15:29
OBA
OBA

Daňy buşlaýan
Horazlaň sesi.
Ýaşyl bag-bakja,
Günüň şöhlesi.
Hatara tutlar
Telpegi gaba.
Bu zatlar oba!

Eli sumkaly
Topar okuwçy.
Egnine pilin
Atynan suwçy.
Eşekli barýan
Garryja baba.
Bu zatlar oba!

Jyzlanlar jyrlar,
Gapyda tomus.
Deň-duşlar bilen
Raýyşdan towus
Bol suwly ýaba!
Bu zatlar oba!

Begenen günüň,
Gynanan günüň,
Ýanyň dost-ýardan
Doludyr seniň.
Ýagşylyk bolsa,
Sylynar ýüze.
Ýamanlyk bolsa,
Ediler toba.
Bu zatlar oba!
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 64 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Nurdan   [Материал]
Hiiwu oba gidesim geldi bu goşgyny okap.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: