01:36
Nazym Hikmetiñ goşgularyna ylham beren 12 zenan

DÜNÝÄ BELLI TÜRK ŞAHYRY NAZYM HIKMETIÑ GOŞGULARYNA YLHAM BEREN 12 ZENAN

Türkmenistanyñ halk ýazyjylary Allaberdi Haýydowyñ, Italmaz Nuryýewiñ we beýleki şahyrlarymyzyñ terjimesi bilen türkmen okyjylaryna heniz özüniñ diri wagtyndan bäri tanyş Nazym Hikmetiñ goşgularyna ylham beren zenanlaryñ kimligi we şahyryñ olara bagyşlap ýazan goşgulary siziñ üçin aýratyn gyzykly bolsa gerek. Geliñ, onda olary ýakyndan tanamaga synanyşalyñ:

1. SABIHA HANYM

Nazym Hikmetiñ ýetginjeklik döwründäki ilkinji söýgüsi Osmanly soltany Abdylhamyt II döwrüniñ belli häkimleriniñ biriniñ gyzy bolan Sabiha hanymdyr. Nazym şahyr Sabiha hanyma bagyşlap "Garagöz gyz, sen neneñsi owadan!" diýen meşhur goşgusyny ýazypdyr:

"Garagöz gyz, sen neneñsi owadan,
Söýýändigme senden kasam edýärin.
Goýras reñkli gül dek gözüñ ýumanda,
Göwsüñden bir salym tutsady elim.
Ömrümi señ elleriñden içerin,
Garagöz gyz, sen neneñsi owadan!"


2. AZYZA HANYM

17 ýaşyñ joş urýan döwri... Nazym şahyr ýene bir gyza aşyk bolýar. Bu gezek ol adybelli bir hekimiñ aýalynyñ jigisine aşyk bolýar. Gyzyñ ady Azyza. Ýeri onsoñ, Nazym ýaly hakdan içen şahyryñ söýgüsi-de goşgusyz bolarmy?

“Maña düýş görkezen şerabyñy sun,
Gaşyñda ýürekden çökemde dyza.
Gelsene, garaört alnyma ýakyn,
Azyza, gözleri nurdan Azyza!”


3. SÜKUFE NIHAL

1920-nji ýyllarda Erenköý daçalarynda şahyrlar üýşüp goşgy okaşyp, gyzykly-gyzykly söhbetler eder ekenler.
"Bir döwrüñ romany" atly eserinde Halide Nusret Zorlutuna bu barada şeýle ýatlaýar:

“Sükufe Nihal goşgy okap bolansoñ güldi-de, elindäki kagyzy maña berdi. Şu günki ýaly ýadyma düşüp dur, kagyzda "Men siziñ yşkyñyzd diwana boldum, siz bolsa maña ünsem bereñzok!" diýen ýazgy bardy.”

Halide Nusret Zorlutunanyñ aýal dogany Ismet Kür Süküfe Nihal barada şeýle gürrüñ berýär:

“Sükufe Nihal gören badyña aşyk bolunýan aýallaryñ hilindendi. Ýogsam bolmasa onuñ alyp ýatan owadanlygam ýokdy. Kiçijik gözleriniñ owasy içine çöken Sükufäniñ boýy-da keltedi. Syraty, belendi-pesi ünsi çekerden daşdady. Muña garamazdan ol jalaýdy, üst-başyna gowy seredýärdi, geýen geýimem gelşip durdy. Dünýäni sil alsa topugyça-da görmeýän äwmezek, özüne diýseñ göwni ýetýän zenandy. Ony özüne çekiji görkezýän şol äwmezekligidi. Onsoñam şol wagtlar agzyñy suwardýan zenanlar o diýen kän däldimi nämemi? Ýa-da onuñ özboluşly gylyklary başgalardan tapawutlydymy? Ahmal, şeýle-de bolaýmaly şo.”

Aralaryndaky gatnaşygyñ nähili bolandygy anyk bilinmese-de, Ismet Kürüñ pikiriçe Nazym şahyr "Hoşlaşyk hekaýasyny" Sükufe Nihala bagyşlap ýazypdyr.

“Oglan gyza diýdi:
Söýýän men seni!
Ýöne nädip
Aýalamda aýnanyñ
döwüklerin gysymlaýan mysaly
Ýüregmi mynçgalap, barmaklarymdan
Gan sarkdyryp,
Däli-diwana ýaly...
Oglan gyza diýdi:
Söýýän men seni!
Ýöne nädip,
Menzillerde çümüp, menzilde galyp,
Ýüze ýüz, ýüze müñ bäş ýüz,
Ýüze sansyz gezek ýüz...
Oglan gyza diýdi:
Gördüm, ynandym!
Dahan bilen, ýürek bilen, ser bilen
Söýüp, hem çekinip, hem başym egip,
Dodagyña, ýüregiñe, seriñe.
Häzir dilim näme sözleýän bolsa
Tümlükdäki pyşyrdyñdan öwrendim...
Hem men indi bilýän:
Topragyñ ýüzi
Mährem ene kimin iñ soñky görkli
çagasyny doýa emdirenini...
Ýöne men neýläýin
Çolaşdy saçlam
Seniñ gatap galan barmaklaryña.
Meñ halas bolmagym soñky çäre däl!
Sen öñe git,
täze doglan çaganyñ
Seredip enaýy bäbeneklerine...
Gyz dymdy.
Birdenem GUJAKLAŞDYLAR
Kitap düşdi ýere...
Ýapyldy penjire...
AÝRYLYŞDYLAR”


4. NÜZHET HANYM

Nazym şahyr dosty Wala Nuretdun bilen 1921-nji ýylyñ sentýabr aýynda kommunizmiñ yşkyna düşýärler we Trabzon portundan gämä münüp, SSSR-e syýahata ugraýarlar. Şll ýerde olar "Stambul" neşirýatynyñ direktory, õñki goñşulary Muhitdin bege hem-de onuñ baldyzy Nüzhet Berkine gabatlaşýarlar.
Stambuldaky tanyşlygynda Nazymyñ göwnüne ýaran Nüzhet hanymyñ arasynda söýgi ody tutaşýar. Nazym şahyr diýseñ gabanjañ bolupdyr. Ol Nüzhet hanymyñ dagystanly görmegeý talyp ýigit bilen gürleşip duranyna gözi düşüp "Tenimdäki gurçuk" şol aşa gabanjañlykdan dörän goşgudyrr:

“Sen meñ minara boý syrdam göwräme,
Aralaşdyñ akja, ýumşak gurçuk deý.
A men içegäme mäkäm çolaşan
Makdonald gurçugna ýal berýän iñlis
haknatutma işçisi dek saklaýan
Seni içimd-eý.."


Nazym Hikmet 1922-nji ýylda Nüzhet hanyma öýlenýär. Ýaş çatynjalar şahyryñ okaýan uniwersitetiniñ umumyýaşaýyş jaýynda ýaşap başlaýarlar. Bularyñ nikasyna Muhitdin beg nägileligini bildiripdir. Nazymyñ öz ýakynlary-da muña garşy bolupdyrlar. Olara Nüzhetiñ fiziki taýdan ýarawsyzlygy ýaramaýar.  Bary-ýogy 4-5 aý ýaşaşanlaryndan soñ eýýam Nüzhetiñ ykgy-çokgusy köpelýär. 1923-nji ýylda Nüzhet hanym bejergi almak üçin Bakuwa gidýär, şol ýerdenem Türkiýä barýar.
Nüzhet Hanymyñ:

"Nazym, dünýäni düzetmek saña galypdyrmy?! Haçan bizem iller ýaly bir ojagyñ başynda äbede-jüýbe bolup agzybirje öreris? Ikimiziñ bir öýümiz bolsun, men onuñ içinde her gün agşam saña garaşaýyn, bagtly durmuşda agaýana döwran süreli" diýen sözleri idealist garaýyşly Nazyma ýiti täsir edýar.
Nazym 1924-nji ýylyñ iýulynda Türkiýa gaýdyp gelýar. Nüzhet bilen arasyny näçe sazlajak bolsa-da başa barmaýar. Takmynan 1924-nji ýa-da 1925-nji ýylda Nazym bir teatrda Nüzhet han bilen ýüzbe-ýüz garşylaşlasar-da, Nüzhet ony görmediksiräp geçip gidýär.  Nazyma agyr degen bu kemsidiji pursatdan soñ, olar galan ömürlerine bir gezegem gabat gelişmändirler.
1926-njy ýylda Nüzhet hanym dil-edebiýat mugallymy Mehmet Serwet Erkine durmuşa çykýar.
Nazym Hikmet 1932-nji ýylda meşhur "Gök gözli döw" goşgusyny ýazýar. Şu ýerde bir zady belläp geçmegimiz gerek, onuñ ogly Mämmet (Piraýeniñ ogly) bu goşgynyñ öz ejesine ýazylandygyny aýdýar, emma Nazymyñ dostlary Wala Nuretdin, Zekeriýa Sertel, Kemal Sülker dagylar şahyryñ ony Nüzhet hanyma bagyşlap ýazandygyny aýdýarlar:

“Ol gök gözli döwdi,
Eýjejik bir zenan söýdi.
Zenanyñ arzuwy kiçijik jaýdy,
Bag-bakjasy, howlusy,
Gül-gunçaly kaşañ jaý.

Döw kimin söýýärdi ol döw,
Gollary şeýlekin uly iş üçin
Ýasalyp goýulan ýalydy onuñ.
Goýmazdy ol binýadyny,
Kakmazdy ol gapysyny
Bag-bakjasy, howlusy,
Gül-gunçaly kaşañ jaýyñ.

Ol gök gözli döwdi,
Eýjejik bir zenan söýdi.
Ýöne arman ol näzenin
Ümsümligi gowy görýärdi.
Şoñ üçinem döwüñ barýan
Ýodasyndan çalt ýadady.
"Hoş gal" diýip, gökgöz döwe,
Girdi başga jüýje ýaly
Bir tüçjaryñ gujagyna.
Bag-bakjasy, howlusy,
Gül-gunçaly kaşañ jaýa.

Indi bilýär gök gözli döw,
Döw mysaly hak söýgüler
Mazara-da syganokmyş.
Bag-bakjasy, howlusy,
Gül-gunçaly kaşañ jaý…”


5. ÝELENA ÝURÇENKO (LENA)

Nazym şahyr dokuz aý geçensoñ 1925-nji ýylda ikinji gezek SSSR-e gidýär, has dogrusy ýurtdan gaçyp gitmäge mejbur bolýar. Bu gezek ol diş lukmany Ýelena Ýurçenkonyñ yşkyna düşýär. Lenanyñ ýaşy Nazym şahyrdan birneme kiçi eken. Ol okumyş, medeniýetli, özüneçekiji gyz bolupdyr. Lena memes filosofy F.Nişsäniñ ölemen muşdagydy. Onuñ bilen dünýägaraýşy deñ gelmeýänem bolsa, gyzyñ ylymlylygy, tutanýerliligi şahyry özüne baglap goýýar.
1926-njy ýylda Nazym bilen Lena nikalaşýar, olaryñ nikasy iki ýyla çenli dowam edipdir. Şahyr maşgalasyna Lena bilen düşen suratlaryny ugradyp durupdyr. Lenany şahyryñ maşgalasy-da erbet görmändir. Olaryñ nikasy käbir kitaplarda tassyklanmasa-da, Hyfzy Topyz we Mämmet Fuat dagylar şahyryñ Lena bilen ýaşaşandygyna güwä geçýär. Lenanyñ şanyna nähili goşgularyñ ýazylandygyny bilemzok, şonuñ üçin şahyryñ maşgalasyna ýazan hatyndan bir parça ýetirýäris:

“Ýagdaýym hiç neneñ däl. Lena bilen günde sizi agzap goýýarys. Ol sizi gaýybana-da bolsa juda gowy görýär. Samuşa bärden ruslaryñ öndüren gowja tomusky eşiklerinden iberäýsek diýýäd. Eger Lena üçin gonçly köwüş aljak bolsañyz razmeri 37 bolsun.”

6. PIRAÝE

Nazym şahyr 1928-nji ýylda Türkiýä dolanýar. Ol watanynda 3 aý tussaglykda saklanýar. Birnäçe ýyldan soñ bu öwrülişik barada ol şeýle ýazýar:

"Zenanlar bilen çynlakaý gatnaşyga girmeli däl diýen karara geldim. Sebäbi her haçan türmä düşmegim ahmal. Asla durmuş gurmaly däl ekenim."

Ýöne aýdan zadyñ aýdyşyñ ýaly bolaýýamy näme... Şahyr 1930-njy ýylda uýasy Samiýäniñ  jorasy Piraýe bilen tanyşýar. Piýare iki çagaly (Suzan hem Mämmet), ýigrimi dört ýaşly we adamsy Wedat Örfi taşlap Pariže gidensoñ, ondan aýrylyşan dul aýal eken. Şahyryñ nikasyna Piraýäniñem, Nazymyñam hossarlary nägile bolupdyr.
Şahyr bu söýgüsiniñ başky günlerinde  "Benewşe",  "Aç dostlar", "Tylla gözli çaga" goşgularyny ýazypdyr. Ol Piraýäni "Tylla saçly oglan" diýip wasp edipdir.

“Ehe-he-heýýý-ý…
Gyzym, enem, aýalym, uýam sen
Başynda Güneş nur saçan
Tyla gözli çaga sen
Tylla gözli çagam sen.
Däliräpler owaz-owaz
Burnumyñ astyndan gelip-geçdi ýaz.
Bir desse mor benewşe
Getirip bilmedim
Saña!”


Olar 1933-nji ýylda goş birikdirmeli diýen karara gelýärler. Emma 1933-nji ýylyñ mart aýynda Nazym Hikmeti türmä basýarlar. Şol wagtlar Nazyp Piraýe bilen gezýardi. Dört aý geçeninden soñ Piraýäni soraga çagyranlarynda ol türmäniñ müdürine "Nazym meniñ adaglym" diýip çekinmän aýdýar. Şondan soñ ol Nazyma ýazan hatlarynda:

"Eý meniñ keşbini kalbymda sakladygym, Adagly söýgülim, ýüregimiñ töründe orun berenim! Seniñ zaryñy çekýärin....
Adaglyñ"
diýip ýüzlenipdir.

Nazym şahyr özüniñ "Aýalyma birinji hat" diýen goşgusynda şeýle ýazýar:

“Ezizim! Uklap bilemok!
Görünmez guşlar uçuşýar
Depesinde agaçlaryñ.
Alawly duman deý tütýä,
Gözlerimdäki saçlaryñ!
Saçlaryñ-a altyn
Lebleriñ enar.
Goýras kehribar gözli ýar
Çykjagymam anyk belli däl".


7. SEMIHA BERKSOÝ

Nazym Hikmet Bursa türmesinde tussaglykda ýatyrka 1934-nji ýylda öñ teatrda tanşan operaçy Semiha Berksoý ony görmäge gelýar. Olar şol ýerde-de bir-birlerine ýakynlaşýarlar. Nazymyñ ýüregi Piraýede bolsa-da, özüniñ Semiha boln isleginden el çekip bilmeýär.  Nazym köp ýyllardan soñra ýazan "Iki söýgi" goşgusynda şol pursaty setirlerine siñdirýär:

"Bir ýürekde iki söýgi ýerleşmez,
Ger ýerleşse ýalandyr."


Türmede geçiren 16 aýyndan soñ azatlyga çykan Nazym Hikmet 1935-nji ýylda hiç kimiñ bilmejek-görmejek ýerinde, hiç kime aýtman Piraýe bilen nikalaşýar. Bir gün olar Kadyköý portunda garşylaşýarlar. Köne söýgä gaýtadan jan girýäe
Muny Semiha Berksoý şeýle belleýär:

"Basgançaklardan ýokary çykyp barýardyk. Birdenem: "Men öýlendim ahyry, seni alyp bilmerin" diýdi. Menem: "Goý şeýle bolsun" diýip jogap berdim. Ony bolşy ýaly kabul edipdim. Emma ol hakykatda öýlenenem däl eken-de, Piraýä öýlenmäge söz beren eken"

Semiha Berksoý 1936-njy ýylyñ 22-nji dekabrynda  ýatlama depderine ýazgysynda:

"Şu gün irden studiýa gitdim. Ol meniñ elimi mähir bilen gysdy. Onuñ söýgüsi barha we barha artýardy. Bu pursat Kani Gypçagyñ ünsüni özüne çekdi. Ol Nazyma: "Ynsan bir adam bilen bolmalymy ýa-da her öñýeten bilenem gyzyklanybermelimi?" diýip sorag bilen ýüzlendi. Nazym: "Aslynda söýgi bir bolar, emma güýmenjeleriñ, göwün hoşlamalaryñ bolmagy-da erbet zat däl, söýgi welin ýekedir" diýip jogap berdi."

Nazym Semiha Berksoýa goşgy ýazmaza-da, onuñ şanyna "Bu bir düýşdir" atly operany ýazypdyr.. Bu opera goýulanda baş rolda Semiha oýnapdyr.

Bu gatnaşykdan Piraýe bihabar bolmandyr. Mämmet Fuat ejesi Piraýäniñ Nazym Hikmete başga aýallaryñ ýakynlyk etjek boluşlaryna gabanyp ölüp barýanam bolsa, soñ-soñlar Semiha barada: "Dälişge bolsa-da gowja gyzdyr, söýgüsi ýürekdendir" diýendigini gürrüñ berýär.

8. SUAT DERWIŞ

Birinji Jahan urşunyñ soñlarynda, Nazym Hikmet ýazyjy Suat Derwiş bilen tanyşýar. Ikisi-de juwan ýaşd. Ýöne şol wagtlar Suat Derwiş adama ýüz bermeýän ulumsyja gyz bolansoñ Nazym birbada onuñ bilen arany sazlp bilmändir. Şonuñ üçin şahyr "Saýasy" Suat hanyma bagyşlap ýazypdyr:

“Aglasa-da gizleýär gözleriniñ ýaşyny,
Bir gezegem egmedim bu zenanyñ başyny.
Näçe gezek iterdi buýsanjymy ölüme
Harasatlar döreden meniñ däli köñlüme.
Berýän jogaplary-da buz ýaly sowuk onuñ,
Iman etdim köp gezek hiçligine ruhunyñ.
Ençe gezek duýupdym, ýene bu gije ýaly
Gözelligniñ öñünde dolup-daşmaly kalby
Ne mehtabyñ tersine ýelken açan bir sandal
Ne-de aýaklarynda ýolnup galan bir şaha
Onuñ daş deý ýüregin söýgä ymsyndyrmaýar,
Bir bägüliñ öñünde ýeke minut durmaýar…”


Ýaşlyk tanşy Suat Derwüş bilen 1935-nji ýylyñ ahyrlarynda gaýtadan garşylaşmak Nazym Hikmete miýesser edýär. Bu gezek Derwişiñ özi Nazyma meýil edýär.
Ikisi bile Çamlygyñ gaýrasyna ýaýla çykýarlar. Fewral aýy bolansoñ köwsarlap ýagan gar eräp palçykda batyp-çomup, olar içgin-söhbet edip, bir-birlerine ýakynlaşýarlar.
Öýe gelen wagty adamsynyñ köwşüniñ, jalbarynyñ palçygyny gören Piraýe oñlulygyñ bolmandygyny duýup Nazyma şübhelenýär Piraýe gaharyna: "Goý, men gowsy men öýken keselli bolup öleýin-de dynaýyn" diýip, sowuk fewral gijesinde eline bir bedre suw alýar we balkona çykyp öz üstünden suw guýýar. Nazym Piraýäni zordan höre-köşe edip öýe salýar.

9. JAHYT UÇUK

Nazym şahyr şol ýyllar "Akşam" gazetinde "Orhan Selim" ady bilen çykyş edipdir. Şahyr 1955-nji ýylyñ 22-nji ýanwarynda diýseñ täsirli makala bilen çykyş edýär. Birnäçe gün geçensoñ okyjylardan gelen hatlaryñ biri duýguly sözlerden doly bolupdyr, hamala gelen hat şahyra ýörite täsir etmek üçin ýazylan ýalydy. Haty ýazan kyssaçy ýazyjy Jahit Uçuk bolup çykýar. Jahit hanym diýseñ owadan aýal eken.
Hyfzy Topuz “Nazym hiç haçan aýal-gyz diýip göze-başa düşüp ýörmezdi, ýöne özi bilen gyzyklansalar, olam göwnüne ýarasa boýun towlap durmazdy” diýýär. Onuñ Jahit Uçuk bilenem gatnaşygy edil şular ýaly bolup başlaýar.
Jahyt Uçak "Aramyzdaky ýakynlyk hoşniýetli gatnaşykdan başga hiç zat däldi" diýip ýazsa, Nazym Hikmet Piraýe bilen ýaraşjak bolup, ogly Mämmet Fuada ýazan hatynda: "Men şol wakada ejeñ maña bolan söýgüsinden ýaña tasdan boglup ölüpdim. Ejeñ meni terk eden pursaty men kyn ýagdaýa düşdüm, erbetlige baş goşdum" diýip özüni aklapdyr.
Aslynda ol, bu başdan geçirmeleriniñ ählisini goşgy setirlerine siñdiripdir.

“Ýürek beren aýallarmy däli kimin gysgandym,
Birjigem gabanmadym,
Şarlo bilen olara
Gezdim ikilik edip.
Ýöne gybat etmedim
Arkasyndan dostlarmyñ”.


10. Ýene PIRAÝE

Nazym Hikmet 1938-nji ýylyñ oktýabrynda gaýtadan tussag edilýar. Oña tegelek 35 ýyl türme garaşypdyr. Tussaglykda wagty Nazym Piraýä gaýtadan aşyk bolýar. Piraýäniñ şanyna diýseñ gowy goşgulary ýazýar. Biziñ pikirimizçe Nazym şahyr iñ kämil eserlerini şol ýerde döredipdir.
Ankara türmesinde goşar sagadynyñ içini boşadyp, onuñ ýerine çagalarynyñ we aýalynyñ suratyny goýup: "Elmydam gözümiñ öñünde bolsunlar" diýen şahyr sagadyñ gaýyş bagyna dyrnagy bilen "Piraýe" diýip ýazypdyr. Birnäçe ýyllap Piraýäniñ öýünde saklanan bu sagat Nazymyñ köp goşgularynyñ döremegine sebäp bolupdyr:

"Señ adyñy sagadymyñ bagyna,
Dyrnak bilen gazap-gazap ýazypdym.
Özüñ gowy bilýäñ, bolan ýerimde
Ne çüý, ne çakgy bar (çünki ol ýerde
Kesýän närse berilmeýär ellere).
Ne-de başy bulutlarda bir çynar.
Belki howludaky agaç bor ýöne
Asmany depämiñ üstünde görmek
Maña gadagan…”


01.01.1945

“Dagyñ üstünde:
Ikindiniñ Güneşinden ýüklenen
Bir bulut bar oşol dagyñ üstünde.
Bu günem:
Sensiz,
Ýagny deñ ýarpysy dünýäsiz geçdi
Bu günem.
Birazdan açar
gyrmyzy-gyrmyzy
gije sapalary öwser gyrmyzy.
Saklar howamyzda sessiz-sedasyz
gorkmazak ganatlar
Watan aýralygna çalym edip duran
Aýralygmyzy...”


Nazymyñ Piraýä ýazan hatlary

Piraýe Nazyma ynanman, gabanjañlykdan ýaña oña: "Indi lime aşyk bolsañ boluber" diýip hat ýazýar.
Muña jogap edip, Nazym Piraýä ýazan bir hatynda şeýle ýazypdyr (Şahyr ol hatlaryny   "Aýşa ýazylan hatlar" diýen at bilen goşa geçiripdir):

“Sen meni gabanýarsyñ
Meñ muña gülkim tutýar.
A men yşky - hormat
Mähir-muhabbet
Wepalylyk diýip tutýan. (…)

Onsoñam yşk sende,
Muhabbet sende.
Hem bilýän bu hala neçüýn düşýäniñ
Men içerde bolsadym,
Sen daşarda maña aldap gezerdiñ,
Içerde bolmama zerurlyk barmy?
Ikimizem daşardaka meni aldamadyñmy?
Akmak sen, ýene-de daşary çyksañ
Biwepalyk edersiñ sen şobada.”


11. MÜNEWWER ANDAÇ

1948-nji ýylyñ oktýabrynda ýazyjy Peride Jelal bilen bile onuñ daýysynyñ gyzy Münewwer-de gelýär. Aslynda Piraýe bilen nikalaşan wagty Fransiýadan dolanyp gelen Münewwer bilen arasynda az salymlyk ýakynlaşanam bolsalar, Münewwer soñra Nurulla Berk diýen birine durmuşa çykýar we ondan bir gyzy bolýar. Şahyr özünden on bäş ýaş kiçi, buýra saçly, ýaşyl gözli gelin bilen hat alyşyp, heýjanly söýgi gatnaşygyny ýola goýýar.
Şahyryñ "Sen" goşgusy Münewwere bagyşlan ilkinji goşgudyr:

“Sen meñ ýesirligim,
Hem azatlygym.
Çyplak ýaz gijesi dek ýanan etimsiñ
Sen memleketimsiñ
Señ ala gözleriñde ýaşyl haralar,
Sen belent, owadan, diýseñ muzaffar,
Hem eljmi saña uzatdygymça
Elýetmeze dönen hasratymsyñ…”


Has soñra şu goşgusyny ýazýar:

“Hoş geldiñ, ezizim meniñ hoş geldiñ.
Ýadansyñam,
Hernäme-de bolsa ýuwjak aýajyklarñy.
Ne gül suwum bar meñ,
Ne-de legenim.
Suwsanyñam,
Buzly şerbetim ýok hödür etmäge.
Ajygansyñ,
Naz-nygmatly supra ýaýyp bilemok,
Dogduk depäm deýin ýoksul otagym.”


Şahyr şol döwürde ýazan joşgunly goşgy setirlerinde Münewweriñ ýaşyl gözlerine ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar:

“Ýagtylykda gymyldaman duruñ siz,
Gün eglensin ýaşyl ýantaryñyzda.
Ýaralarym birin-birin açyldy,
Gan göwrämi alyp barýar deñizde…”


Şahyr "Güýz", "Ýene Saña" goşgularyny-da Münewwere bagyşlap ýazypdyr.
1948-nji ýylda Nazym Hikmet Piraýeden ymykly aýrylyşmagyñ kararyna gelýär we söýgüli Piýaresine: "Aramyzda bolup geçen ähli düşünişmezliklere garamazdan biri-birimize iñ mähriban adam bolup galjagymyzy anyk bilýärin. Ömrümiñ iñ ajap ýyllary, iñ süýji pursatlary, iñ gowy goşgularym, iñ kämil eserlerim üçin saña ömürboýy minnetdardyryn. Bularyñ barsy ruhy taýdanam, many taýdanam tutuşlygyna seniñkidir" diýip nygtaýar.
Maşgalasyndan aýrylyşyp Nazyma geljekdigine söz beren Münewwer bolsa pikirini üýtgedýär. Ol şahyryñ yzyndan ýeke gezek türmä-de gelmeýär. Nazym üçin bu agyr urgy bolýar. Kyrk ýedi ýaşyndaka bu wakany şahyr özüniñ "Tigir bilen gowakda" goşgusynda şeýle suratlandyrypdyr:

“Kyrkyndan soñ azany teneçir paklar
Bu üç, dört, bäş, sekiz,
Sanap durjak däl,
Çünki munuñ kyrka çenli ýoly bar”.


Şahyr gaýtadan Piraýä hat ýazyp, ýaraşmak isleýändigini aýdýar. Ötünç soraýar:

“Piraýam, gyzyl saçly doganjygym meniñ, seni arkañdan pyçakladym.
Bir damjasy damarlarymdaky ähli ganyña derek elim ganyña boýaldy.
Gel-de, meni indi hiç haçan ýalñyz goýma.
Etekleriñden öpeýin.”


Nazym Hikmeti tussaglykdan boşatmak hakyndaky amnistiýa entek çykmanka,1950- nji ýylyñ 7-nji aprelinden soñ şahyryñ pikiri düýbünden üýtgeýär.
Edil şol wagtlar Piraýe-de Nazymyñ ýazýan hatlaryndan onuñ galagoply ýagdaýynyñ bardygyny añşyryp, onuñ yzyndan barýar, edil şol wagt Münewwer hem şahyryñ yzyndan barýar. Turýar bir tomaşa! Bu ýagdaý Piraýe bilen Nazymyñ arasynyñ ymykly açylmagyna sebäp bolýar.
1950-nji ýylyñ 15-nji iýulynda Nazym tussagdan boşadylýar. Piraýe bilen 1950-nji ýylyñ 23-nji martynda doly aýrylyşýar. Şondan üç gün soñ Münewweriñ ogul bäbegi bolýar. Şahyr oglunyñ adyna Piraýeniñ ogly Mämmediñ hormatyna Mämmet dakýar.
Nazym şahyry kyrk dokuz ýaşyndaka harby gulluga aljak bolýarlar. Añyrsynda başga bir garañky hasaplar bu habary alan badyna şahyr 1951-nji ýylyñ 17-nji aprelinde gizlinlikde gämä münüp Warna gaçýar, ondanam Buhareste, ahyrynda-da Moskwa gelýär. Söwer ýaryny ýedi depeli şäherde taşlap gaýdansoñ, Münewweriñ iñ ýakyn dosty Kemal Tahyr bilen gezýändigi baradaky gybat Nazyma ýetende, şahyr haýran galýar. Beýle zadyñ bolup biljegine ynanmasa-da, ýalan gep-gybat şahyra erbet täsir edýär.
Şahyr bu barada "Men. Sen. Ol" goşgusyny ýazýar:

“Ol diñe agarýan dañ ýerin görýär.
Men gijäni,
Sen diñe gijäni görýärsiñ.
Men agaran dañ ýerini-de...”


12. GALINA KOLESNIKOWA

Nazym Hikmet 1952-nji ýylda Hytaýda ýüregagyry geçirip, Moskwa dolanýar. Mundan soñ onuñ durmuşyna lukman Galina Grigorýewna Kolesnikowa aralaşýar. Ol hem Nazymy şahyry gören beýleki ähli aýallar ýaly oña aşyk bolýar. Galina Grigorýewna şahyryñ şahsy lukmany, kömekçisi, ýakyn dosty, terjimeçisi bolup onuñ ýanynda ýedi ýyllap gezýär. Galinanyñ şanyna bagyşlanan goşgular ýogam bolsa, şahyrdan onuñ bilen bile düşen suratlary miras galýar.

13. WERA TULÝAKOWA

Özünden otuz ýaş kiçi saryýagyz ýaşajyk gyz 1955-nji ýylda taýýarlan kinofilmi üçin Nazym şahyrdan kömek sorapdy. Onuñ ady Werady... "Sary saman saçly, mawy kirpikli, gyrmyzy dolmuş dodakly bu gyz" bir bakyşda Nazymy özüne bendiwan edip taşlapdyr. Maşgalaly we bir çagaly Wera adamsyndan aýrylyşyp, 1960-njy ýylyñ 18-nji noýabrynda Nazym şahyr bilen nikalaşypdyr. Mundan soñ şahyr ähli goşgularyny Weranyñ şanyna ýazyp başlaýar.

Weranyñ ukudan oýanyşy

“Oýandyñ gülüm,
Dumly-duş oýandy,
Künçden künje ylgadylar.
Stolda-da şeýle,
Gönelip oturdy kilim.
Gatbar-gatbar nagyşlary açyldy
Aýna säher çagy köl deý oýandy
Açdy ýükli gök gözüni penjire.
Oýandy balkon
Ýygnady aýaklaryny boşlukdan
Burugsady garşy damda injikler.
Ýanýodada akasiýalar ötüşdi,
Bulutlar oýandy.
Atdy göwsündäki ýyldyzy otagmyza
Öýüñ içinde-de, daşarsynda-da
Oýandy aýdyñlyk
Gaplap aldy gara şamar saçlarñy
Orandy ýalañaç inçe biliñe
Gunduz ýaly akja aýaklaryña.”


Weranyñ şanyna

“Oka derýasyndan bildim armanlañ
Dolup-daşyp duran däliligiñi.
Tomus gijelerne Oka derýanyñ
Öl gumlary hem-de sadaby bilen
Akja näzeniniñ tenin owkalap
Töññeleñ içinden akdy otagma,
Iri-iri damjalarda ýagyş üzüm salkymydy.
Doglan günüñde
Haýran halda mäkäm durdum öñüñde,
Altyn gupbaly agaçdyñ
Misli deñziñ ortasynda.
Ýetginjek çagymda içine düşen
Ilkinji hyýalymdan gelýärin saña.
Bu şäheriñ maña beren
Iñ datly miwesi,
Iñ akylly sözi,
Iñ mähelleli
Köçesi sen.
Günüm, Kuýaşym, şemalym sensiñ,
Saçlary saman sarysy, kirpikleri mawy
Söýgülim meniñ”.


Säheriñ tümlügi

“Gülüm çykar düşekden,
erik ýaly ýalañaç.
Gök afişañ üstündäki guş ýaly,
Süýt ýaly ak säheriñ tümlüginde.”


Weranyñ şanyna

“İçimde müşk ysly
Bägül deý durka.
Şu gün annamyşyn,
Ertirem şenbe.
Köpüm gidip, azym galdy,
Maña gyzyklymy nä?”


Nazyma onuñ lukmany "indi söýgä uçramasañ 10 ýyl ýaşarsyñ, emma ýene aşyk bolaýsañ bary-ýogy 3 ýyldan artyk ýaşamarsyñ" diýýar. Diýişi ýaly-da bolýar. 1963-nji 3-nji iýulynda beýik şahyr özüniñ ajaýyp şygyrlaryny miras goýup, ýalançy bilen ömürlik hoşlaşýar. Onuñ pasportynyñ içinden eli bilen ýazan şu goşgusy çykýar:

“Gelsene diýdi maña,
Galsana diýdi maña,
Gülsene diýdi maña,
Ölsene diýdi maña.
Geldim.
Galdym.
Güldüm.
Öldüm.”


Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

@ Kitapçylar.

Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 151 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nazym Hikmet | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 21
0
20 Bagabat   [Материал]
Ine şu salgyda:http://kitapcy.ga/news/2020-05-14-11538.
Aman Şyhnepesow şeýle diýýär: "Iň beýik şahyrlar iň okumyş adamlardyr. Hatda şeýle diýmegem bolar: Alym bolmazdan, şahyr bolmak mümkin däl. Adam bolmazdan alym bolmagyň mümkin däldigi ýaly."
Ine sofistika üçin gowy bahana: Adam bolmazdan alym bolmak mümkin däl. Alym bolmazdanam şahyr bolmak mümkin däl. Diýmek, sowatsyz, ýagny harp ýalňyşly ýazýan şahyr adam däldir! biggrin

0
19 Gumlygelin   [Материал]
Ýazýan adamlañ ýazan zadyndan däl-de şahsy durmušyndan kemçilik gözlemek gerekmikä?
Umuman soñky döwür döwürdeş şahyrlañ goşgusy goýulsa teswirler arkaly bolgusyz gep oklap,gep-gybat agtarýanlar bar.Olara edebiýatçy däl-de gybatçy diýip säginmän aýtsa bolar.

0
18 Hаwеrаn   [Материал]
Hemmeler Hoja Hafyz ýaly, Magtymguly ýaly, Ýunus Emre ýaly, Jelaleddin Rumy ýaly, Azady ýaly öwlüýä şahyr bolup bilmez...

0
17 Hаwеrаn   [Материал]
Kämil poeziýa- Çarlz Bukowskiý ýaly köçede ýatyp-turup, her gün bir iñ soñky jelebiñ gujagyndan ören, gutaran alkaşyñam agzyndanam çykyp bilýär.

2
16 Akjemal   [Материал]
Bagabat aga sizem hemise ahli temalaryn dawalaryna degisme bilen tutaryk tapyanyz smile

0
21 Bagabat   [Материал]
Äý, ýaka tutuşyp ýumruklaşanyň bilenem alyp barýan galaňam, bitirjek goşuňam ýokdugy boýunça tejribäniňem agyry bar bolmaly, goşdanyň bir ýerlerinde. Onsoň ömrüňi uzaltmak üçin başardygyňdan ýylgyranyň ýagşy. biggrin

0
15 Bagabat   [Материал]
Nazym Hikmet eýle bolupdyr, Puşkin beýle bolupdyr, Lermontow şeýle bolupdyr, Ýesenin, Maýakowskiý pylan hili bolupdyr, Dostoýewskiýem nähilidir birhili bolupdyr, Lew Tolstoý ilk-ä pylan hili bolupdyr, soňam pylan hili, Knut Gamsun kimleredir duýgudaşlyk edipdir, Alekseý Tolstoý nämedir baz bolupdyr, Dante Aligýerini kimdir birleri türgenleşdiripdir...
Garaz, "tokaý otlap at gazanmak" üçin ýeriň ýüzünde gybat kän...Ýöne, esasy mesele, ol ýazyjy-şahyrlaryň şahsy durmuşynda däl-de, olaryň döredijiligindemikä diýýärin. Onsoňam türkmenlerde şunuň ýaly mesele-de birnäçe nakyllardyr-aýtgylar bar:
1."Mollanyň edenini etme-de diýenini et";
2."Erbedi bolmadygyň gowusam bolmaz";
3."Bir ýagşylyk tamasyn etme, bir ýamanlyk çykmaýan ärden".
Poligamiýalylyk bolsa, her bir erkegiň genetiki düzüminde bar diýýärler, erkek kişilerden alymlar-a! biggrin
Eger-de erkek hakykatdanam erkek bolsa, onuň ganyndaky estrogenleriň dereginem nestogen-nistogenlerdir ýene-de birtopar soňky oýlanyp tapylan gör-lähetgenler tutmadyk bolsa... biggrin

0
14 Bagabat   [Материал]
Her bir jemgyýetiňem, belli bir taryhy döwürlerde ol ýa-da beýleki tapawutly aýratynlyklary bolýar. Onsoň diňe bir döredijilik adamlaryna däl-de, eýsem islendik adama-da diňe şahsy öz dünýägaraýyşlaryň nukdaýnazaryndan baha bermek düýbünden nädogry bolaýmasa. Elbetde, heleýbazlyk, zynahorluk ýazgarylmaga mynasyp häsiýet. Ýöne, özüň bir jemgyýetde ýaşap ýörkäň, başga bir jemgyýetiň, onda-da taryhyň başga döwrüniň täsirindäki adama öz ýaşaýan döwrüň, dünýägaraýşyň nukdaýnazaryndan baha bermek adalatlymy?!
Mysal üçin, Magtymguly Pyraga agasynyň dul galan aýalyny - öz ýeňňesini dakypdyrlar. Musulmançylygyň we şol döwürdäki türkmen jemgyýetiniň nukdaýnazaryndan bu örän dogry hereket. Emma, häzirki zamanyň, häzirki jemgyýetiň nukdaýnazaryndan şu herekete garap, "şol tikilen dony öz egnimize" deňäp görseň nähili bolar?
Ýa-da Mätäjiniň döwründe Mätäjiniň "Mämeleriň" diýen şygrynyň ýüzlenýän gyzynyň ýa-da gelniniň (eger-de onuň ady, öý salgysy, imail salgysy, telefon belgisi Mätäji tarapyndan takyk berlen bolsa :-)...) garyndaşlarynyň nukdaýnazaryndan şol goşgynyň "ajaýyplygyna" we "geniallygyna" baha berjek bolup görülse neneň bolarka?

-1
13 Hаwеrаn   [Материал]
Hormatly agzalaryñ we teswirçileriñ şu ýerde bir zada dogry düşünmegini isleýärin:
Nazym Hikmet aýalbaz bolup biler, ol haýsydyr bir ideologiýanyñ, aýdaly, kommunizmiñ ýesiri-de bolup biler. Ha Nazym Hikmet bol, ha Peýamy Safa, ha Eziz Nesin bol, ha Namyk Kemal. Kişiniñ şahsy durmuşy we hyzmat edýän ideologiýasy onuñ döredijiliginde ak ýa-da gara tegmilleri döredip biler, emma beýik zehiniñ üstüni örtüp bilmez. Netijede, "Suw akar - daş galar" diýipdirler. "Suw" - kommunizm ideýasy birwagt akyp gidipdir, "daş" - Nazymyñ beýik zehininden köräp çykan eserler welin galypdyr. Mysal ü.n bu gün onuñ birwagt akyp giden "suwa" hyzmat eden - sowet ideologiýasyna, kommunizme, ruslara ýüzlenip ýazan döwürleýin eserlerinden hiç hili gürrüñ edilenok (biziñ ýazyjylarymyzyñ haýsysynda ideologiýa hyzmat edilip ýazylan eserler ýok?)...
Şahyryñ aslynyñ kimliginden, milletinden, ynanjyndan aýratyn many gözlemegiñem hiç hili geregi ýokmuka diýýän.
Aýalbazlygy barada aýdanymyzda-da, beýik Şekspiriñ dünýä belli sonetleriniñ oýnaşyna bagyşlap ýazandygyny bilmeýän barmy? Ýa-da Ýeseniñ jalataýlyk bilen geçen gysga ömrüni?
Emma bu gün Şekspiriñ ady ŞEKSPIR, Ýeseniniñ ady ÝESENIN bolup ýañlanýar! Genial şahyrlaryñ kämil eserleri dünýä edebiýatynyñ altyn hazynasyna hemişelik goşuldy.
Mahlasy, taýýarlanan makalanyñ maksady şahyryñ şahsy durmuşyny dörjelemek däl-de, onuñ döredijiligine dogry düşünmäge bolan synanşykdyr.

0
12 Zeus   [Материал]
@Arzyman, şahyrlaryñ erkegi şu temada Nazymdan kem däl bolsa zyýany ýokdyr-la, ýöne şahyrlardan aýak-gyzlar şeýle bolsa şonda ýaman... sad

0
11 Gökböri   [Материал]
Barypýatan kommunist, ateist. Hasam beteri rusparaz, sowetlere ýallaklap omrüni geçiren.

0
10 Gökböri   [Материал]
Çünki onda musulman gany-da ýok.

0
9 Gökböri   [Материал]
Çünki onda türk gany ýok.

0
8 Gökböri   [Материал]
Gepiñ keltesi onuñ bawnikligini geñläp oturasy zat ýok.

2
7 Gökböri   [Материал]
Nazym Hikmetiñ kakasy asly fransyz, protestant sektasyndan Magdeburgly Karl de Trois dinastiýasyndan Mehmet Ali Paşanyñ agtygy Hikmet beý, ejesi Jelile hanymyñ hakyky ady Kostanty Borzeski bolan asly polşaly ýewreý Mustafa Jelaletdin paşanyñ agtygydyr.
Hikmetiñ ata-babasy 1848-nji ýylda Polşa we Wengriýa rewolýusiýasyndan soñ Osman imperiýasynda gaçyp gelen emigrant dönmelerdir.
Ol bu hakykaty bir goşgusynda-da aýdýarr:

"…Lehistan’dan gelmiş dedelerimden biri…
Göğsümüzü kabartmıyor değil
Dedelerimden birinin Lehli oluşu…"


(Ýagny, "atalarymyñ Lehistandan (Lehistan - Polşa) bolmagy meni buýsandyrmanam duranok, atalarmyñ biriniñ lýahdygy...")

1
6 Gökböri   [Материал]
Nazym Hikmetiñ ynha şu tarapam bar bileýin diýenlere: http://kitapcy.ga/news/2020-01-03-9972

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Şahyr diýeniñ Nazym Hikmet ýaly bolsun.. wink

1
4 Nurdan   [Материал]
Şahyryñ hakyky söýgüsi Piraýada döräpdir. Hemem boýunam alypdyr "Söýgi ýekedir, ýõne güýmenjelerem, göwünhoşlamalaram erbet däldir" diýip Piraýa sõýgüsi barada aýdypdyr.
Ýöne haýp Şahyryñ ömrüne. ..

Ay bir-da, onçasyny seljermek ýene bolsa bize galmandyr..

1
3 Akjemal   [Материал]
daş etsin şonca zenanam soyup bolarmy surprised

-1
2 937303taze   [Материал]
Hic gen galmadym diysem yeridir,gosgylaryny soyaymesen dine bulary okaba nm diyjegimi bilmedim wacko

0
1 Nurdan   [Материал]
Birhili gynandyrdy.. şonça gelin-gyz..
Goşgylary owadan ýöne.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: