19:46
Goşgular

■ ATAM

Atam tohum taşlasa,
Müň bolup bitmesi bar!
Düme ekip, her tomus
Üstüne gitmesi bar!
Bakjanyň ortasynda
Aýakly çatmasy bar!
Peşehana gurunyp,
Serginläp ýatmasy bar!
Ogry-jümri gelende,
Pagtabent atmasy bar!
Gawunlar bal bolanda,
Dilip, kak etmesi bar!
Daýhançylyk däbini
Maňa öwretmesi bar!

■ ÇOPAN TAÝAK

Eý, taýak,
Çopan taýak!
Müň goýun bakan taýak!
Sürä möjek çozanda,
Tumşugna kakan taýak!
Goýnuň yzynda gezip,
Ýülmegi çykan taýak!
Saňa sagbolsun aýdýas,
Örän ullakan, taýak!

■ AÝAK ZERURMY KELLE?!

— Isleseň karz bereýin! —
Diýäge-de hol baýak,
Aýaklarny ýylana
Güjeňledi kyrkaýak.

Ýylan diýdi: — Dünýäde
Aýaksyz bolanyň hiç.
Kellesiz bolsaň welin,
Heläk borsuň iru-giç!

Hemra ŞIROW.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 63 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: