01:40
Akylyñ öýi / satiriki hekaýa

AKYLYÑ ÖÝI

—Salawmaleýkim!
—Waleýkim!
—Senariý getiripdim…
Stoluň aňyrsynda oturan dolmaç pyýada zordan gepledi:
—Näme hakda?
—Özüm hakda. Munuň üçin iki ýyl azap çekdim.
—Näçeräk adam gatnaşýa?
—Maşgalamyz gatnaşýar.
Başda ulujamyz Mapbyň eneden bolşy, soňra ulalyşy, goňşymyzyň ýygnap goýan derisinden paralyk ogurlaýşy we onuň bilnip, agaja daňlyp goýluşy, soňra bolsa oglumyň söýgi äleminde çeken hupbatlary we biziň ony öýlendirişimiz hakda.
—Onsoň näme hakda?
—Onsoňmy?.. Onsoň soňkujalarymyzyň döreýşi, oýnaýyşlary barada.
Studiýanyň işgäri ahyry ýaryldy:
—Barada… Barada… Näme barada how?
—Ýeri, senarini kabul etdigem-dä. Rollary oňaraýjak artistleri göz öňünde tutduňmy?
—Tutdum-la. Maşgalamyz bolup oýnajak. Rejissýorlygynam özüm ederin. Çagalarymyň biri saz bilen bezär, beýlekisi montajlar, ýene biri operatorlyk eder. Surata düşmeýän wagtlary gezekleşäýseler hem bolar.
—Munyň-a gaty kyn bolar…
— Eger iki maşgala taýýarlasa, nähili bolarka?!
— Onda bolaýmagy ahmal. Ýöne ikinji maşgalany nireden tapjak?
— Tapylar-la. Ynha, mysal üçin, siziň maşgalaňyzy goşsak bolar durubir-dä…
— Be, sen-ä tüýs akylyň öýi ekeniň! Gel, şuny synap göreliň,..

Bäşim GUTLYMYRADOW.

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 235 | Добавил: Gurgencli | Теги: Bäşim Gutlymyradow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Hаwеrаn   [Материал]
"Gyzlar göteriñ sandygy" edip giriber bir uçdan, bar bolsa goyuber smile

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Kabir hindi kinolarynda režissýor: Şarma Pratap Singh
Prodyuser:Şarma Pratap Singh
Senariya: Şarma Pratap Singh
Operator: Şarma Pratap Singh
Kompozitor: Şarma Pratap Singh.
Baş rolda: Şarma Pratap Singh.
Epizodlarda: yene Singhler... diyişleri yaly bolupdyr bul-a biggrin

0
1 Gurgencli   [Материал]
Bäşim Gutlymyradowyň eserleri saýtda öň ýok ekenow mende bir kitaby bar gowy ýazýar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: