13:45
Men uçmak isledim..

MEN UÇMAK ISLEDIM

"Guşlaryñ gaýyşy içimi ýakýar"

Men uçmak isledim,
Onda-da neneň?!
Arkamda asmany göterip mäkäm.
Bolmady…
(Bagyşlaň, hormatly mollum,
Ikilikçiligme guşlar günäkär).

Onsoň, ýerden ýyldyz çöpledim ýördüm,
Oýlamadym – gereksizmi, gerekli?
Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar,
Soň, özüme täze asman döretdim.

Emma jinnek ýalam peýda görmedim,
Uzak gije entäp, ýaşlygym yrýa.
(Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar
Serhoş bolup özün asfalta urýar).

Besdir indi, meni erkime goýuň!
Gürrüň bermäň – peýda näme, haýyr nä?
On bäş ýyllap çörek üçin okadym,
Haýry nä?!
Durmuşda näme gerekli?
(Maňa lezzet berýän sary ýapraklar
Köçe syrýan daýzalara ezýetdi).

Kanunlara baş göterdim şeýdibem,
Halys bolup “Ýeriň dartyş güýjünden”.
Men uçmak isledim,
Tussagdym emma,
Ömürboýy atmosferaň içinde.

 

Begençgeldi ORAZOW.

 

Категория: Goşgular | Просмотров: 138 | Добавил: Nurdan | Теги: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 14
0
14 Dunyagozel   [Материал]
Toba etdim eýýý…

0
13 Gurgencli   [Материал]
On ýyla galmasa gerek, bu gidişde biggrin

0
12 Dunyagozel   [Материал]
Ýene-de on ýyldan şeýle boljakmyş,
Gyz tarap oglana sawçy barjakmyş.

Diýýänleri geläýdi öýdýän tongue

0
11 Gurgencli   [Материал]
@Dünýägözel, döwür üýtgedi, döwür. smile

0
10 Dunyagozel   [Материал]
Mejnun Leýlini tapmaly dälmaý wacko

0
9 Dunyagozel   [Материал]
Ola aňsatjak ekeni biggrin biggrin biggrin

0
8 Dokma2442   [Материал]
@Dunyagozel, jigim, çöle çykyp Leýli gözlemek gerek dälä. Indiki Leýliler öz Mejnunlaryny "Söýginiñ gūýji" hindi çeper filmindäki ýaly "garaşýan" diýip gygyrýarlarda tapaýýarlar. biggrin

0
7 Dunyagozel   [Материал]
Mejnunlaram dillendi ahyr biggrin

@Dokma2442 oýun edip diýipdim tongue
bulary gorkuzsaňa çöle çykjaga meňzeýä cool biggrin

0
6 Dokma2442   [Материал]
Men-ä şu wagtky Leýlileri görýände, hakyky Mejnunyñ bolup geçeninede şubhelenýän happy

0
4 Dunyagozel   [Материал]
@Nurdan nämüçin ötünç soraýaň wacko

Leýli gözläp ýörmez ýaly başdanjyk gowja gözüni gorkuzmaly mejnunlaryň biggrin

0
5 Nurdan   [Материал]
Häzirki wagtda mejnun barmy ýokmy bilmeýänligim üçin soradym ötünç smile

Gorkuzyp saklap nätjekdiñ jigimjan olary, mejnun boljakmy ondanam bir gorkýandygy üçin gowy göreşşik bolup görünip ýörse

0
3 Nurdan   [Материал]
Hehe, jigimjan, bilmedim-da. Indiki "mejnunlar" çöle çykmana gorkup derrewjik täze "leýli" tapynýan bolaýmasalar smile
"Bagyşlaweri Dünya jigimjan,
Ikilikçiligime özüm günäkär"

0
2 Dunyagozel   [Материал]
Mejnun bir galdymyka???

0
1 Dunyagozel   [Материал]
★Gowy goşgy smile

(Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar 
Serhoş bolup özün asfalta urýar).  biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: