18:14
Romantika
ROMANTIKA

Aýnalara ylham berdim,
Seni has gözel görkezdi.
Bagtyňy örüp alnymda,
Pikrim kimin saçyň çözdi.
Aýnalara ylham berdim.

Ümsümlik eredi gar deý,
Galdym kirpikleňden tutup.
Güsürdeşip uçdy guşlar,
Boýly – boýna hatar tutup.
Ümsümlik eredi gar deý.

Ýyldyzlara gol buladym,
Galmady ol ýazyň ysy.
Ýaza derek bir sen galdyň,
“Ýitmesin” diýp aýak yzym
Ýyldyzlara gol buladym.

Bir –biregi gizledik biz,
Tapmaz bu ýagyşlar, ýeller.
Jogapsyz galjak syrdyrys,
Eşdiň, eý, çyzgalan eller,
Bir – biregi gizledik biz.

Deňiz “saýlanan” eserim,
Tolkunlar oň sahypasy.
Saňa ýazan goşgulam bar,
O ýerde men bar, meň sesim!..
Deňiz “saýlanan” eserim.

Enwer NYZAMOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Gurgencli | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: