22:54
Parahat günleriñ birinde / hekaýa
PARAHAT GÜNLERIŇ BIRINDE

Mehanizmleşdirilen göçme kolonna dag eteginde, täze gazylyp ýörlen kanalyň ýakasynda üç-dört agaç tamy, dört-bäş döwük maşyny bileň çugutdyryp otyrdy. Olaryň durmuşy parahatdy, hünji düzümi ýaly, güni gününe meňzeş, bir-birine tirkelgi geçip barýardy. Kolonnanyň ady göçme bolsa-da, edýän işleri, tutumy düýplüdi, müdimilikdi. Olar şu belent daglardan şaglap injek silleriň öňüne ötük gurýardylar. Ol ötüklerden bu sähranyň iňňän gysga, ýöne jomart baharynyň däli sili telkawsyz geçip gitmelidi.
Iş kadaly, bolmalysy ýaly barýardy. Bende garylan sementi çekýän birlän-ikilän maşyn, bir traktor bolaýmasa, tehnikanyň galany işdedi. Iňe, şol remontçylardanam oslanmadyk gep çykdy.
Maksat adamlardan gaçdygyça, hemmeleriň ony göresi geldi. Hiç zat diýmän, hol beýleden geçip barýanam, baş atyp salamlaşanda, oňa göýä şübheli, köpmanyly ýylgyrýan ýalydy. Boljak iş bolansoň, Oragyňam lopbuş ýüzüni sallap, sada gözlerini mölerdip, boýnuny burup durşuny «Garyndaş, bolan zat dogry ahyry!..» «Ýeri, dogram ekeni-dä, ýöne sen dogry zat bilen ili ynandyr-da ynandyryp bilseň...»
Adamlar üýşüp-üýşüp Maksat bilen Oragyň gürrüňini edýärdiler, baş ýaýkap, geňirgenişýärdiler, gülüşýänlerem bardy. Käbiri bolsa... Maksada öýkünip... Aý, garaz, ilçilik diýäýmeseň!..
Bu bir taň zat bolaýdy. Toparyň ýaşulusy Kerwen aganyň: «Bolup biler, bolup biler, oglanlar, hol pylan wagtam pylan bolupdy» diýip, öten-geçenden tymsal getirmesine garamazdan, her kim muny bir gülkünç zadyň ýorgudy hökmünde Oragyň daşyna üýşýärdiler, gaýtadan diňläp görýärdiler.
Oragam ýadaman-ýaltanman her gezek başdan başlaýardy. Gürrüňiň ilki başyny her kim agzyny öweldip diňlese-de, soňuňa, aýny haý-haýly ýerine gelende, her kim ajymtyk ýylgyryp, beýlesine bakyberýärdi.
Soň-a adamlar hasam öjügip, Maksadyň gapysyny kakmakdanam gaýtmadylar. Ilki onuň ýanyna baran sport seksiýasynyň başlygy Arslan boldy. Ol gürrüňi Maksadyň çakynyň has daşragyndan öwürdi.
– Garagum kanaly ady äleme dolan meşhur gurluşyk. Munuň gurluşy, işçileriniň durmuşy bilen hatda Birleşen Ştatlaryň žurnalistlerem gyzyklanýar. Görýäň-ä, günde bolmasa-da, günaşa biri gelip dur. Bu ýerde, elbetde, artyk beton çekeniň ýa maşyny-ny bökdençsiz işledeniň hiç zat. Onuň bilen abraý alyp, köpçülikden saýlanmak kyn. Kanal olar ýalyny köp döretdi. Indi nähili düşündirjegimem bilemok weli, işiň beýleki tarapy bar. Meselem aýdaly – sport. «Garagum kanalynyň gurluşykçysy pylanyýyf bende beton guýmakdan daşary sport bilen türgenleşip, ine şeýle netije görkezdi...» Dur, meni bölme! Gep hökman rekordda däl, sen kim – ady äleme dolan gurluşygyň adamsy. Ine, şeýle uly desgadaň ösüp ýetişen işçi sportsmen. Adyň gazetden gazete geçer... Dur, dursana!.. Men çynym bilen aýdýan, sen maňa dogry düşün. Bizden öňem işlenendir, ýene işlener, ýek-tük bagty çüwen bolaýmasa, hol çykarylyp zyňlan gumlar ýaly, galanlaryň azaby gider şo gum bilen. Emma bir hokga tapyp, dile düşseň weli... Gidersiň! Ol seniň düňküre guýýan betonyňdan has berkräk abraýdyr, has üýtgeşik şöhratdyr. Iki günjük türgenleşseň. Aýyň aýagyna-da spartakiada... Ilki raýon, onsoň oblast gidibermeli-dä. Nähili, gepleşdikmi?
– Dil özüňkimi, Arslan?
Sport seksiýasynyň başlygy geň sowala näme diýerini bilmän ýuwudyndy.
– Özüňki bolsa, meniň üçin-ä onuň bilini agyrtma.
– Sen maňa düşünmediň, Maksat – diýip, Arslan gara çyny bilen janykdy. – Bu diňe seniň däl, kollektiwiň abraýy. Men başlyklaryň ählisi bilen gürleşeýin seniň üçin. Şu mümkinçiligi sypdyrsak... – «Öňem sport seksiýasynyň işi görnenok, sportsmen ýok diýip, bizi kötekleýärler» diýjek boldy-da, dilini dişläp, ýene Maksadyň uguny ýekelemäge girişdi. – Aýlygyň ýörär durar, işiň golaýyna barma. Iki günjük türgenleşsek. Ilki şu ýerde bir synanyp göreli. Belki, aldyraýady...
Beýlekileriň kinaýaly garaýyşlaryndan bez bolan Maksadyň gözleri Arslanyň ýalbaryjy gözgyny sypatyny däl-de, onuň aňyrsynda nähilidir möjekli, kinaýaly şübhäni gördi. Bolsa-da, olam sypaýylygy elden bermedi.
– Arslan, gel, ikimiz südenekleşip ýörmäli-le.
– Meň saňa ýagşylyk diýip...
– Maňa ýagşylygyň gerek däl.
Ýigitleriň ikisem birden gyzdy.
– Samsyk diýerler saňa. Gadyr bilmez.
– Göteril şu ýerden.
– Ha-haýt, pälwan!.. – Ol götinjekläp gapydan çykyp barýarka, Maksatdan uly bir garaw bolmajagyny aňyp, elini çarpyp güldi. – Ha... ha...ha!.. Dünýä rekordy! Eşidiň-how, jemagat, biziň kolonnamyzda görülmedik rekord dünýä indi. Ha...ha!.. Belki, ýene bir synanyşarsyň-a. Raýon kategoriýaly jemgyýetçilik sudýasy Arslan Eminow size şaýat bolar. Hökman kada boýunça däl, çala bir uçjagazyny görkezseňiz bes.
Men saňa başga zat görkezäýmäýin, Arslan.
– Sen, halypa, gaty gitme, sylaşygyňy bil. Ýogsa agzyňy gan ýalan ganjygyň agzyna döndärin. Oýnajak adamyňy daşdan gözle. Haý, bolduň meň başyma ärmämmet...
Arslan waňkyra-waňdyra gitdi. Başga bir wagt bolanda bu gepler üçin soňky demiňe çenli gemrişäýmeli welin, nähilidir Maksat özüni saklady.
Maksat birwagtlar Arslanyň çak edişi ýaly sportsmendi. Ýöne ştangist däldi-de, göreş tutýardy. Ýigit ýetdi, gulluga gidip geldi. Edil geläýen badyna-da öz obasynda toý boldy. Öň beýle bir bady alynmadyk oglan şol toýuň göreşinde özünden kiçi ýigitleriň birindeň bijaý ýykyldy. Gaharyna boldumy, özüne erk edip bilmedimi, soňky tutluşanyndanam ýykyldy. Şol toýdan soň ol göreş tutup bilmedi. Ýyksa-ha hiç neneň däl weli, ýykylaýsa gaty gahary gelýärdi, namys edip, özüne erk edip bilmän, ençe gün içini hümledip armanly gezýärdi. Bu bolgusyz gylyk ony göreşden daşlaşdyrdy. Hany-mydama ýeňişli göreş! Giçlik, aýak ýygnanansoň, onuň ýanyna Orak geldi. Edip ýören işine müýnürgeýän ýaly, Orak ýüzüni sallap durşuna, naýynjar dillendi.
– Garyndaş!..
– Näme?
– Men düýnki ýagdaýa hiç akyl ýetirip bilemok. Birhili oýnatgy bolup barýan men-ä. Öýde aýalyma aýtsam, olam ilki ynanmady. Jalbarymy çykaryp, okuň düşen ýerini görkezdim. Ýöne bu, dogrudanam, bolan zat ahyry.
– Ýeri, bolupdyr-bolupdyr. Beladan gutuldyň dälmi? Başga saňa näme gerek?!
– Menem şony aýdýan-da – diýip, ol Maksadyň janyýangynly gygyrmasyna üns bermän, parahat gürledi. Adamlar bolsa şoňa ynananoklar. Sen pälwan ahyryn, güýçli ahyryn, garyndaş. Gel, ýene bir synanyp görsene, ählisiniň gözüne görkez. Bolmasa, meni hiç ýöredenoklar.
– Aý, goýsana... Men ony göterjek bolup götermedim ahyryn.
– Garyndaş, ýene bir gaýrat et, meni ölümden gutaryşyň ýaly, şu gepdenem bir dyndar.
– Başartmaz.
– Başardar.
Ähli oglanlara «garyndaş» diýip ýüzlenýän bu ýeke ýigide ilem «garyndaş» diýýärdi. Onuň hemmeleri gowy görşi ýaly, onuň özünem erbet görüp baranokdylar.
Maksat bu sada ýigidiň özelenip, boýnuny burup durşuna dözmedi.
Oragyň sürýän maşyny. Öň tarapynyň bir tigri aýrylyp goýlan maşynyň okunyň aşagyna agaçdan berk direg goýlupdyr. Maksat bardy-da, maşynyň çykyp duran okundan iki eli bilen mäkäm tutup, ýokary göterjek boldy. Maşyn oňa özüniň iňňän agyrdygyny duýdurýan ýaly, düýnki gypjynan biliniň, awuşan aýasynyň yzasyny ýene täzeden duýdurdy. Duýduryş gazaplydy: düýnem ujyz sypdyň, indi golaýlaşsaň, ol damarlary ýolaryn diýýän ýalydy.
Maksadyň götinjekleýşini görüp, Oragam kömege geldi. Iki ýigidiň ýük awtomobiliniň bir tarapyny göterjek bolşy, üme düşmez çaganyň asla güýç ýeterden agyr zada topulyşyna meňzeýärdi. Ýöne düýn, düýn şony Maksadyň bir özi göteripdi. Nädip göterenini bilenok. Götereni weli hak.
Göçme kolonnada ýeňil remonta goýulýan maşynLary| açyk meýdanda, her kim amatlyrak saýan ýerinde sökäýýärdi. Şeýle bolansoň, şofýorlar gaty zerurlygy çykmasa, bar bolan tehnikadanam peýdalanyp barmaýardylar. Orak bir gidrawlik nasosa arkalanyp, uly maşynyň aşagynda moýmudaklap ýördi. «Beýtme, okuň aşagyndan berkräk agam ýa kerpiç goý» diýseler, «Aý, häzir dynýan, garyndaş. Az işi galdy munuň» diýip, başdansowma jogap berýärdi. Inženeriňem entek süýtde agzy bişmänsoň, howpsuzlyk tehnikasy diýlen zada ünsi gowşakdy. Ine şu garma-gürme işleriň arasynda maşynyň kem-käs ýerlerine hasyrdanyp ýören. Maksat bir çirkin ses eşitdi. Elbetde, beýle pursatda adamda haýsydyr bir duýgy takyk işleýändir-dä ol oýlanman diýen ýaly, iki bökende Oragyň maşynynyň ýanynda häzir boldy.
Gidrawlik-nasos kem-kemden gowşap, maşyn tigirsiz taýyna gaýdypdyr. Maşynyň aşagynda bir zatlary çoçgaşdyryp ýatan Oragyň syrtyndan ok düşüpdir.
Maksat maşynyň öň tarapyndan çykyp ýatan bir jübüt ýagly ädigi gördi-de, şeýle bir howlukdy welin, demi tutuldy. Häzir ýetişmese, şol ädikliniň gözünden uçjagyny duýdy. Diňe ýeke duýgy – oky götermek. Ol göz açyp ýumasy pursatda maşynyň okuna iki eli däl, bütin durky bilen ýapyşdy. Onuň bedeniniň her bir öýjügine çenli agyr ýüküň zarbyna tarsyldap, dartylyp gitdi. Şol wagtam Orak beýle çetden atylyp. çykdy. Maşyn duýdansyz ýagdaýda özüniň beýle hala salanyna gahar edýän ýaly, şol pursat gülçüldäp aşak oturdy.
Maksadyň bili göwresini tutmajak bolýardy. Bedeninde gaýnaýan gan pörsüldäp damary ýaraýyn diýýärdi. Ýüregi hassyldan, agzyndan çykyp barýardy. Eýlede-beýlede ygyşyp ýörenler gelende, Oragyň ýüzünde gan-pet ýokdy. Maňlaýyndan jan deri inýärdi. Maksat bolup geçenleri göz öňüne getirjek bolýardy. Ýöne göz öňi garaňkyrap, ümezläp durdy. Oragyň diriligine, onuň gapdalda. Ýüzüni agardyp, gara suw bolup oturyşyna haýran galýardy. Ýene öz-özüne dolanyp, ýüreginiň hassyldysyny peseltjek bolýardy. Emma ne suw sorap bilýärdi, ne gyraraga, şemala çekilip.
Ol näçeräk göterdikä? Bäş ýüzmi? Alty ýüzmi?... Ol näçe göterenini bilenok, nädip götereninem bilenok. Diňe ýeke zady bilýär, ol gyssaga düşüpdi. Erbet howlugypdy. Agyr ýüküň astynda adam jany galypdy.
Ana, bar bolan waka şol. Indi bolsa şol aňsyz edilen işi aňa ýerleşdirjek bolýardylar. Bu synanyşyk hem şol ýüki göterenden ýeňil däldi.
– Garyndaş, sen muny göterdiň ahyry. Göterdiň-ä düýn!..
Birden...Maksadyň gany depesine urdy.
– Samsyk! Düşünýäňmi... düýn!.. Bilýäňmi o pursat-how!.. Men... – ol «adam sypatynda-da däldim» diýjek boldumy ýa başga bir söz gözledimi, garaz, gyjyrdanyp, ýumruklaryny berk düwüp, edil gerek wagty gepläp bilmeýän dilini çykaryp zyňmak isleýän ýaly, kesä batly tüýkürinip goýberdi.
Kadadan çykgyç zat bilen il öwrenişýänçä, birneme wagt gerekdigine oglanlar düşünenokdy.

Нudaýberdi НАLLYÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Нudaýberdi Нallyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: