01:45

Ynha, kümüşsöw Aý,
Ynha, dolan Aý
Seçeleýär tar-tar zer edip nurun,
Ýüregimi jemläp didelerimde,
Oňa yhlas bilen seredip durun.

Bu ne ahwal,
Aýda keşbiň görünýär,
Seniň Aýa juda meňzeşligiňmi?!
Ýa bakan ýerimden seni görmäge
Meniň halysalla werzişligimmi?!

Ýok...
Duýýaryn...
Bir ýerlerde delmuryp,
Häzir senem Aýa garap duransyň.
Güýzki daragt deýin...
hyýally başyň
Müň oýda çalaja yrap duransyň.

Parhy ýok, Zeminiň aýry künjegi,
Iki ynsan şol bir wagtda seretse,
Bir-birin görermiş Aýyň ýüzünde,
Çünki Aý hem göwün ýaly... arassa...

Kakamyrat REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: