22:19
Ulugyzlar - gowy gyzlar / hekaýa
ULUGYZLAR – GOWY GYZLAR

Şowhun gün bilen bile dogdy. Uly-kiçi bir üýtgeşik duýgyny – obada toý baryny ýatlap ördi.
Begenç ol ýere baranda, toýhananyň şowrukçysy oglanlaryň ýek-tük işlisi bolaýmasa, galanynyň başy jem ekeni. Indi tasanjyrap, geýnip bilenini geýnen ulygyzlar, ulumsy sülmüräp, ýaş gelinler, hol soňundan bolsa birini ýanyn alyp, beýlekisiniň ezeneginden tutup, üç-dördüsini yzyna tirkäp, çagaly aýallar gelip ugrar.
Begenjiň ejesem ir ertirden bäri toý aladasy bilendi. Näçe gezek bozup, ýene maňlaýyna süýşürip baş goýupdy, oturyp geýim çalşypdy, açyk ýakasyny eli bilen tutup, bir temençe ötürip görüpdi, bir gülýaka dakypdy. Şol aladalara hysyrdana-hysyrdana güni günortalap, baldyzyny yzyna salyp, ýaňy gelýär.
Aýjemaly görsene! Ol düýnki gowaça suw tutup ýören çit köýnekli gyza meňzeýärmi? Egnindäki lowurdawuk köýnek ony dolmuş görkezýärdi. Başyna atynan ýaglygy amanat dek, şahynda gyşaryp durdy. Beýle eşik güne garalyp ýören gyzyň tenine ýapyşmaýardy.
«Tyllanyň toýy!..» «Tylla jan!..» «Tylla jany göçürjekler...» «Bagty açyk bolsun-da hernä!..» Ejesi bu sözleri näçe gezek aýtdyka? Ol gyz diňe Begenjiň ejesiniň guwanjy däl, iliň guwanjydy. Gyzlaryň başydy. Obada bir gyzy öwseler, Tylla deňärdiler. Mylaýym, ýumşaksy ýylgyryp duran Tylla Begenjiň göz öňünden gitmedi.
Olar bir topbak gyzdylar. Begenjiň dogany Aýgözelem şolaryň biridi. Aýgözel jigisini käte öz ýany bilen ýşe alyp barardy. Gyzlar, köplenç, beýleki kolhozçylara goşulman, aýratynrak işlärdiler. Olaryň işleýşem üýtgeşikdi. Kesesinden seretseň, höwesine işläberesiň gelerdi. Şeýle-de bolsa, iş agyrdy, onda-da bu gyzlara uzyn günläp kätmen urup, pil depmek asla ýeňil däldi. Olar işden gaçmazdylar, otag otamalam bolsa, çil çekip, suw tutmalam bolsa iliň öňündediler. Şoňa görä brigadirem olara aýratyn sarpa goýardy, olaryň göwnüni ýykjak ýa kejine gaýtjak bolmazdy. Brigadir göze ilmez hormat bilen olary läliksirederdi. Begenç ol hyzmatkeş gyzlara ýapdan tüňçe bilen suw getirip bererdi, ýeňil-ýelpaý işlerine kömekleşerdi. Günortanlyga çyksalar, oturara saýa gurup bererdi. Olaryň ýanynda içi gysyberse giderdi-de, suwa düşüp, guş kesekläp, tä surnugýança oýnardy. Gyzlar çaýa çykanda gelip, olar bilen garbanardy. Aladasyz, saýyrdaň gyzlar ony birneme aýnydardylaram. «Begenç jan, gel, şu ýerdejik oturaý. Tur, aşagyňa şuny düşäli, ýer gatydyr. Begenç jan, şundan iýjekmi?  Ýok, ine muny dadyp gör...»
Tomsuň tüp yssysyny çaý başynda oturyp geçirerdiler. Olar çaý diýip ibaly bir çaýam içmezdiler-de, çalak-çulak garbanyp, keşde gaýap, iş eder oturardylar. Hersi öz işine güýmenip oturşyna-da, ýetişibildiklerinden, serçe ýaly jagyrdaşardylar. Aýallaryň biri uklasa, onuň baş ujuna bir pil, aýak ujuna-da bir pil dikip, geliň sapyna-da ak ýaglyk daňardylar. Ine, onsoň köpensiz ýatan öliň bar-da. Oturyp aglan bolýany haýsy, çöküne düşüp, doga-töwir çykýany haýsy.
Olar näme diýip degişmezdiler. Olaryň tapýan oýunlary, beýlekilere öýkünmeleri başganyň ýat-oýun düşmez. Aýallaryň biri dagy başyny gyşyk bogup gelse, onsoň uzyn günläp ählisi başyny gyşyk daňyp gezer. Hamana, olaryň özlerinde hiç kem-kös ýok ýaly. Begenç köp-köp oýlanyp gördi welin, şolar, dogrudanam, kem-kössüz birajaýyp gyzdylar. Onsoň kime gülmesinem bilýär olar... Erkek adamlaryň-a adynam tutanoklar. Dogry, bir gezek Begenje degjek boldular. Kolhoza täzeräk gelen, bu işleri ýokuş görüp, halymsyraýan gelniň üstünden düşdüler. Garajürjen dogumlyja Jemal Begenje tutunan boldy.
– Begenç jan, sen bir tizräk ulal-da, biziň birimizi şu işden dyndar. Biziňem şol aýjyn ýaly halymsyrasymyz gelýär.
Keltejik Ýaňyl hem gapdaldan sokjaryldy.
– Meni söý! Meni...
– Goýup otur-a, sen özüňe boýdaşy gözlärler. Şeýle dälmi, Begenç jan? – diýip, gyzlaryň uzyny Gurbantäç ara düşdi.
– Ynha, boýdaş-da, munuň boýy nä meniňkiden uzynmy? Gel, deňleşeli...
Ýaňyl Begenjiň ýeňinden çekdi. Gyzlaryň hersi bir zat diýdi. «Bäri dur-da, aňry bak» bolşup, onuň enter-pelegini öwürdiler. Begenjiň gahary gelip, ýüzi gyzardy. Bu ejizligi duýan Ýaňyl täzeden öwsüp ugrady.
– Ana, öýkeletdiňiz! Ana, öýkeletdiňiz...
– Begenje azar bermäň – diýip, Tylla şonda ählisiniň ýüzüni aldy. – Begenç gaty namysjaň ýigitdir. Ol siz ýaly samsyk salatyny başyna ýapsynmy? Öz işiňiz bilen boluň. Wah, şunuň ýaly bir jigim bolsun diýip, ömür arzuw etdim, arman, bolmady-da...
Gyzlar Tyllanyň diýenini gaty gördülermi, çekindilermi ümsüm boldular. Ýöne olar göwne deger ýaly adamlar däldi. Bir Ýaňyl bolaýmasa... Ol muny bir zatdan bilýär. Hol öňräk, şol dogumlyja Jemaly göçürdiler, muňa Begenç birhili gynanaýdy. Göýä bir gowy görýän adamy uzaga, gaýdyp gelmejek ýere giden ýaly boldy. Onsoň söwedeňläp ýören Gurbantäji çykardylar. Onuňam gowy gyzdygyny Begenç şondan soň bilip galdy.
Käte-käte gyzlar oturyp, Gurbantäji ýatlardylar. Onuň bolşuna, sadalygyna, aňkarylyp, hiç zady pitiwa etmän, arkaýyn gezişine ýürekdenmi, ajymtykmy, garaz, gülşerdiler. Bir günem Gurbantäç gaýdyp geldi. Gyzlar işini goýup, jagyldaşyp, onuň daşyna üýşdüler. Begenjiň göwnüne bolmasa, ol az-kem doluşypdyr, agraslanypdyr, agarypdyram. Başyna boglan sallam-sajak ýaglyklary aýyrsaň, bu şol parahat Gurbantäç boljakdy. Emma beýle däl eken. Begenç onuň gözleriniň öňküsi dek şuglaly, täsin ýyldyraman, mylaýym, sowuklaç agyp-dönýänini, onda birhili çuň pikirli nazary gördi. Gurbantäç özüne çiňerilýänini duýup, Begenje şeýle bir seretdi welin, bu geň garaýşa oglanyň ini düýrügip gitdi. Göýä ol Begenje: «Bu kim-ä?» diýen ýaly boldy. Şol pursatda onuň öňünde Gurbantäje meňzeş, emma düýbünden ýat adam peýda boldy.
Ol ýat bolupdyr... Özgeripdir. Şonda Ýaňyl ony soňam bir geň galdyrypdy. «Seniň-ä bagtyň açylaýdy, Gurbantäç!..» Bu arzuwmy, gutlagmy, gözügidijilikmi, gynançmy?! Begenç muňa düşnip bilmedi.
Gezek Tylla ýetdi. Şol degişgen, şol gülek gyzlar gün-günden sabap barýardy...
Gyz göçýän öýüň mähellesi ýetikdi. Gaýa-gopuz ýok ýerden adamlar aljyraňňydylar. Çykýan gyzyň oturan tamynyň açyk äpişgesinden aýal-gyzlaryň gulagyňy deşip barýan şaň-şaňy ýaňlanýardy. Giden märekäniň içinde Tyllanyň erkek doganlarynyň birem görünmeýärdi.
Gelnaljy günortan geldi. Üst-üstüne geýnen oral aýallar ýerde duranlara «A gyz!» diýip, elindäki çagalaryny uzadýardylar-da, uly maşynyň erňeginden ebeteýsiz aşyran aýagyny basara ýer tapman, atan-satan bolup aljyraşýardylar, Gelnalja gelen oglanlar gyra çekilip, gopbamsyrap, toýy kesesinden synlaýardylar. Il diňläp barmasa-da, üç oglan aldygyna tapyrdadyp saz çalýardy.
Gelnalja çekilen nahardan işdämen dadan bolmady. Her kim howlukmaç duz dadyp, turmak bileidi.
Gelniň gaýynagasy boljak: «Haý, bolaweriň-haw, gün agmanka, garamyzy berip, bizi ugradyň» diýip, çem gelen öýe bir boýnuny süýndürýärdi.
Ahyry uly güpürdi bilen gyzy alyp çykdylar. Işik tutýany haýsydy, aýaga çolaşýany haýsydy. Garym-gatymlygyň derdinden, işigiň agzy hümerdi. Daşyny birtopar aýal-gyz gallap duran gelne şol mylaýym Tylla diýseň, ynanar ýaly däldi. Ýüzi ak ýaglyk bilen bürelip, başyna kürte atynansoň, onuň boýam gysgalan ýalydy. Ol bükülibräk, yranyp durdy. Märekä bir ümsümlik aralaşdy. Gyz atasy öýüniň işigine baş goýdy.
Atanyň ak patasy alnansoň, gyzy palasa mündürip, göter-göter edip ugradylar. Palasyň üsti agyn aýalmydyr gyzdan doludy. Gaýynaga boljak olaryň hersine bäş-üç manat pul hödürläp, palasdan çekip düşürýärdi.
Begenç toýa il deňi, belki, illerdenem zyýadarak begenmelidi. Ýöne ol muny başaryp bilmedi. Begenişýänlere-de geň galyp seretdi. «Nämä şatlanýarka bular?..»
Özi üçin  indi şol adamyň ýokdugyny, hiç wagtam bolmajakdygyny duýanda, ol şeýle bir gynandy, birden ýüregi ýokary galyp, bokurdagyna tegek boldy. Ol özüniň çäksiz hasratyny ýuwudyşy dek, ýuwudynyp-ýuwudynyp, aňyrdan dyňzap gaýdan sessiz agysyny hem ýuwutdy. Bolup durşuna utanyp, beýlesine öwrüldi. Goý gadyr bilmez beýle yhlasly gözýaşy görmesin!
Märeke uly güwwüldi bolup köçä, maşynlara, tarap eňdi. Deprekçi kakyp duran depreginden elini geçiräýjek bolýardy. Akkordeonçy akkordeonynyň sozmasyny sozup, ýyrtara getiripdi. Tüýdükçiniň owurtlary gurbaga ýuwudan ýylanyň biline meňzäp, gözleri hanasyndan çykara gelipdi. Güwwüldi hüwläp galdy.
Işikde bir ene galdy. «Alnyň açyk bolsun, balam!» diýip, ene gyňajynyň çowuny gözüne ýetirdi.
Hawa, ýene bir adam aglady, galan mähelläniň bolsa şatlygy ýer ýarýardy. Neneň aglamajak! Obanyň iň gözel gyzyňy, iň gowy gyzy alyp gitdiler.

Нudaýberdi НАLLYÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 59 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Нudaýberdi Нallyýew | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: