18:38
Özgeriş
ÖZGERIŞ

Her näçe bagtly bolsam-da,
Küýsesem-de yşgyň seniň –
Geçmiş yzda galdy, indi
Men o güni islemerin.

Ýörmerin yzyna düşüp,
Bir wagt beren sözümiň.
Adam tebigat-a, pikrin
Üýtgedip biler özüniň.

Bolsa bolsun gowy zat kän,
Alaryn öz geregimi,
Durmuş aýap goýmaz, barbir
Daşlar bir gün ýüregimi.

Tapanyma begenmerin,
Gynanmaryn ýitirenme.
Begenýän, öňümde meniň
Bir uly geljek görünýär.

Her näçe bagtly bolsam-da,
Küýsesem-de yşgyň seniň –
Geçmiş yzda galdy, indi
Men o güni islemerin.

Enwer NYZAMOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Gurgencli | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Dunyagozel   [Материал]
Ajaýyp +++

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: