22:32
Ýoda / hekaýa
ÝODA

Göwnüniň töründe kiçijik bir ünjüsi bolsa-da, Serdaryň ökjesi ýerden ýeňil gopýardy. Öýleneninden bäri geçen üç aýyň içinde şu gün ilkinji gezek gelniniň ýanyna gijä galyp barşydy. Jeren! Eýjejik Jeren, çaga Jerenjik, eýýäm uka gidendir, myrlapjyk ýatandyr. Ýa ukusy tutman, Serdara göz dikip otyrmyka? Dogrudanam, onuň eglenenine gaharlanýarmyka? Belkem, oturylyşyg-a alyp gaýtmany üçin, Serdardan göwün edýändir?! Ýöne Serdar ony nähili ýanyna alsyn. Ol oturylyşyk däl-de, bir süri jalaýyň üýşmeleňi.
Süýji zadam adamy irizjek ekeni. Ol haçan çilimiň tüssesini alyp, başy humarlap, erkinlikde, ýekelikde, gapdaly Jerensiz gaýşarylyp duranda, bu zatlaryň hözirini duýdy. Ol özüni öňki erkin başyboşdakylygyndadyr öýtdi. Bir ýakymsyz zat, Arslanyň ýersiz ýere sokjarylmasy diýäýmeseň, oturylyşyk şagalaňly geçdi. Arslan agyz-burnuny towlap, Serdary öýdeçillikde, «heleýiniň» ýanyndan aýrylyp bilmezlikde aýyplady. Aram-aram görnüp durmagy, oglanlar bilen piwo içişmegi «maslahat berdi».
Ukynyň ümsümligine çümen jaýyň rahatlygyny pozar ýaly däldi. Diňe uklap ýatanlar-a däl, diwaryň keseklerem uka batyp, Serdaryň ellän zady tebil tapyp, tisginip barýardy, gapylar dünýäni zenzelä dolduryp, ýiti jygyldap açylýardy, ýuwaşlyk bilen üstünden basylýan pol agyryly dişine basylan ýaly, janagyryly jygyldaýardy.
Öz ýüreginiň dükgüldisine diň salyp, ýokarky gata öz ýatýan otagyna galan Serdar elektrik sakgal päkisini aldy-da, ýene aşak düşdi. Jereniň ýanyna sakgalyny syryp barmagy makul bildi.
Ol aşaky gata düşüp, päkisini işledip, ýüzüni ýylmap başlandan, kakasynyň hümürdisi eşidildi.
– Näme depämde şakyrdadýaň?...
– Tys... Daka, ýuwaş. Jereni turzaýma.
Aždar aganyň böwründen ary çakan ýaly, atylyp ýerinden galdy. Ol gaty-gaty ädimläp oglunyň ýanyna geldi-de, gollaryny salgap gygyryp başlady.
– Sen ogul bilen häziriň özünde bellisini ederin. Häziriň özünde!
Serdar sesini çykarman, sakgalyny syrmagyny dowam etdirdi. Aždar aga jaýyň penjirelerini açyşdyryp, iki ýana gezmeläp, ýangynly gygyrýardy.
– Nan ýagylar! Uklaň, ömrüňizi uklap geçiräýediňiz-dä hernä? Heleýiň ýanyny ýassanmakdan başga zady başaraňok. Iliň çagasynyň başarýanyny, ýokary okuwa-da girip bilmediň. Öýlendiň, ata sakgaly eňegiňe çykypdyr. Maşgala eklemeli, maşgala! Sendenem bir maşgala eklän bormy, bidöwlet! «Heleýim» turzaýma», «Heleýimi turzaýma». Siziň baryňyzy turuzmaly, mugthor mahluklar. Sen ýalykam, gözümi Belorussiýaň batgalygynda açypdym. Sen bolsaň, binamys...
– Kaka, kaka!..
– Tüket! Senden il bu gün haýyr görmese, haçan görsün?! Elliňde işlejekmi, altmyşyňdamy, haçan? Ertiriň özünde işe ugra. Köçe süpür weli işle. Bes, şu wagta çenli kakaňy saganyň. Saňa ýuwaşlyk bilen aýdyp düşündirip bolmajak eken. Eger işlemeseň... Anha, çar tarapyň açyk...
– Kaka, kaka! Gulluk...
– Bes. Ertiriň özünde iş tap, nireden tapsaňam. Bar, güm bol!
Gojanyň gany gyzanda, oňa dil düşündirip bolmaýandygyna gowy düşünýän Serdar öz otagyna sary ýokary galyp ugrady.
«Nätjek, goja. kişi-dä. Hatara goşulyp, gözüni frontda. açypdyr. Gan döküpdir. Indem sähel zada gakyny gyzdyryp, sandyraklap dur. Ýeri men işlänimde, işlemänimde iýere çörek tapylanokmy? Kim zar meniň gazanjyma? Ejemmi, jigilerimmi, Jerenmi? Ýene birki aý gaýrat etseler gidýän gulluga. Gelenimden soň başga gep».
Öz-özüni makullamak Serdaryň göwnüne birneme teselli berdi. Şol rahatlygam ony ynjaldyp, uka batyrdy. Ertir ol kakasynyň azymly sesine oýandy.
– Bar, Serdary turuz.
Beýle buýruk Serdara zerur däldi. Bu gün nähili-de bolsa bir işiň ugruna çykmak onuň küýündedi.
Jeren hem turupdy. Ol ýuwnup gelip, saçlaryny daraşdyryp, göz-gaşyna timar berýärdi. Per düşekler çalam-çaş bolup ýatyrdy. Gyzyl tutudan süzülip geçýän ýiti şöhle eýýäm içerini gyzdyryp başlapdy. Serdar süýnüp ýatan ýerinden bir aýlanagada Jereni gujaklap, mynçgap-mynçgap düşege basasy geldi. Ýöne kakasynyň ogluna bolan gahary oglunda-da kakasyna bolan kinäni oýardy. «Näme üçin beýidýärkä kakam? Öň beýle däldi-le. Ýa şol düýnki jigime azgyrylanym üçinmikä? Ol aglap ejeme aýdandyr, ejemem kakama. Olam beýtmeli däl ahyryn. Jereniň penýuaryny oýnamanda, başga oýunjak ýokmy? Heý içden geýilýän zadam bir poluň üstüne düşürmek bormy? Aý, bolýa-da... Biz sygmaýan bolsak...»
Ol hiç kime hiç zat diýmän, howludan çykyşyna ilki gelen trolleýbusa özüni atdy-da, şäheriň beýle çetine çykýança gitdi.
Işçileriň bu kärhanasynyň edara jaýy kiçem bolsa, içiniň gowury uludy. Hemmeler işli, aljyraňňydy. Hatda kabulhanada oturan sekretar aýal hem aldygyna eli-eline etişmän, düýe ýüňünden gursakça örýärdi. Serdar özüni gapynyň agzyndaky boş oturgyja goýberdi. Sebäbi açyk gapynyň aňyrsyndan ses eşidilýärdi, başlygyň ýany adamlydy.
– ...Ýok, bolmaz, Kerim, bolmaz! «Ite-de uýat ýagşy». Bir gezek aýdyldy, iki gezek aýdyldy. Komsomol ýygnagyna goýuldy. Bize ondan haýyr ýok. Bes indi.,..
Başga bir ýuwaş sse bolsa zarynlaýardy,
–Ýak, Senem frontdaş, şu oglanlara näbelet ýaly. Ýaş oglandyr-da. Bizem-ä şolara şeýle bol diýemzok. Asyl meniň bu zatlardan habarym ýok how. Ynanaý... Işe gaýdýan diýip, işine gelmän ýörse....
– Onsoň kim, günäkär? Menmi, kollektiwmi? Aslynda ol näme üçin kollektiwi äsgermeýär? Näme üçin ýaş gyzlara ýoknasyzyny atyp, göwün bulaýar? Düşün, bir şonuň üçin tutuş kollektiwi bulamak bolmaz ahyryn. Sylaşygam, düşünişmegem öz çägi bilen.
– Gel, oglanlara beýle daraşmaly-la, frontdaş. Şularyň ýaýnamagy, şularyň şadyýana gülküsi üçin ýer bagyrtlap, dört ýyly okopda geçiripdik ahyryn. Nätjek indi bu ýaşlary?! Biziňem kempir ikimiziň bar guwanjymyz şol. Onuň oglanlygy bilen deň bolma...
– Kerim, sen şolar ýaly wagtyňda Watanyň namysyny gorapdyň, elliňde-de sen Watanyň soldaty. Şu ýarty göwräňe eňegi sakgally, agzy emzikli ýigrimi ýaşan ogluňy ekleýäň. Şolaryň gülüp-ýaýnamagyny menem her kimçe isleýän. Gan dökemde-de uruşdan soň naçalnik bolaýyn, stol eýeläýin diýip dökmändim. Il-günüme, garry ene-atama, obama ýüzüm düşse, başga armanym ýokdy. Emma, goý ogullaram öz ganlarynda atalarynyň ar-namysyndan azda-kände ýokundy duýsun. Ýeri olaryň ýüküni bu gün sen göterişdiň, men göterişdim, ertir biz gidemizsoň nähili bor? Ol ýük hiç mahal ýeňlemeýär ahyryn, durmuşyň ýüki...
Serdaryň mundan aňry diňläre takaty ýetmedi. Göýä içerdäki gürrüň nätanyş biri hakda däl-de, özi barada barýan ýalydy.
Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden galyp, götinjekläp süzüberdi. «Ýok, beýle başlyk bilen oňşup bolmaz. Ol her ädimiňi sanaýan adam. Özem tüýs kakamyň pikirdeşi. Bar işlejegimem iki aý...»
Böwri ala-mula «Wolga» ony başga bir kärhananyň gapysynda düşürdi. Altyn dişlerini lowurdadyp, gözlerini oýnakladyp gürleýän taksiçi Serdary diýen ýerine getirse-de, o ýerde işe galmagy maslahat bermedi.
– Aý, gardaş, bu ýaşda bu ýerde işleseň, iki günde maýrylarsyň. Saglygyňy häzirden aýamak gerek. Tozan bilen tüsse öýkeniňi alar. Işlejegiň çynyň bolsa, seni konditer fabrigine taşlaýyn.
Serdar birbada ylalaşsa-da, ol ýerde etmeli işleri ýadyna düşende razylaşmady.
– Şol süýji-köke ýasaýanlar dälmi? Başga ýere sürsene, agam.
– Gözel göwnüň... Piwo zawodynyňam düşewündi erbet däldir.
Serdar taksiçi bilen zawodyň gapysynda hasaplaşsa-da, howlynyň içine girmedi. «Bu işi-hä kakam unamaz. Bu ýerden gazanyp eltenjäňi bokurdagynda tegek eder. Biziň goja oglunyň işçi bolany gerek». Kakasynyň meýlini hyýalynda dogry öwren Serdar köçäniň beýle ýüzüne geçip, başga bir taksini saklady.
– Öýe taşla, agam. Halys surnukdym.
Ol başyny götermän günortanlygyny edinýärkä, gelni bileň ejesi göýä wajyp bir işi bitirip gelen gahrymana hyzmat edýän ýaly, onuň daşynda perwaz urýardylar.
«Baryp giräýeýin diýseň, hany taýýar iş?» diýip, Serdar öz ýanyndan zeýrenip, häzir her niçik ýatasy gelse-de, özüne zor salyp, ýene ýola çykdy.
Bir ýany boşluga ýazyp gidýän şäher çetindäki kärhananyň kontorasy hem beýleki edaralaryňka meňzeşdi. Gapynyň agzynda eli dokumentli özi ýaly ýaş oglanyň duranyny görüp, Serdaryň ökjesi ýeňledi. Ol hem işe girjeklerden bolsa gerek.
Serdaryň çaky dogry çykdy. Ol oglan işe girmegiň düzgünlerini beletsiremek bilen öwredip, Serdara elindäki kagyzy görkezdi.
Ilki şuny doldurmaly.
– Meni işe bir alarlarmyka?
– Işçi bolup gelýäň dälmi?
– Alsalar-a işçi.
– Alypmy, gözüne sürtüp alarlar, işläp bilseň.
Başlyk «gel» diýýänçä ol oglan öňki işlän ýerleri, işden çykmasynyň sebäpleri, okuwa girjek bolşy hakda dünýäniň gürrüňini berdi. Serdar onuň gürrüňlerine beýle bir üns bermän, «işläp bilseň» diýşi barada oýlanýardy.
Saçy selçeň, tegelek ýüzli, dolmuş adam oglanlary kabul etdi.
Iş üçin gelen bolsaňyz, bize-de geregi siz ýaly ýigitler. Birki ýyl işläp beriň, gowy hakam töläris, okuwa girmäge naprawleniýe-de bereris. Şert dörederis, okarsyňyz hem işlärsiňiz. Bizde okap işleýän oglanlar köpdür. Sen, inim, arzajygyňy maňa galdyr-da, kadrlar bölüminden, ine onuňky ýaly listok al. Ertir irdenjik dolduryp geläý. Öýüňizdäkiler bilenem maslahatlaşarsyň. Bolmyýamy?..
Arzasyna gol çekilenini gören Serdar zöwwe ýerinden galdy.
– Inim, şol taýagy bärik alyp git. Aýaklar gurşaýypdyr öýdýän, ýerimden turuzmajak bolýar.
Serdar böwürde duran pişege elini ýetirende, ini jümşüldäp gitdi. Ol göýä agaç pişegi gymyldatman, ullakan dag daşyny süýşürýän ýaly, eda bilen ýaşulynyň «agaç aýagyny» eline tutdurdy. «Bu maýyplaryň köpdügini! Uruş düýn gutaran ýaly...»
– Sag bol, inim!
– Sag boluň!
Serdaryň kadrlar bölüminden alan gök kagyzy onuň uzynly gün selpeý-selpeý bitiren ilkinji işidi. Ol özüne ýüz berlen açyk gapa ýene gaňrylyp seretdi-de, kagyzy iki elinde ýazgyn tutup, ýola düşdi. Munuň ýüzüne Serdaryň iştimagy çykyşy, ady, käri ýazylar. Şeýdibem, bir ýaş işçiniň zähmet ýodasy başlanar.

Нudaýberdi НАLLYÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 34 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Нudaýberdi Нallyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: