01:43
OGLANJYK

OGLANJYK

Her gün ota gidýär eşegin münüp,
Suwoty getirýär, kä bolsa peçek.
Käte-de öň gelýär onuň özünden,
Arkasy ot ýükli gelmeli eşek.

Elinde ot reňki,
Köýnegi şire.
Kä ýetirýär gyzlaň saçyna elin.
Gyzam aglak bolsa, ana, onsoň gör,
Yzyndadyr eli çybykly gelin.

Togarlanyp, top oýnaýar köçede,
Aryň ketegine ýagdyrýar daşy.
Arylaram oňa sowgat berýärler
Bir topar aşyk deý, topaz deý çişi.

Bolup ýörşün görseň köçede-zatda,
Seniň ony synlap, gülesiň gelýär.
Ol gülki bolsa-da,
Kirli bolsa-da,
Meniň şol oglanjyk bolasym gelýär.
Ýene şol oglanjyk bolasym gelýär.

* * *

Gün penjesin uran çagy penjirä,
Ýaýransoň meýdana guşlaň «jok-joky»,
Köçäň çagalary üýşüp düz ýere,
Depip oýnaýarlar bir ala topy.

Şadyýan sesleri gulagma gelýär,
Penjirämi açyp, seredip durýan.
Kimler göni depýär, kim hile gurýar,
Özümi ýatlamaň gujagna berýän.

Synlap durup öz oýnanja oýnuňy,
Çagalygňy ýada salman bormy, heý.
Oýun gutaransoň tukatlanýaryn,
Göýä, çagalykdan bäri kowlan deý.

* * *

"Oglum Eziziň ýagty ýadygärligine"

Eziz janym — şol neresse oglumy,
Gije-gündiz asla undup bilemok.
Ana-da, ol torsarypjyk dur çetde,
«Gel» diýsemem, gujagyma gelenok.

Deň-duşlary oýnan oýnun oýnap ýör,
Öýde asylgy dur köýnejikleri.
Oýulyp dur indi şol günden bäri,
Öýüň bir buruçda ýatýanja ýeri.

Gidenimde uzak-uzak illere,
Oňa-da bir sowgat alasym gelýär.
Birdenem ýoklugy ýadyma düşýär,
Elenip oturýan nätjegim bilmän.

Onsoň ýada düşýär beýlekilerim,
Ýogy ýatlap, bara edýärin şükür.
Ýene-de özüme öwrülip gelýän,
Pikir, onsoň pikir, ýene-de pikir.

Bu dünýä men kem-käs düşnüp ugradym,
Belki, kändir zadym - ýene görmeli.
Ölenler-ä ölüp gidýär bu ýerden,
Galanlaram şol jowranyp ýörmeli.

1982.

* * *

Ine, meniň öýüm, mähriban öýüm,
Gapydaky gulpy gidipdir zeňläp.
Ot-çöp ören ýoda, uzyn baglara
Seredip otyryn, böwrümi diňläp.

Ine, meniň öýüm, köneje öýüm,
Ýok öňki ýagtysy, ýok öňki gory.
Seniň bilen uzaklara gidipdir,
Özüň giden günüň bularyň bary.

Goş-golamlar kesmekläpdir çaň basyp,
Öňki giňiş öýüm indi şeýle dar.
Barmaklarym bolsa ýuwaşlyk bilen,
Çaň-perdeli suratyňy sypaýar.

Aýsyz bolýan eken, sensiz galsa öý,
Günsüz bolýan eken, sensiz galan öý.
Bakyp odunlara, sönen ojagma,
Otyryn oýlanyp, dilim ýuwdan deý.

...Hoş gal, eziz öýüm, ýar suraty, hoş,
Bu ýerlerik gelmen indi täzeden.
Goýdum açarmyzy öňküje ýerde,
Belki, birçak dolanarsyň yza sen.

* * *

Aýa meňzeş bir gözeliň
Jemalyna bakyp barýan.
Murgabymda bir gaýykda
Onuň bilen akyp barýan.

Tebigat bar gözelligi
Hut şol gyza emlän eken.
Gözkerinde Aýsyz gije...
Öz leşgerni jemlän eken.

Bir gaýykda ýüzüp ýörün,
Ýatdan çykdy çeňňek-balyk.
Pasyrdaýar gaýygymda,
Hem ýürekde öýme ýaglyk.

Agageldi  ALLANAZAROW

Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: MrOKaS | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: