01:38
Howply jenaýatçy gözlenilýär / detektiw oçerk

HOWPLY JENAÝATÇY GÖZLENILÝÄR

Hemme zat on dokuzynjy fewralda, ýekşenbe güni ir bilen başlandy. Milisiýanyň şäher bölümine şäheriň mekdepleriniň biriniň territoriýasynda adamyň ýanan jesediniň tapylandygy barada graždanlardan habar gelip düşdi. Şol wagtyň özünde howsalaly signal boýunça jenaýatyň bolan ýerine milisiýanyň narýady geldi. Milisiýanyň işgärleri ilkinji pursatlardan düýpli kynçylyklara duş geldiler. Jeset tanap bolmaz ýaly ýanypdyr. Ony tanamak hakykatdan hem mümkin däldi. Öleniň kimdigini anyklaman, gözleg işlerine girişmek akyla sygjak zat däl. Şonuň üçin hem bu ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýardy. Dereksiz ýitenler barada bolsa hiç hili signal ýokdy.
Yhlas bilen edilen medekspertizanyň netijesinde näbelli adamyň ýakylyp öldürilmän, boglup öldürilendigi anyklanyldy. Öleniň boýnuna gaty sim oralypdyr.
Milisiýanyň şäher bölüminiň tutuş liçnyý sostawy aýaga galdyryldy. Jesediň tapylan mekdebiniň töwereginde ýaşaýan graždanlardan giňişleýin sorag edişlik geçirildi. Ýöne muňa garamazdan giç öýläne çenli öldürileniň kimdigini anykdamak başartmady.
Jesediň güýçli ýanandygyna garamazdan ekspertler öldürileniň aýagynda tatuirowka edilen «Olar ýadadylar» diýen ýazgyny anyklamagy başardylar. Hut şu ýazgynyň özi ahyr soňunda öldürileniň şahsyýetini anyklamaga tarap ýol açdy.
Milisiýanyň işgärleri täze çaklamany öňe sürdüler. Bu näbelli adamyň öň sud edilen bolmagy mümkin. Şeýle tatuirowkalary köplenç jenaýat dünýäsi bilen nähilidir gatnaşygy bolan adamlaryň edýändigi gizlin däldi. Rüstem Tyllaýew şeýle tatuirowkaly oglan bilen duşuşanlygyny ýadyna saldy. Bu duşuşyk bolsa milisiýanyň şäher bölüminde bolundy. Ol bölüme bir ogurlygyň ýagdaýlaryny anyklamak üçin çagyrylypdy. Ýaňky oglan öz wagtynda sud edilipdi. Ýöne jezasyny çekip gelenden soň hem özüniň garaňky geçmişi bilen hoşlaşman, gaýtam tersine mugthorluk bilen meşgullanmagyny dowam etdiripdir. Neşe çekipdir, morala ters gelýän ýaşaýyş obrazyny alyp barypdyr.
Milisiýanyň işgärleri ýaňkynyň öýüne baryp, garyndaşlary, iki uýasy, inisi we giýewisi bilen duşuşdylar. Emma olaryň sözleriniň ak göwünden aýdylýandygyna müňkürlik peýda boldy. Iş bolsa jenaýatyň bolan ýerinde, kimdir biriniň öýünde onuň öldürilendiginden habar berýän halyçadady. Öldürileniň garyndaşlarynyň özlerini alyp baryşlary hem geň galdyrýardy. Jesediň aşagyndan tapylan halyça meňzeş halyçanyň olaryň öýlerinde bardygy ýa-da ýokdugy hakyndaky soraglara olar dymmak bilen jogap berýärdiler. Jogapdan gaçmaga jan edýärdiler. Öý ünsli barlanandan soň birnäçe gan damjalary ýüze çykaryldy. Jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleriniň prokuroryň gatnaşmagynda kanunyň çäginden çykman iş geçirendikleri düşnüklidir.
Azymbaýy öz adamsynyň, dogan agasynyň, uýasynyň adamsynyň öldürendiklerini uzaga çeken içgin gürrüňdeşlikden soň öldürileniň gyz dogany gürrüň berdi.
Azymbaý onuň agasy bolmak bilen, şol gün öýe gelip gykylyk turuzypdyr. Agasynyň hem-de gyz doganynyň göwünlerine degip ugrapdyr. Ol özüniň oýnaşyny şu öýde uçýota goýmak isleýärdi. Muňa bolsa onuň garyndaşlary razy bolmaýardylar. Azymbaýyň talaby öýi öz atlarynda galdyrmakdy. Uýasynyň gykylygy bes etmek baradaky haýyşyna gulak asman, gaýtam ýumruklap ugraýar. Şol zerarly oýnaşyny jaýda uçýota goýup bilmeýändigini aýdyp, gykylyklaýar. Agasy olary köşeşdirmekçi bolýar. Ýöne guduzlan Azymbaý agasyny-da, giýewisini-de urýar. Oňa zabun garşylyk görkezýärler. Ilki urýarlar, soňra hem wannadaky geýim asylýan sim bilen bogýarlar. Jenaýatdan birnäçe wagt geçensoň öldürileniň garyndaşlary jesedi halyça dolap mekdebiň territoriýasyna getirýärler hem-de üstüne benzin guýup otlaýarlar. Şeýtmek bilen olar nähili ýagdaýlar-da bolsa-da adam öldürendikleri üçin jogap bermelidiklerine düşünip, eden jenaýatlarynyň üstüni örtmek isleýärler.
Bu jenaýaty açmakda esasy kyn düşen zat, öldürileniň şahsyýetini anyklamakdan ybarat boldy. Eger-de jenaýaty agtaryşyň operupolnomoçennysy R.Tyllaýewiň synçylygy, ýatkeşligi kömek etmedik bolsa, onda jenaýatçyny gözlemek işleriniň haýsy ýollar bilen gitjekdigi mälim däldi. Jenaýaty açmak üçin göni on iki sagat gerek boldy, onuň hem sekiz sagady öldürileniň şahsyýetini anyklamaga gitdi.
Şol gün öýlän dartgynlylyk köşeşenden we ahyrynda dynç almak mümkinçiligi döränden soň ýene-de howsalaly habar gelip gowuşdy. Tejribe stansiýasynyň golaýynda, Daşhowuz – Telman ýolunda maşyna ýaragly çozuş edilipdir. Sürüji iki gezek atylyp ýaralanypdyr. Jenaýatçylar ejir çekeni we maşyny ýolda galdyryp gidipdirler.
Soň mälim bolşuna görä, birinji maşyna çozuş edip, ony alyp gaçyp bilmänlerinden soň, ikinji maşyny saklap, sürüjini maşyndan itekläp düşürip, ony alyp gaçypdyrlar. Iň howsalaly ýeri hem jenaýatçylar tarapyndan ogurlanan maşynyň salonynda ýedi ýaşly oglanjygyň bardygydy.
Ýene-de howsala. Jenaýatçylaryň gözlegine diňe içeri işler bölüminiň sostawy däl, eýsem milisiýanyň raýon bölümleri hem çekildiler. Elbetde esasy agram telmanlylaryň gerdenine düşýärdi. Sebäbi jenaýat posýologa barýan ýolda edilipdi. Döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärlerine hem operatiw tabşyryk berildi, jenaýatçylar maşynda gözden ýitdiler ahyryn...
Jenaýatçylaryň biziň oblastymyzyň çäginden çykyp biläýjek ähli trassalarynda postlar goýuldy. Dessine garagalpakly kärdeşler bilen habarlaşyldy, olara alnyp gaçylan maşynyň nomeri, reňki, markasy habar edildi. Jenaýatçylaryň araçäkleri Telman posýologyndan uzakda bolmadyk şu respublika geçäýmekleri ähtimaldy.
Elbetde, alnyp gaçylan maşyndaky oglanjygyň ykbaly aýratyn howatyrlandyrýardy. Ot açýan ýarag ulanmaklary jenaýatçylaryň hiç zatdan gaýtmajakdyklaryny habar ber ýerdi..
Ejir çekenler bilen doly gürrüňdeşlik geçirilenden soň, jenaýatçylaryň ilki Daşhowuz şäherine tarap gaýdandyklary mälim boldy. Gözleg merkezi şeýdip oblast merkezine gönükdirildi. Graždanlardan ýene-de giňişleýin sorag edildi. Ol bolsa belli bir netije berdi. Demirýol geçelgesiniň işgäri milisiýa işgärleriniň soraglaryna suratlandyrylýana meňzeş maşynyň oba hojalyk tehnikumy tarapa geçendigini habar berdi. Hakykatdan-da haçan-da milisiýa işgärleri oba hojalyk tehnikumyna golaý gelenlerinde jenaýatkärleriň alyp gaçan maşynyny gördüler. Oglanjyk bolsa maşynada uklap ýatan ekeni. Ol jenaýatkärleriň maşyny şu ýerde goýup, özleriniň bolsa gidendiklerini aýtdy.
Nirä gitdilerkä? Nädip? Gözleg işleri dowam edýärdi. Postlar aýrylanokdy. Diňe daňa golaý Garagalpagystanyň territoriýasynda daşhowuz nomerli maşynyň ýüze çykanlygy barada habar berdiler. Hemme zatdan görnüşi ýaly, ol biziň talaňçylarymyzyň maşyny bolmalydy.
Oba hojalyk tehnikumynyň ýanynda alnyp gaçylan maşyny galdyryp, yzlaryny ýitirmek üçin jenaýatçylaryň şahsy «taksini» münüp, Nöküse gidendikleri soň aýdyň boldy. Ýolda olar ýarag çykaryp, sürüji bilen onuň ýoldaşyny gorkuzyp jübülerini barlapdyrlar. Gözleriniň oduny almak üçin kelte nilli tüpeňden birki gezek ok atypdyrlar. «Moskwiçiň» eýeleri talaňçylara garşylyk görkezmäge synanyşmandyrlar. Olaryň talaplaryna gulak asmaly bolupdyrlar. Nöküsiň aerowokzalynda jenaýatçylar we olaryň pidalary aýrylyşypdyrlar. Aýdylyşy ýaly, parahatçylykly aýrylyşypdyrlar. Şonuň üçin «Moskwiçiň» eýeleri hukuk goraýjy organlara ýüz tutmak barada, pikir hem etmändirler. Arkaýyn yzlaryna gaýdypdyrlar. Onýança talaňçylar özleriniň yzarlanylmaýandygyny çaklap, Maňňyt şäherine gitmek üçin täze maşyny hakyna tutýarlar. Ýolda olar ýene-de ýarag çenäp, sürüjiden köp mukdarda pul alýarlar. Maňňyda gelenlerinden soň, maşyny gorkan sürüjide galdyryp, özleri gidýärler. Sürüji Nöküse gaýdyp gelip, dessine milisiýa habar edýär. Özüni talandyklaryny, müň bäş ýüz manat puluny alandyklaryny aýdýar. Nöküsde daşhowuzlylar täze jenaýat hakynda eşitdiler. Nöküsli sürüjiniň gürrüň berenlerine salgylanyp, biziň oblastymyzdaky jenaýatyň hem şol bir adamlar tarapyndan edilendigi baradaky netijä gelindi. Maňňyda baryp jenaýatçylary tutaýmak galýardy.
Maşynyň sürüjisi jenaýatçylaryň düşen ýerini görkezdi. Şonuň golaýynda, güman edilýänleriň biriniň öýi bardy. Milisiýanyň işgärleri bu öýi çaklap ýalňyşmadylar. Talaňçylaryň biri hut şu öýde ekeni. Ony soňra ejir çekenler hem tanadylar.. Şeýlelik-de, bir gije-gündiziň dowamynda ikinji jenaýat hem açmak başartdy. Elbetde, bu zalymlyk we ýarag ulanmak bilen edilen jenaýatlardy. Jenaýatkärleriň biri öz wagtynda talaňçylyk edenligi we adam öldürenligi üçin sud bolupdy. Ýöne mundan netije çykarmandyr.
Elbetde, meselem, birinji jenaýat boýunça haýsydyr bir netije çykarmak kyn. Dawa-jenjel wagtynda öldürilen Azymbaýyň garyndaşlaryny aklamaga-da esas ýok. Üstesinede olar edilen jenaýaty ýaşyrmaga synanyşypdyrlar. Munuň üçin hat-da jesedi hem otlapdyrlar. Ýöne Azymbaýyň özi hem nädogry hereketleri bilen tragediýany golaýlaşdyrypdyr, öz ýakyn adamlarynyň pidasy bolupdyr.
Her hili ýagdaý bolmagy mümkin. Ýöne adam hemişe adamlygynda galmalydyr. Eger-de ol kanunyň çäginden çykdymy, diýmek, munuň üçin hem jogap bermelidir.

Şöhrat MÄTWELIÝEW.

Категория: Detektiw proza | Просмотров: 143 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şöhrat Mätweliýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 atashkammmm   [Материал]
Gyzyklyja eken yene shular yaly eserlerin goyularyna garashyass...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: