01:59
Ýaşardym hut diri ýaly

ÝAŞARDYM HUT DIRI ÝALY

Gursagma sygmady ýürek,
Zyñaslarym geldi sogrup.
Başarmandyr ejem meni,
Dogranda ýüreksiz dogrup.

Eger şeýdip dogran bolsa,
Ýürekden ýanmazdy janym.
Duşmanyma dost bolmazdym,
Bolardym zalyma zalym.

Gaýgy bilen gaýnatmazdym,
Durmuşyñ gamly gazanyn.
Ýa,ejirin çekermidim!?
Özge bihaýa a:zanyñ.

Menem başda doglan bolsam,
Edil köpleñ biri ýaly,
Günde müñ gez ölüp ýörmän,
Ýaşardym hut diri ýaly.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA

Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 10
0
10 Gumlygelin   [Материал]
@Dünýägözel minnetdar jigim.Goşgyma beren ullakan bahañ üçin.

0
9 Dunyagozel   [Материал]
Gelneje gowy ýazypsyňyz, siz hiç şahyryň wasp etmediklerini ýazýaňyz, şondan ýürege ýakyn bolýar. Galamyňyz ýiti bolsun smile

0
8 Gumlygelin   [Материал]
@atashkammmm hawa...Şoñ üçinemem ýamman akyllyja boluñ angry

0
7 Gumlygelin   [Материал]
Akjemal siz halasyñyz bolany uýam smile

0
6 Gumlygelin   [Материал]
@MrOKaS sizem sag boluñ.

0
5 MrOKaS   [Материал]
Gelleje gaty gowy ýazýañyz janyñyz sag, galamyñyz ýiti bolsun!

0
4 Akjemal   [Материал]
mena yuregime junk boldy su gosgy. Haladym. yetireninize minnetdar

0
3 atashkammmm   [Материал]
Sähelçe aýagyñ gyşyk bassañ aýal maşgala şony dessine bilýä diýýäler welin şol cynou

0
2 atashkammmm   [Материал]
Byrhili adamsynyn edyan biwepalygyna jany yanan gelniñ iç gepletmesine meñzeýa

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Serime gelen setirleri gošga geçirip goýsamam goýdum welin...çekinýänem...birden..."Illerde niräñ üýtgeşik"diýäýseler diýip sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: