21:58
Bir apbasy / hekaýa
BIR APBASY

Agyr gelen gyş birden göterildi. Galyň bulutlar ertir günorta süýşseler, öýlän günbatara çekilýärdiler. Alňasak bulutlara meňzäp, tebigatam tiz oýandy. Arly gyş gar-ýagmyryň astynda mäjumy çykan topragyň ýüzi küpürsäp başlady.
Derýa tarap hyýallanan Hapby işigindäki iki kölçe boş ýatan atyzyna, daşyna garaýandak aýlanan goýun gylyna, kümäniň ykyşynda gölesini ýalap duran ala sygryna, gulaklaryny salpardyp, günüň ýylysyna meýmireýän çal eşegine birlaý göz aýlady. Onuň nazary bir zat gözleýän ýalydy. Ahyry mellegiň aýagujundaky ýandak küdesine nazaryny dikdi. «Şo ýere bir gernelip duran köşekli düýe hem daňyp bolaýsa...»
Ol haýal ädimläp derýa tarap ugranda, aýagy malgama dönen topraga batyp gidýärdi, burnuna laýyň, çüýrüntginiň ysy urýardy. «Ýagmasa, ýer birki günden çalygsa gerek» diýip oýlanyp barşyna çep gözüni ýumup, beýlekisini gympardyp güne seretdi-de, telpegini çümreräk basyşdyrdy, ädimini çaltlandyrdy.
Derýa kenarynda Hapba garaşyp oturan ýolagçylar eýýäm haçan gaýygyň içiniň suwuny serpip aýrypdylar. Hapby öz ýerine geçip, eýemseklik bilen gaýygyň motoryny barlap, elindäki ýagly esgini kiçijik dwigateliň o-bu ýerine aýlaşdyrdy.
Onuň oturyşyny arkaýyn gören bir goja:
– Inim, biz-ä gyssanmanam duramzok – diýdi.
– Gyssanyp gala alyp bolmaz, agam. Raspisaniýe boýunça ýene tegelek bir sagadymyz bar – diýip, Hapby bäş ýyl mundan öň alaňyň üstüne kakylan gyşyk tagtany görkezdi.
Onuň ýüzünde «Gaýyk ir sag. 9-dan, öýlän sag. 4-e çenli gatnaýar» diýen ýazgy bardy.
– Onsoňam bu gün bazar, dynç güni – diýip, Hapby sözüni dowam etdi. – Menem il deňinde dynç almaly ahyryn. Dogrusy, ýolagçylara dözmämsoň geläýdim.
– Gelip, gowy edipsiň, inim. Bizem bazar güni diýip ýola çykandyrys. Bir gaýrat et.
– Gaýrat-a ediler welin...
– «Weliň» näme?
– Iki ýüzüne-de tölemeli borsuňyz.
– Bir ýüzüne gaýdyşyn tölände bolmazmy, Hapby aga? – diýip, oglanlaryň biri ara goşuldy.
– Ony oýandakylar bilen gürleş. Ikimiz şu ýerden ugramagyň gürrüňini edeli, inim...
Dawadan netije çykmajagyna göz ýetireniň biri:
– Geliň, ir günümizi giç etmäliň – diýdi. – Tölemeli bolsa, nätjek-dä, zeruryňa düşseň...
Hapby ýolagçylar bilen hasaplaşyp bolýança hasanaklaşyp, ýene iki kişi geldi. Olaryň biri gaýyga münüp-münmän, bilet talap etdi.
– Bilet gutardy. – Hapby oňa elini serdi.
– O nähili beýle bolýa? Bizem-ä gitmelidiris.
– Senem iliň gidişi ýaly gidersiň-dä.
– Il nähili gidýämiş?
– Inim, beýdip eňekleşip durmasana. Gitjegiň çynyň bolsa, iliň çykaranyny çykar senem – diýip, ýaňky goja gyssanyp gepledi.
– Gitjegim-ä çynym...
Hasap-hesip gutaransoň, kiçijik motor tarryldysy bilen dünýäni lerzana salyp, towlanyp akýan bulanyk suwuň jümmüşine ýüzüp ugrady.
Hapbynyň gaýygy ýola düşdi. Häzir çagalar ylgaşyp, daş çykandyrlar, eneler ýola bakandyrlar.
Hapbynyň derýada gatnap başlanyna eýýäm üç ýyl bolupdy. Bolsa-da, nireden tapylyp, oba nähili düşüp, bu ýerde ýerläp galşyna obadaşlary entegem düşünmeýärdiler. Ilki gelende, kolhoz başlygynyň orunbasaryny ýegeni saýyp, şonuňka myhmançylyga gelipdi. Daýy-ýegenler on arka aňyrsyny aýdyşyp, garyndaşlyk yzlaşdylar. Öten-geçenden oňly baş çykaryp bilmedik orunbasar häzirki ýagdaýyndan habar tutsam diýen niýet bilen:
– Bu eýýamda nirelerde otlap-suwlaýaň, daýy? – diýdi..
– Otlanan ýerleri sorama-da, ýegen, garyndaş durjak bolsaň, indi otlara ýer görkez.
–Bu döwürde nanyň minneti ýok, daýy. Daýhançydyk ederin diýseň, ine, pagta meýdany. Bagbançylygy isleseň, kolhoz bagyna bar. Ýok, eger eliňde hünäriň bolsa, anha kolhozyň iki ýüz traktory, segsen maşyny, içinden saýlanyňy tut-da, haýdaber.
– Hany, başgarak zat tapsana, ýegen. Öňem maşyndan gaçyp, şu ýerlere düşüşim.
– Bäý, başga näme diýsemkäm... Çopançylygam kyn görersiň sen, pul-a şondadyr weli... Aý, bolsa-da, bä... Bir gaýyg-a boş durandyr. Şonuň gaýykçysy çyga bolamok diýip, işden aýrylaly bäri, şoňa belli ýaka tapamzok. O ýüze hem bärik adam gatnatmaly. Öz nyrhjagazy, bileti bardyr. Şony nähili görýäň? Gapdaldan düşüşem ganymat.
– Beý, şo diýeniň-ä bir synap göräýmeli eken.
Ol başga bir işi oňarjagam däldi. Kakasynyň saýasynda saýalan ogul mugt iýip, mugt geýipdi. Onuň kakasy pahyram pil sapy bilen çopan taýagynyň parhyny bilmedik, hülli-hülli bilen ömrüni ötüren mugthor bir mollady. Döwür bolsa özgerýärdi. Indi, garaz, bir yrada etmän nan iýäýmek aňsat däldi. Ýogsa ol oba Sowetiniň sekretarlygyndan aýrylanda, uzak obalaryň birine gidip, nätanyş ýerde birsellem mollaçylygam edip görüpdi. Ýöne başartmandy, başartmajagyny özi-de aňypdy. Mugt nan iň kyn, gazanmasy agyr nana öwrülipdi. Şonuň üçinem nähilidir bir ýerde telli-pelli işlemelidi. Ýöne ýeňil iş bilen düşewüntli orny gabat getirmek gaty kyndy. Bir ýerlerden birwagtky obadaşy Gadyr körüň oglunyň orunbasar başlyk bolanyny eşidibem, bu ýerlere gadam goýşudy.
Iş kem-kemden ýola düşüp ugrady. Ol ilki-ilkiler derýadan heder etmänem durmazdy. Dilsiz-agyzsyz ýuwdarhanyň ýüregindäki ähtibarly ýodajygy nähili taparyny bilmezdi. Derýanyň akymy her günde üýtgeýärdi. Hapby ýuwaş-ýuwaşdan onuň bilen düşünişdi. Bir akymyň ugruny alyp ugransoň, gaty gödeklik edäýmeseň, ol seni horlamaýardy. Onuň bir öwrenişip bilmeýäni – derýa howlukmajy, harsydünýäni halamaýardy.
Käte birinden gutuldym diýseň, ikinji bir päsgelçilik ýüze çykýar. Bäş-dört aý işläp-işlemänkä, onuň aýagyndan kolhoz prawleniýesine şikaýat düşdi.
«Gaýyga münýänlere doly bilet berenok» diýdiler. Barlamak üçin komissiýa düzüldi. Ýöne weli olaryň girisine düşäýer ýaly, Hapbam nany ýeňsesinden iýenokdy. Ahyry bolmajagyny bilip, ýolagçylara bileti kolhozyň kontorasynda satmaly etdiler. Ol öňküdenem gowy boldy, bäş adam bilet alsa, onusy biletsiz geldi. Ol ýüzden bärligine geçýänleri nätjek? Olaram ilki bilet almak üçin kontora iberjekmi? Ýene Hapby bilen ylalaşyga geldiler. Oňa «göriplik» edenleriň päli paşmady. Ol özüne kimiň ýamanlyk edenini bilse-de, ýüzüne gelip durmady, her kim pälinden tapsyn.
Kiçijik motoryň çakyr sesi gulagyňy deşip barýardy. Derýa öňki alňasaklygy bilen towlanyp akýardy. Gol boýy porruklar, ýüzüni gyrpakly laý örten ýek-tük buz bölekleri gelip, gaýygyň böwrüne urýardy. Derýa saryýag gaýnaýan gazana meňzeýärdi. Häzir ähli zat Hapbynyň göwün isleginiň beýany bolup barýardy, ol bu gün iki gatnamakçydy.
Çep kenar golaýlaşdy. Ýapynyň bilindäki iki-üç gara gözi kaklyşanda, Hapbynyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ýöne onuň begenji uzaga çekmedi. Olar gaty çyplaň görünýärdi. «Studentlermikä? Student bolsalar-a o deýýuslaryň jübüsinde it uwlaýandyr. Olara saçyň pezzerdip, pasonlyk sat diýseň.»
Hapby ýolagçylaryny düşürensoň, öz ýanyndan näçe howluksa-da, gyssanjyny bildirmedi. Özüni birneme gerekletmek üçin, arkaýynlyga saldy.
– Haý, oglanlar, howlukmaň, men bäri-bärde gaýtmazmykam diýýän.
– Islän wagtyňyz gaýdyň, Hapby aga. Bizem gyssanyp baramzok.
Ahyry ýüregi takat tapmadyk Hapby janyny barlamak isledi.
– Merkezden gelen pulluja goçularsyňyz. Hany, näçeden çykarýaňyz?
– Studentde artykmaç pul näme işlesin, Hapby aga. Pulumyz bolsa, şäherden öýe gaýtjakmy?
– Görüň welin, özüni-hä akymyň tersine gidýändiris. Goş-golamlaryňyzam-a aç eşege ýük.
– Aý, bu çemedanlaryň gabarasyna seretmäň, Hapby aga. Içi boşdur. Ynha, üç bolup, üç manady jemledik.
«Üç manadam pul». Näçe az görse-de, Hapby içini hümledip, motory otlamaly boldy.
Ol üç birligi kisesine uraýmady-da, burnunyň aşagyna eltdi. Bir tanyş ys onuň kalbyny galkyndyrdy. Ruhubelentlik bilen başyny dikläp, gaýygy, derýanyň ortasyna gönükdirdi.
O kenara çykanda, üýşüp duran märekäni görüp şatlanan Hapbynyň içki joşgunyny ýüzünden aňmak mümkin däldi. Ol dözümli daraşdy.
– Haw, adamlar! Men hemmäňizi birden alyp bilmen. Gaýygyň götermeli palagaýsiýasyndan artyk gelýäňiz.
– Oglum, özüň gaýrat edeweri. Ertirden ýoluňa göz dikip oturandyrys.
– Şeýt, gardaş, kynam bolsa o ýüze aşyr. Toý diýeniňem bir gowy zat, barmasaň göwün etjekler.
– Känrägem bolsa göterer-le, akymyň ugruna gidýäs ahyryn.
– Hawa, janym, alla bardyr...
Adamlar onuň edil isleýşi ýaly gürleýärdiler. Ol munuň üçin üç ýyldan bäri azar çekýärdi. «Indi başlabersegem boljak» diýip, Hapby ýerinden galdy. Her kim bileň hasaplaşanda, elindäki gyrasy ýyrtylyp giden köne biletini bir hödürleýärdi.
– Bilet gerekmi?
– Ýok, gerek däl.
Ol ýygnan puluny epläp kisesine dykansoň, höwes bilen motoryň gapdalyna çökdi. Gaýygyň aşagynda ýatan sapsyz kürüşgäni yzda oturan ýetginjegiň eline tutdurdy.
– Al, gaýygyň düýbüne üýşen suwy daşyna serpip otur.
Her kim gitse kaýyldy. Kiçijik motor uly zenzele bilen gaýygy suwuň ortasyna iterip başlady. Ýüki ýetik bolansoň, suw gaýygy erňekleýärdi. Loňkuldaşyp ýüzüp barýan porruklar gaýygyň içine giräýsem diýýärdi.
Derýadan urduryp geçäýmeli däldi-de, aşaklygyna birneme gitmelidi, şonda derýa golaý goňşy obanyň gabadynda edilen sowma bende, ondan hem ýola çykylýardy.
Gaýyk akymyň badyna düşüp, derýany ortalaberende, Hapby gözüniň assy bilen ýolagçylary birlaý synlady-da, ruly çalaja çepe basdy. Gaýyk sag tarapa eňňit berip gitdi. Aýallar gygyryşdylar, çagalar gözüni petredip, ejelerine ýapyşdylar. Hapby ruly saga basdy. Gaýygyň çep gyrasynda oturanlar orta dyzadylar. Erňekden içe az-kem suw girdi.
– Waý, gitdik!...
– Alla jan, ýeteweri! Ýoluňa bir tamdyr nan...
– Waý...
– Ana gitdik!.. Mana gitdik!
Nähili-de bolsa, gaýyk düňderilmedi. Kenar golaýlaşdygyça, adamlaryň ýüzi ýagtylýardy.
– Wah, gurbany bolsaň şu gury ýeriň – diýip, çal saçly aýal goltugyndaky agtyjagynyň başyny sypady.
Hapby gaýygy kenara gönüläp, elini ruldan aýyrdy. Ol ýüzüni kybla tutup, iki elini ýokary göterdi-de, dodaklaryny müňküldedip, doga okamaga başlady. Gaýyk gelip, burnuny çägä süsňände, oýunlyga salan kişi bolup, örşüp ugran ýolagçylara howlukmaç ýüzlendi.
– Haw, jemagat, aýdan-diýeniňiz bolsa, gaýyga taşlap gidiberiň...
Çal saçly  aýal gyňajynyň çowuny çözdi-de, gök üçlügi sogrup, oňa uzatdy.
– Ýok, maňa bermäň, gaýyga beriň.
Ýene bir aýal goltugyndaky saçagyny açyp, ondan bir tegelek nan çykardy. Başga biri berere ownuk pul tapmadymy ýa näme berjegini bilmedimi, gyzynyň başyndaky akja ýaglygyny sypyrdy.
– Köne däldir, bärik çykamyzda gyzymyzyň başyna orapdym. Kabul bolsun!
– Omyşalla!
Ýolagçylaryň içinde orta boýly, ala gözleri alakjap duran murtlak bir pyýada bardy. Ol aýallaryň bolşuna baş ýaýkap, gaýykdan hemmeden yz düşdi. Hapby ony başdan-aýak synlap duran ýerinden kinaýaly ýylgyrdy.
– Sen näme, zat aýtmadyňmy?
– Ýok.
– Özüň-ä ýeser ekeniň. Allany sylamaz...
– Kimiň ýeserdigin-ä bilýän welin, häzir meniň elim degenok – diýip, murtlak köpmanyly jogap berdi.
Howanyň barha çytylyşyny synlap barşyna, Hapby yzyna howlugýardy. Ol ýadapdy, ajygypdy, hudaý ýoly berlen çöregiň bir çetinden symyçlaýardy.
– Essalawmaleýkum!..
Ýene ýolagçy. Egni alabeder kostýumly, çyplaň eşikli, bu uzynak ýigidiň şu ýerli däldigini gözi kaklyşandan aňan gaýykçy:
– Hä, näme hyzmat? – diýip, oňa çiňerildi.
– Agam, bir gaýrat edip, meni o kenara aşyr...
– Indiden soň gaýrat bolmaz, ertir gidäýeris.
– Agam, men ertir merkeze ýetmeli. Gaýrat edäýmeseň boljak däl.
– Weý, inim, özüň bir sowatly oglana meňzeýäň. Goşaryňda sagadyň bar, alha raspisaniýa. Bizem wagtynda öýe barmaly, mal-gara seretmeli. Ertir irden dokuzdajyk gidäýeli. Men seni bu gije myhman alaýyn.
– Şu gün o ýüze aşmasam, köp zady ýitirýän, agam, bir gaýrat et.
– Gaýrat et diýmek dilde aňsat, inim. Onsoňam howanyň bolşuny görýäň-ä...
Myhman gaýykçynyň ikirjiňlenenini aňyp, täzeden hüjüme geçip başlady.
– Agam, şu gezek ýetiş. Biziň illere düşseň, seniň şu ýagşylygyňy gaýtararys. Puluň-a gürrüňinem etme, on al, ýigrimi al, geçirseň bor.
Hapby böwrüni diňledi. «Jähenneme, öýe gijräk baraýjak ekenim-dä. Wah, şol ikisini goşup bolmyýamy nä?!» diýip, öz ýanyndan çalarak ýylgyrdy.
Olar ýola düşenlerinde, şänik ýaly iri-iri damjalar damýardy. Bimaza ýel ýüz-gözüňi ýalap geçýärdi. Laýyň, suwuň çygly ysy burnuňa urýardy. Muňa seretmezden, Hapbynyň göwni diýseň açykdy. Yzda sapsyz kürüşge bilen gaýygyň düýbündäki suwy serpip oturan oglana eşidiler-eşidilmez hiňlenýärdi. Onuň gürleşesi gelýärdi. Ýöne nämeden gürrüň açjagyny bilenokdy. Hapby ençe adamy derýadan geçiripdi. Emma hijisinden näme üçin geçýänliginiň sebäbini soramandy. Käbirleri soralmanyny kemem görenokdy. Onuň üçin haky tölenensoň, gaýyga adam münsün, goýun bassynlar, eşek ýüklesinler parhy ýokdy.
Ilerini bulut büränsoň, garaňky ir gatlyşyp ugrapdy. Buz akymy gündizkisine garanda köpelýän ýalydy. Görner-görünmez süýşüp barýan lahda-lahda buzlar gaýyga kadaly ýüzmäge mümkinçilik bermeýärdi. Arman-ýadaman şol gijesi-gündizi aşak eňip ýatan joşgunly derýa hemişekisi dek, gijä galan ýolagçydanam, Hapbydanam howlukmaçdy.
Asmanda ägirt güpürdi peýda boldy. Birdenem jümle-jahan ýagtylyp gitdi. ýyldyrymyň yzyny ýene garaňkylyk gaplady. Şol wagt hem äpet buz bölegi gaýygyň burnuna süsňedi-de, gaýygy kesä sowdy. Ondan sowlup ýetişmänkä, başga bir buz gapdaldan direldi. Hapby çalasynlyk bilen gaýygy gapdala burdy. Gaýyk suwda däl-de, läheň-läheň daşlaryň arasynda, süýşýän ýalydy. «Buzlar nireden çözülip gaýtdyka? Öňüni garaňka tutup, bu eýesiziň köpeläýşini diýsene. Şu gezek gaty ýere ýetsem... Wah, aňypdymam-la...»
Derýa äňsiz ýuwdarha meňzäp, şowurdap sürünýärdi. Hapbynyň gözi zat saýgarmansoň, ruly her gezek çem gelen tarapa basmaly bolýardy.
– Be, walla, men...
– Näme diýýäň, agam?
– Berkräk ýapyş diýýän. Birden düňderläýmäli...
«Be, walla, indi çemçeläp ýygnanyňy çanaklap dökäýmeli bormuka? Wah, bu ýigidiňem nesibesini diýsene ýüzüp bir bilýämikä? Aý, ýok-la, niýetimi bir ýagşa tutaýyn...»
Garalyp düňderilip gaýnaýan derýa gaýygy ýuwdaýsam diýýärdi. Gaýnaýan gara tolkunlar gaýykçynyň gara nebsi ýaly okgunlydy. Göýä derýa däl-de, şu ömrüne ýeke gezegem ýoluna taýak atmadyk nebsi onuň üstüne sürünýän ýalydy. «Şu gezek sypsam!.. Şundan bir aman çyksam!..» Gaýykçy indi içinden däl-de daşyndan samraýardy.
Hapbyny puşmana getiren derýa az-kem köşeşdi. Buzlar böwşeňledi. Ýyldyrym gaýykçynyň ýüzündäki şatlygy ýolagçy ýigide buşlaýan ýaly dünýäni ýagtyldyp gitdi.
Ýöne ýigit oňa üns berenokdy. Çep eli bilen erňekden ýapyşyp, aldygyna gaýygyň düýbündäki suwy daşyna serpýärdi. Şu imisalalykda çakan ýyldyrym bulutlary parran dilip, aşak süýndi. Gaýygyň böwründe bir akja zat ýyldyrap göründi. Kimem bolsa biri köpügini gaçyrypdyr. «Ýigrimilikmikä ýa on bäşlik» diýip, Hapby içinden oýlandy-da, başg-a biri alyp barýan ýaly, ýerinden gobsunyp, köpüge elini uzatdy. Onuň köpügi gysymyna gysanam şoldy, bir äňsiz güýç gaýygyň böwründen göterip goýberdi. Hapby ýapyşmaga-da ýetişmedi. Bir şalpyldy bilen motoryň pakyr-pukur edeni eşidildi. Hapbynyň ýeňsesinden gyýçak-gyýçak agyr zat aşaklygya basmarlady. Ol özüniň buzuň aşagynda galandygyny bildi. Buz onuň edil egninden basýardy...
Ep-esli wagtdan bir gara soňky deminde özüni kenara atdy. Ýöne ol Hapby däldi – ol ýolagçy ýigitdi. Hapbynyň iň soňky hemrasydy.
Bir harsydünýäni aç işdä bilen demine ýuwudan derýa çyrpyna-çyrpyna ony ertesi güne çenli içinde aýlady, ahyry inine siňdirip bilmän, ýüregi bulanyp ögedi-de, köpügi zady bilen hol gyra çykaryp zyňdy.

Нudaýberdi НALLYÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 31 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Нudaýberdi Нallyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: