21:25
Söýgi üçin... koloniýada / detektiw oçerk
SÖÝGI ÜÇIN... KOLONIÝADA

Gürrüňini etmekçi bolýan gamgyn taryhymyň ikisine gatnaşyjylaryň hem «esasy gahrymanlary» bilen ýüzbe-ýüz bolmak maňa miýesser etmedi. Olaryň ikisi eýýäm demir gözenekli gapynyň, beýleki biri adamsynyň jaýynyň beýik haýadynyň aňyrsyndady. Şol haýadyň bosagasyndan ätlemegi bolsa maksada laýyk bilmedim... Men olar bilen diňe prokuraturanyň we halk sudunyň materiallary boýunça gaýybana tanyş.
Sud oçerkiniň gahrymanlarynyň käbirleriniň atlary we familiýalary üýtgedilip alyndy. Elbetde olar şu ýazgylary okanlarynda özlerini tanarlar. Ýöne olaryň günäleriniň ýüküniň soňlugy bilen günäsizleriň üstüne gara tegmil bolup düşmezligini isleýärin.
Hemmesi redaksiýa gowşan hatdan başlandy. Ony Kalinin posýologynda ýaşaýan O.Berdiýew ýazypdyr. Hatyň mazmuny gysgaça şeýleräkdi:
«Meniň knim Myrat Berdiýew 1988-nji ýylyň ýanwarynda Gözel Hallyýewa diýen gyza öýlendi, ol kämillik ýaşyna ýetmedik ekeni. Myrat bir ýarym ýyl azatlykdan kesmeklige höküm edildi. Sud wagtynda Gözel meniň inime koloniýadan boşap gelýänçä garaşjakdygy we şondan soňra kanuny esasda oňa durmuşa çykjakdygy barada wada berdi. Atasy Meret Hallyýew hem gyzyny boşap gelen badyna meniň inime bermäge söz berdi. ýöne soňra onuň ýalan sözländigi mälim boldy. Inim basylandan soňra bäş aý hem geçip-geçmänkä Hallyýew gyzy Gözeli öz tanyşlarynyň ogluna – Söýün Bazarowa durmuşa çykardy. Men bu barada prokurora habar etdim. Edil meniň inimiň maddasy boýunça ýaňky ýigidiň hem sud edilendigiňi aýtdylar. Ýöne gyzyň atasyna näme üçin çäre görülmeýärkä? Ýogsam gyzyny ikinji gezek äre bermek bilen soňky ýigide nähili ykbalyň garaşýandygyny bilýärdi ahbetin. Aýdyşlaryna görä, ol ikinji gezekde elini birneme «galňadan» bolmaly. Onsoň beýlekileriň gam-gussasy onuň ne derdine. Hawa, Gözelde hem utanç-haýa ýok ekeni. Ýigide nähili howp abanjakdygyny bilip durka-da ikinji gezek durmuşa çykmaga nähili het edip bildikä? Eşidişimize görä, ol üçünji gezek durmuşa çykmaga şaýlanýarmyşyn. Onuň heniz on sekiz ýaşy dolanok, diýmek, üçünji ýigidi hem basmaly bolarmyka? Düşünişmäge kömek etmegiňizi soraýaryn...».
Kalinin raýon prokurorynyň wezipesini ýerine ýetiriji H.Allanazarowy hatyň mazmuny bilen tanyşdyranymda başyny ýaýkady we gamgyn netije çykardy:

– Siz meniň pikirimi bilmek isleýärmisiňiz? Eger hatda ýazylan zatlaryň ählisi dogry bolsa, men gyza çäre görerdim. Sebäbi ikinji gezek äre çykanda ol munuň näme bilen gutarjakdygyny bilerçe bolupdyr. Ýöne ikinji ýigidi hem urgy astyna goýupdyr. Kanun boýunça men ýigidi basmaly. Birinji halatda hem, ikinji halatda-da şeýle edildi. Respublikanyň jenaýat kodeksinde şeýle madda bar, onda kämillik ýaşyna ýetmedik gyz bilen nikalaşylandygy üçin üç ýyla çenli azatlykdan kesmek jezasy göz öňünde tutulýar.
Şeýle praktika emele geldi: sudýa gyzyň kämillik ýaşyna ýetmegine näçe wagt galan bolsa, ýigide şonça-da ýyl «berýär». Hakyky nikalaşylan pursatynda gyz on alty ýaşynda bolsa, ýigit iki ýyl azatlykdan kesmeklige höküm edilýär. Näme üçin şeýle edilýär? Sudýa oglan – oglanjyk däl. Ol eger-de ýaşlar bir – birlerine ysnyşýan bolsalar, onda ýigit gyz kämillik ýaşyny doldurmazdan öň erkinlige çyksa, onda olaryň ýene-de kanuny bozjakdyklaryna, ýigidiň ýene-de jenaýatça öwrüljekdigine oňat düşünýär. Muňa ýol bermezlik üçin ýigit birneme köşeşer ýaly, gyza haçan-da maşgala gurmak mümkin bolan wagtynda dolanyp geler ýaly, ony şeýle bir «uzak ýere» ibermeýärler.
Şu ýerde köre hasa bolup duran bir geň zat bar. Aýdaly, Gözeliň on alty ýaşy dolupdyr. Eger-de ol Myrat bilen formal är-aýal gatnaşyklaryny etmän, diňe duşuşan, dostlaşan bolsady, onda Myrada hiç zat bolmazdy. Sebäbi olaryň ýakynlaşygy mejbury hasaplanmazdy. On alty ýaşdan soňra bolsa gyza söýýäni bilen ýakynlaşmagy hiç kim gadagan edip bilmeýär. Şeýle ýagdaýda kanun bozulmaýar. Ýöne är-aýal gatnaşyklaryny etmek bolmaýar. Birek-biregi söýmek bolar, ýöne maşgala gurmaly däl. Ýigit özüne şeýle ýakyn bolan söýgülisine aýalym diýip ýüzlenen badyna hem jenaýatça öwrülýär. Sebäbi biziň respublikamyzyň kanuny boýunça diňe on sekiz ýaşdan soň gyza durmuşa çykmaga rugsat edilýär. Biziň ýurdumyzda gyza on alty ýaşda durmuşa çykmaga rugsat edilýän respublikalar hem bar. Ýöne biziň Türkmenistanymyzda beýle däl. Şu madda özgerdilse ýa-da düýbünden ýatyrylsa başgaça bolardy. Sebäbi eger oýlanyp görseň munuň özi ýagşy niýetleri üçin ýigidi azatlykdan mahrum etmekdir. Ýigit gyzyň öňündäki jogapkärçiligini duýup, ähli howandarlygy öz üstüne alýar. Ony bolsa «basýarlar». Eger-de ol gyz bilen diňe «gezýän» bolsa iň erbedi şoldur, keýp çeker, aldar, soňra başga birine geçer, goňşularynyň, tanyşlarynyň gözüniň öňünde gyzy masgaralar, ýene oňa hiç zat bolmaz. Moral nukdaý nazaryndan elbetde, ol günäkärdir. Ýöne jenaýat kodeksi boýunça ol ak jüýjedir. Ine, hut şeýle tragediýa zerarly özlerini otlaýanlaryň gör, näçesi bar...
Ine, meniň öňümde iki sany ýukajyk papka bar. Köp sanly şaýatlary, ýüzbe-ýüz duşuşyklary bilen galyň bolmadyk köp tomluk iş...
Gözel bilen Myrat bir posýolokda ýaşasalar-da, tötänleýin tanyşypdyrlar. TSSR JK-nyň 128-nji maddasynda göz ýeňünde tutulýan jenaýaty edenligi üçin 1988-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda tussag edilen Myrat bu tanyşlygyň nähili başlanandygyny soňra telim gezek ýatlar.
Olaryň gatnaşyklarynda hiç bir aýratynlyk bolmandy. Söýgi gözden başlanar diýlişi ýaly, ilki göz bilen gepleşdiler, umumy dil tapdylar. Ýaşlaryň gatnaşyklaryny jikme-jikläp oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek. Olar bir-birlerine ysnyşdylar. Gözel heniz ir döwürlerde enesinden jyda düşdi. Atasy ikinji gezek öýlendi, gyzyny bolsa agasyna terbiýelemäge berdi. Gyz ulalansoň ony ýanlaryna aldylar. Tizara ol ýene-de atasynyň öýünden çykyp gitdi. Agalarynda ýaşady.
Bu 1988-nji ýylyň noýabr aýynyň aýaklarynda bolupdy. Haýsydyr bir zat üçin gelnejesi bilen sögüşip, ol ýerden çykyp gaýtdy. Tötänlikde Myrada duş geldi. Gyz gözýaş döküp, bolan ýagdaýy oňa aýtdy. Olar mundan öň hem duşuşypdylar.
Elbetde, Gözeliň ykbaly Myrady biparh galdyryp biljek däldi. Gyzyň dogran enesi, Myradyň bolsa atasy ýokdy. Ikisi-de özlerini ýetim hasaplaýardylar. Bu ýagdaý bolsa olary has-da ýakynlaşdyrýardy. Myrat respublikanyň jenaýat kodeksinde 128-nji maddanyň bardygyny hyýalynada getirmän, Gözele özüne aýal bolmagy teklip etdi. Gözel uzak oýlanyşmady.
Myrat gyzy Daşhowuz şäherinde ýaşaýan aýal doganlarynka getirdi: meniň aýalym – diýip tanyşdyrdy.
Aýal dogany gartaşan adam, elbetde, ynjalyksyzlandy: ilki ata-enäniň razyçylygyny almaly, gyzyň özi muňa nähili garaýar, sebäbi nika oýun-oýunjak iş däl. Ony köşeşdirdiler. Gözel Myrat bilen, söýüşýändigini aýtdy.
Tizara ýaşlar «Internasional» kolhozyna, Myratlara gitdiler. Ýöne ýaşlara bile bolmak uzak miýesser etmedi. Myradyň agasy Orun hem uly aýal doganlary ýaly, ynjalykdan gaçdy. Ähli zat «iliňki ýaly» bolmaly ahyryn. Gözeliň ýaşy bilen gyzyklandy.
Şu döwürde gyzy öýlerinde hem ýada saldylar. Gözeliň Myrat bilen gidendigini bildiler. Gözeliň atasy Orun bilen duşuşdy. Şondan soňra gyzyny ogurlandyklary barada ol milisiýa arz etdi. Myrady tussaglyga aldylar.
Myradyň agasy Orun bilen duşuşan wagtymyzda ol eger Meret Hallyýew bilen «umumy dil» tapan bolsalar, gep-gürrüň bolmajakdygyny aýtdy. Ýöne şol wagt gyzyň atasynyň goýan şertlerini bitirip bilmändir. Onuň nähili şertlerdigini Orun çintgäp durmady. Diňe çykdaja galsa-da şeýle etmeli ekendigini aýtdy. Şol wagt olarda şeýle mümkinçilik bolmandyr, ýygnanjalaryny Gözele dürli egin-eşik almak üçin harçlapdyrlar. Her näme-de bolsa, gelin ahyryn... Mümkinçilik bolan badyna hasaplaşmaga wada beripdir. Ýöne Meret Hallyýew garaşyp durmandyr.
Derňew wagtynda Gözel Myrady söýýändigini gizlemedi. Ýigit sud edilýäniň oturgyjynda diňe kanunyň on sekiz ýaşa ýetmedik gyza öýlenmegi gadagan edýändigi üçin otyrdy. Ýuristler onuň haýsydyr bir Zakawkaz respublikasynda doglan we ýaşaýan bolsa, bagtlyrak boljakdygyny aýdýarlar. Ol ýerlerde bu mümkin. Ýöne Türkmenistan başga respublika. Bu ýerde kanun hem şu madda boýunça başgaça.
Bu näme bilen şertlendirilýär? Soňrak Kalinin raýon halk sudýalary B.Allanazarowyň, A.Ýusubowanyň ýanyn da şu temada gürrüň gozgadym. Olar tejribeli ýuristler, ýene näme diýjeklerini bilmeýän ýaly, eginlerini gysdylar.
– Bu kanun birwagtlar kabul edilipdir – diýip, Allanazarow aýtdy: – ondan bäri näçe ýyllar geçdi, näçe özgerişlikler boldy. Alymlar öz wagtynda biziň gyzlarymyz gazaply howa şertleri zerarly fiziologiki ösüşden yza galýarlar. Şonuň üçin hem olara on sekiz ýaşaýançalar durmuşa çykmak maksada laýyk däl hasaplapdylar. Şunda olar geçmişiň zyýanly galyndylaryny ýada salypdyrlar. Ýöne şu günki günde bu kanun öz möwrütini ötürdi. Hut şu zerarly hem adam ykbalyna palta urulýar. Tizara bu maddany ýatyrsalar gerek, häzirlikçe...
Kanun oýunjak iş däl. Doganlar Berdiýewler oňa baş egdiler. Başga alajyň näme? Myrat kassasion şikaýat ýazdy. Ýöne onuň iberilen ýeri bolan oblast sudy şikaýaty kanagatlantdyrman galdyrdy.
Berdiýewler köşeşdiler. Etap boýunça ugramak bilen Myrat öz söýgülisini ýene-de bagryna basjak güni hakda arzuw etdi. Ýöne onuň bu arzuwy amala aşmaz. Çünki Gözel başga birine durmuşa çykdy. Ol muny atasynyň emri bilen etdi.
Meniň elimde Telman raýonynyň halk sudunyň hökümi bar. Birinji gezekde bolşy ýaly, bu işde hem Gözel ejir çeken hökmünde «geçýär». Jenaýatkär bolsa onuň täze adamsy, ýaş ýigit Söýün Bazarow. Ol Gözeliň daýysynyň ýaşlygynyň geçen ýeri bolan «Türkmenistan» kolhozynda ýaşaýar.
Köp sanly şaýatlar kiçeňräk toýuň bolandygyny tassyklaýarlar. Sudýa üçin bolsa bu görkezmeler jenaýatyň bolup geçendigine, ýagny on sekiz ýaşyna ýetmedik gyz bilen nikalaşylandygyna göz ýetirmek üçin gerek. Prokuraturanyň işgärine şol maglumatlary ele salmak şeýle bir kyn hem bolmady. Bolup geçen zatda hiç hili masgaraçylygyň ýokdugyny görüp duran adamlar hiç zady ýaşyrmadylar. Iş birnäçe günüň dowamynda tamamlanyldy. Öýlenen ýigit hem şeýle çalt sud edildi. Birinjidäkiden tapawutlylykda ikinji giýewiniňki birneme şowuna boldy. Sebäbi Gözel eýýäm on ýedi ýaşapdy. Söýüniň näçe oturmaly boljakdygyny hasaplap, kanuny ikinji gezek hem bozmaz ýaly, halk sudýasy Ýusubowa oňa umumy düzgündäki zähmet düzediş koloniýasynda saklamak bilen bir ýyl azatlykdan kesmek barada höküm çykardy...
Hoş gal, erkinlik. Söýüň ýokary sud instansiýalaryna yhlas edip şikaýat ýazýar. Höküm öňki güýjünde galýar. Hiç kim oňa aýalynyň gujagyna dolmaga rugsat etmeýär – bu jenaýat. Eger-de gezýän aýalyň bolsa başga mesele. Ýöne maşgala gatnaşygy saňa söýgi duşuşygy däl.
Ikinji jenaýat işi seljerilen wagtynda galyň hakyndaky gürrüň uçgun ýaly ýylpyldap gitdi. Ýöne arz ediji – Söýüniň atasy ilki başdaky sözünden boýun gaçyrdy. Gürrüň bolsa göýä gyzy üçin Hallyýewe tölenilen iki müň manat hakynda barýardy. Bu epizod subut edilmän şonlugyna galdy.
Şeýlelik-de, iki ýigit gözenegiň aňyrsynda. Eýsem gyz nirede? Orun Berdiýew ony üçünji gezek birine bermäge hyýallanýarlar diýip ýazýar,
Görüp otursak, gyz ikinji adamsynyň öýünde ýaşaýan ekeni, Meni Söýüniň atasy garşy aldy. Oglunyň ykbaly barada gürrüňdeş bolduk.
– Hawa, Söýüni basdylar – diýip, ýaşuly aýtdy: – gelnimiz öýde, ol çaga garaşýar.
Biziň gürrüňimiz uzaga çekmedi. Ýaşuly öýlerine mürähet etdi, ýöne men göwnemedim. Bu öýüň bosagasyndan ätlemekligi oňaýsyz duýdum. Biz näme gürrüň etsek-de, häzirki ýagdaýda Gözele Myrady ýatlatmak gelşikli däl. Men diňe ýaşula suda ýene-de bir gezek ýüz tutmaklygy, sebäbi şeýle halatlarda, eger-de ýaş aýal göwreli bolan ýagdaýynda onuň adamsyna suduň başga has ýeňil jeza çäresini saýlap alýandygy barada eşidendigimi, Söýüni erkinlige çykarmaga mümkinçiligiň bardygyny aýdyp hoşlaşdym.
...Dolanyp gelýärin. Töwerek tutuşlygyna boş meýdan. Ýekeje-de janly-jemende ýok. Ýol boýy oýlanýaryn: gyzyň kalbynda nämeler gopýarka, bu bolup ýören zatlary nähili kabul edýärkä? Onuň hilesiz gyz düýşüne nämeler girýärkä? Kim girýärkä? Myratmy? Söýünmi? Ýa-da hiç zat girmeýärmikä? Şeýle-de bolýar ahbetin...

Şöhrat MÄTWELIÝEW.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 88 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şöhrat Mätweliýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 18
0
18 Dunyagozel   [Материал]
@Bagabat biggrin
Tapaýýaňyz sizem
Sorag bolsa ilki size sorajaga smile

0
17 Dunyagozel   [Материал]
@Bagabat biggrin
Tapaýýaňyz sizem
Sorag bolsa ilki size sorajaga smile

0
16 Bagabat   [Материал]
"Soragyň bolsa beriber" diýlende, bir anekdot ýadyma düşdi.
Bir adam obadan Moskwa gelipdir-de, azaşypdyr. Barmaly ýerini agtaryp ýörşüne-de, tötänden içi jynly çüýşäniň üstünden baryp, onuň gapagyny açan badyna, içinden jyn çykypdyr. Çykan dessine-de jyn:
-Näme dilegiň bolsa, sora şumat! Men özümi erkinlige goýberendigiň üçin seniň birje dilegiňi hökman bitiräýmeli bolýaryn!-diýip arlapdyr welin, aljyran daýhan:
-Leniniň Mawzoleýine nädip barmalydygyny salgy bersene!-diýenini duýman galaýypdyr. cool

0
14 Dunyagozel   [Материал]
Ýok, bolmawersin. Ýöne hukuk sapagyndan diňe 5-lik alýanyňyz belli cool suw ýaly aýdyp berdiňiz, özümä kon. Kitapdan gözläbem tapyp biljegim näbelli smile

0
15 Bagabat   [Материал]
Soragyň bolsa beriber. Bildigimden jorap bereýin... biggrin

0
10 Dunyagozel   [Материал]
@Bagabat siz adwokadmy?

0
11 Bagabat   [Материал]
Estagpurulla! Alla saklasyn! cool

0
12 Bagabat   [Материал]
Ýöne, "Dile geldi, bile geldi", ýene-de bir zat aýdaýyn.
Bir gezek, bir toýda Ümür Esen gyjakçynyň ýanynda otruryp, ony ünsli diňläpdir-de, soňam onuň çalan bir sazynyň bir-iki kakuwyny ýalňyş çalandygyny aýdyp bellik edipdir. Şonda gyjakçy sazanda: "Ümür däde, sen asyl gyjakdanam başyň çykýarmydy?" diýip geň galypdyr. Şonda Ümür Esen myssa ýylgyrypdyr-da:
-Haý inim, Ümür dädeň gelin bolup görmese-de, işiginden-ä jyklap görendir!-diýip jogap beripdir. biggrin

0
13 Bagabat   [Материал]
Onsoňam, @Dunyagozel, soraýaň welin, nä adwokata kliýent bamy?! cool

0
9 Bagabat   [Материал]
Hakykatda welin, kanun nika baglaşmak üçin şu aşakdaky şertleriň bolmagyny talap edýär:
1. On sekiz ýaşyň dolan bolmagy;
2. Nika baglaşmaga taraplaryň ikisiniňem meýletinligi;
3. Ýakyn garyndaşlygyň bolmazlygy;
4. Taraplaryň öň bozulmadyk nikada duran bolmazlygy;
5. Taraplaryň kämillik ukybynyň bolmagy (ýagny, akyl-huşunyň düzüw bolmagy).

0
8 Bagabat   [Материал]
Maşgala hukugyny okap başlanymyzda mugallyma degşip, bize: "Nika baglaşmak üçin anyk kesgitlenen nika ýaşyndan başga ýene-de nähili şertleriň bolmagyny kanun talap edýär?" diýip sorag berende, oglanlaryň biri: "Gowuja maşşynyň bolmaly, jaýyň bolmaly, galyň tölemäge ýagdaýyň bolmaly, onnoňam, iň esasy zat, är hökmünde gurbatyň bolmaly" diýip gara çyny bilen jogap beripdi. biggrin

0
7 Bagabat   [Материал]
Hasam, awtoryň "tejribeli ýuristler" diýip atlandyrýan hukukçylarynyň gepleýiş dili...
Megerem "tejribeli ýuristler" şeýle geplemelidirler..."men ýigidi basmaly"... Jenaýatçylykly etmiş üçin jeza çäresiniň haýsy-da bolsa bir görnüşini belleýän hökümi kazyýet çykarýar dälmi? Onsoň, причем тут "men ýigidi basmaly"? dry

0
6 Bagabat   [Материал]
Oçerk bolsa, öz ýazylan döwrüne görä sowatly we köpçüligiň diline ýakyn ýazylan bolsa-da, häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan garasaň-a, okanyňda tagaşyksyzlygy bilen gözüňi agyrdýar. cool

0
1 atashkammmm   [Материал]
Gyzyklyja eken shy wagtam barmyka shonyaly kanun

0
2 Bagabat   [Материал]
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi

143-nji madda. On alty ýaşa ýetmedik adam bilen zyna etmek

On alty ýaşa ýetmedik adam bilen zyna edene,
üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

0
3 Bagabat   [Материал]
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi

162-nji madda. Aýal-gyzlary nikalaşmaga mejbur etmek ýa-da olaryň nikalaşmagyna päsgel bermek

(1) Aýal-gyzlary nikalaşmaga ýa-da nikaly ýaşamagyny dowam etdirmäge mejbur edene, şonuň ýaly-da zorluk edip ýa-da zorlugy ulanmak haýbatyny atyp, aýal-gyzlaryň özleriniň halan adamsyna durmuşa çykmagyna päsgel berene,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Nika ýaşyna ýetmedik adamy hakykat ýüzünde nikalaşmaga mejbur edene,
üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

0
4 Bagabat   [Материал]
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi

163-nji madda. Köp aýallylyk

Köp aýallylyk, ýagny, iki aýal ýa-da birnäçe aýal bilen bile ýaşap, umumy hojalygy bilelikde ýöredene,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

0
5 Bagabat   [Материал]
Türkmenistanyň Maşgala kodeksi

15-nji madda. Nikanyň baglaşylmagy

1. Nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.
2. Nika ýaşy on sekiz ýaş diýlip bellenilýär.
3. Aýratyn halatlarda esasly sebäpler bolan mahalynda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolmadyk wagta peseldilip bilner.
Şu ýagdaýda, şeýle adam nika baglaşylan gününden başlap doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolýar. Şunda onuň kämillik ukyby nika bozulan halatynda hem doly möçberde saklanyp galýar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: