolaýdymyka? Gürlese-hä adam ýaly. Onuň agysy biziň üçin gaty gelşiksizdi. Onuň sesine goňşy-golamlap üýşüşip geläýermikä diýip, gara janym galmady. Daýym bolsa:
– Bazar, goýsana!.. Hany köşeş, al, çaý owurtla – diýip, ony çalaja silterleýärdi.
Ol saňňyldap, çaý içip bilmeýärdi. Bara-beter aglaýardy. Sesi düýe bozlan ýalydy. Bir görseň onuň agysy jynssyz gülkä-de meňzeşdi. Dünýäde erkek adamyň agysy ýaly erbet ses bolmasa gerek.
Onuň ýüreginiň doňy çözülip, gözünden bulak bolup paýrap başlady. Ýüregini egisýänçä, biz ony köşeşdirip bilmedik. Eginlerini silkip, ýüreginiň bar yzasyny dökensoň, ol turarman boldy. Men onuň köwşüni aýagyna berip, goltuklap ýola saldym: Bazar aga ýüzüni aşak salyp, maňa ýaplanyp barşyna, käte-käte içigýärdi. Biziň barşymyz örän gelşiksizdi. Men uwnup-utanyp, ýere girip bilmeýärdim. Hernä bizi gören adam bolmady. Tutaklaşyp Bazar agalara ýetdik. Ol işiginiň söýesine ýaplanyp durşuna, özüni birneme dürsedi, tijenip, başyny galdyrdy.
– Ol... şo samolýot... Ýeňiş habaryny getiren ekeni...
Adamlar şol gün üçin entegem göreşýärler.

Нudaýberdi НALLYÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Нudaýberdi Нallyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: