01:32
Sen meni gabanma

SEN MENI GABANMA

Sen meni gabanma natuwan gözden,
Sen dek dilberiñ söýenin,
Söýmän bilermi gözeller?!
Sen meni gabansañ dillerden gaban,
Dil bilen bagryñ dilerler,
Gözi natuwan gözeller.

Heniz öýümizde goş-golam ýokka,
Onlugy çüýleýän goşgulam ýokka.
Biri-birimizi söýer ýörerdik,
Hatda söýüşmäge yşgalañ ýokka.

Bir ýassyk diledik,
Hemem bir ýorgan,
Bir käsese çaý içmäge kaýyldyk.
Indem hak-u-nähak gabanyp ýörsüñ,
Ne döw çaldy, ne al kakdy, halaýyk?!

Kinelerimiz jübimizden önüp dur,
Meniñ ak bilenim señ üçin gara.
Orta ýaşda,
Ömrüñ güýzän gürpünde,
Munça-da bir ezýet bolarmy ýara?!

Sen meni gabanma,
Gabanjañ kalba,
Gaýgy-gamlar bulut bolup çökerler.
Näme gerek öz-özüñi horlamak,
Natuwanlar bir öwrümlik nökerdir.

Seni söýen gözlerimde müýnüm ýok,
Düýnüm ýok, bir pursat seni söýmedik.
Maña ýol üstünde duşan gözeller,
Galgap galdy başyñdaky öýme dek.

Ýüpek tary müñ setire badalga,
Goý, dökülip ýatsyn,
Saçlaryñ örme!
Ynha men - ezip iç,
Hala oda at,
Ýöne goşgulamdan gabanyp ýörme.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 225 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hojaberdi Baýramow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 6
0
6 Dunya   [Материал]
Wah birinji topbagynada düşünip bilsem gowja goşgy ekendä...

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Wah, ozumizi oñarmansoñ bolya-da şeýle, yetse bolaymajakmy cool

0
4 Gumlygelin   [Материал]
Owadan,çeper sözler bilen kalbyña ýumşaklyk çaýýar.Juda gowy goşgy...

0
3 Gumlygelin   [Материал]
Beh...şeýdip özüñe göwnüñ ýetäýse dry

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Aytmasana. Ylaýta-da maña.. biggrin

0
1 Мylayym   [Материал]
Şahyrlaryňkam aňsat däl eken... smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: