01:24
Ýyldyz dagy

ÝYLDYZ DAGY

«Ýyldyz dagy neçüýn gitmez dumanyň?»
Soraglap geldim men seniň gaşyňa.
Ýyldyz dagy,
hany ajap zamanyň?
Men gurban bolaýyn ýaşan ýaşyňa
Ýazyňa, güýzüňe gurban bolaýyn.
Gerişleň bar, baryp asmana çümýän,
Buljumly jülgäňe seýran kylaýyn,
Ýüregiňe barýan ýoluňdyr jülgäň.
Uçudyň bar — gara başy aýlaýan,
Geçidiň bar — gören geler amana.
Ýyldyz dagy, açyk şähdiň ber maňa,
Ýyldyz dagy, daşdan pähmiň ber maňa,
Daşdan şygrym ýazaýyn men gaýaňa.
Ýyldyz dagy, ne ajaýyp adyň bar,
Ýyldyz dagy, seniň dagdan ýadyň bar.
Sen adyn göterýäň Ýyldyz babamyň,
Ýyldyz görsem gutularyn derdimden
Hem biýr sen geçmişiň dertli badasyn.
Göreýin men Göroglynyň syratyn,
Göreýin men Göroglynyň Gyratyn,
Sapar Kösäň at çapdyran ýerlerin.
Mübärek ýüzlerin sypap geçendir,
Seniň owaz ýaly dury ýelleriň.
Sapaly sen,
seýranly sen,
seleň sen,
Gyşda maýyl,
tomus goýnuň salkyndyr.
Ýyldyz dagym, dünýä baky gelen sen,
Seniň jülgeleriň — seniň kalbyňdyr...
Nije ýyldyr hyýal ede geldim men,
Zyýarata geldim, eziz daglarym.
Geçmişe seredip belent gerşiňden
Agladym men,
utanmadym agladym.
Gerişleň bar — bulutlaryň mesgeni,
Kertleriň bar — baldyrlaryň saňňyldar.
Neneň kalba sygdyraýyn men seni,
Nädeýin sen, ýerleşerden kalbym dar!
Ýyldyz dagy, görkez maňa ýyldyzyň!
Hol etekde çaýyň akýar bulanyp,
Hol ýokarda çakyp duran ýyldyrym —
Kertden-kerte towsup gelýän bulajyk.

Ýyldyz dagym, belent howaň ber maňa,
Ýyldyz dagym, ýollaryma rowan ber.
Sen ebedi:
öz ýaşyň deý ebedi
Bakylyga türkmenime dowam ber!..

Nobatguly REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 414 | Добавил: НаS | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 2
0
2 Nurdan   [Материал]
Ýyldyz dagy Nobatguly aganyñ arzuwyny wysal edipdir. Daglar deýin beýik POEZIÝASYNA ykbalyny baglap edebiýatda ebedilik õçmejek yz goýup bildi..

0
1 Nurdan   [Материал]
Şahyr ruhyýetiniñ näderejede beýikdigini äşgäre çykarýan beýik eser.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: