11:01
Goşgular

ARZUW

Men bir guşjagaz bolsamdym,
Gaýgy-gamsyz uçup bilýän.
Tokly-tikenli simlerden
Ap-aňsatja geçip bilýän.

Men bir kebelek bolsamdym,
Gaýgy-gamsyz uçup bilýän.
Tokly-tikenli simlerden
Ap-aňsatja geçip bilýän.

ÝADAW BULUTLAR

Ýyndam ýol bilen
Gezip ýadansoň,
Mawy asmanda
Ýüzüp ýadansoň,
Seretseňizläň,
Dynjyn almaga
Ýadaw bulutlar
Çöküpdir daga!

ÝAGYŞ

Ýyldyrym otly
Çakmagyn çakyp,
Gök batly-batly
Depini kakyp,
Guýulýar ýagyş
Yzyny kesmän.
Kim käýedikä,
Aglaýar asman?!

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 73 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Gurgencli   [Материал]
ah :ah: ))

0
2 Dunyagozel   [Материал]
Jürjanly eke heniz erteki tapmadym, tapsam ýörite siz üçin hökman ýazaryn smile

0
1 Gurgencli   [Материал]
Erteki ýokmy?:)

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: