17:12
Guşlar erkinligi küýsän mahaly

DOSTUMA
GUŞLAR ERKINLIGI KÜÝSÄN MAHALY

Şadyýan günleriň reňki öçmesin,
Jany jehenneme resmiýetleriň.
Serhedin ýykaly bir bulgur bilen,
Akyllysumaklaň sesi ýetmesin.

Ruhuňdan sogrup zyň gandallaryňy,
Şugünlik howlukma barjak ýeriňe.
(Guşlar erkinligi küýsän mahaly,
Gujak açyp,
özün
taşlar zemine.)

Bahar gelse her kim owadan bolýar,
Fewral, ana, hut şoň üçin howlukmaç.
Guşlar geler diýip bu jalaý baglar,
ýeňsesinden ösdi:r uzyn buýra saç.

Käte asman ýagar,
eziler ruhuň,
Uzakly gün gelmez öýe giresiň.
(Ýagyşy menem gowy görýän,
az owlak,
şonda köwşüm suw geçirýär diýmeseň.)

Owarram,
şat ýüzüň solmasyn mydam,
Ýaşasa bor jübiň deşik, köpüksiz,
Bulutlaň üstünde aýagmyz sallap,
Oturmagyň hyýalyny gursak biz.

…Şeýdip, kellämdäki ala-gopgunly
pikirlerimden men ozjak bolýaryn.
Men bir ala-samsyk, köplüge giren,
Şu bolşuma goşgam ýazjak bolýaryn.

Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Nurdan | Теги: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
1
1 Nowgül   [Материал]
Guşlar erkinligi küýsän mahaly,
Gujak açyp özün taşlar zemine sad sad sad
Öz erkinligini küýsemeýän barmyka sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: