15:53
ŞÄHERLI OGLANJYGYŇ OBADAKY ATASYNA HATY
ŞÄHERLI OGLANJYGYŇ OBADAKY ATASYNA HATY

Ata, salowmaleýkim!
Haty ýazýan — agtygyň!
Aýtmasam-da bilýänsiň,
Çäklidigin wagtymyň.
Futbol oýnamak üçin,
Oglanlar gelip durlar.
"Uzak eglenme!" diýşip,
Gapyny alyp durlar.
Şonuň üçin haty men
Ýazdym gyssagarada.
Goýmadylar oglanlar,
Gaýtalap okara-da.
"Gysga ýazypdyr" diýip,
Nägile bolaýmagyn.
Eger ýalňyşly bolsa,
Üstümden güläýmegin!
Göz öňünde tut meniň
Çäklidigin wagtymyň.
Kanikulda bararyn,
Haty ýazan: AGTYGYŇ.
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 86 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
1
1 Perhatsabirovv   [Материал]
Beterinden saklasyn

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: