10:37
Eger-de...

EGER-DE...

Eger-de siziñ maşgalañyzda birinde ýiti respirator keselleri (dümew) ýa-da ýiti respirator sindromy (pnewmoniýanyñ agyrlaşmagy) kliniki alamatlary ýüze çyksa:
(umumy gowşaklyk, beden gyzgynynyñ ýokarlanmagy, beden agyrylary, asgyrma, bokurdagyñ agyrmagy,üsgürme, gury üsgürmek, kelle agyry, gursak agyry, dem gysma we.
ş. m) kliniki alamatlar ýüze çykan ýagdaýynda onda ony haýal etmän maşgalanyñ beýleki agzalaryndan aýratyn otaga ýerleşdiriñ.
Agyz-burnuny maska bilen ýapyñ.
Ellerini ýygy-ýygydan ýuwduryñ.
Tizden-tiz degişli maşgala lukmanlaryñyza habar beriñ.
Maşgala lukmanlary wagtynda gelip bilmedik ýagdaýynda "tiz kömek" merkezine ýüz tutuñ.

■ Näsag bilen gatnaşykda bolanlar nämeler etmeli?

Näsag bilen gatnaşykda bolanlary, maşgalanyñ beýleki agzalaryny 14 günläp günde 2 wagtyna beden gyzgynlaryny ölçäp durmaly, maşgala lukmanynyñ gözegçiliginde bolup onuñ bellän bejergilerini wagtynda ýerine ýetirmeli. Interferon damjalaryny, 0,25 göterimli oksalin melhemini ulanmaly.

■ Kesel nädip ýokuşyp biler:

Üýtgäp duran howa, kesel howa arkaly ýaýraýan bolsa-da, nähoşlan adamdan damjalaýyn, adamdan geçme ýoly bilen ýokuşma hem bolup biler, ýagny syrkawlan adamyñ tüýküligi ýa-da gakylygy düşen öý goşlaryny sag adamyñ ellemegi netijesinde ýokuşyp biler.

(Dümewdir pnewmoniýany bütin dünýä howp salýan wirusyñ döretme ähtimallygynyñ barlygy sebäpli ätiýaçlylygy elden bermäñ we ýüzleý bejergi bilen oññut etmäñ! Lukman maslahatlaryny doly berjaý ediñ, özüñiziñ hem töweregiñizdäkileriñ howupsyzlygyny üpjin etmäge çalyşyñ!)

■ Sagdyn bolmagyñ we kesellerden goranmagyñ esaslary:

1. Sagdyn bolmak üçin uly ýaşlylar günüñ dowamynda 3 litre golaý gaýnadylyp sowadylan, kiçi çagalar bolsa litr suwy içmeklik bilen bedeni gerekli suwklyk bilen üpjün edip hemem bedeni gerekmejek artykmaçlyklardan arassalap bilerler. Günde irden turan wagtyñyzda bedene ýygnanýan suwklyklary (peşew) arkaly hokmany ýagdaýda çykarmagy şert ediniñ, hiç wagt soña goýmañ! Ýuwunanyñyzdan soñ bir bulgur arassa suw içmegi adat edinseñiz edil el-ýüzüñizi ýuwuşyñyz ýaly aşgazandyr - içegelerñizi ýuwýandygyny ýadyñyzda saklañ we günde irden ýuwunanyñyzdan soñ bir bulgur arassa suw içmegi özüñize adat ediniñ. Bu endik suwuñ düzüminde hiç hili ýagyñ ýoklugy sebäpli artykmaç agramlylygyñ öñüni almaklyk üçin hem peýdalydyr.

2. Bedeniñ kesel döredijilere garşy göreşijiligini artdyrmak üçin arassa howa gezelenç, ylgamak, türgenleşik, irki maşklar. Elbetde bu çäreleri ýerine ýetireniñizde howpsyz araçägi saklamak, agyz-burnuñyzy maskalar dakynmak şertdir.

3. Gündelik kadaly iýmitlenmek: witaminlere baý önümleri kabul etmek, bedendäki immunitetiñ ýokary bolmagyny gazanmak maksady bilen demanlyk otlardan peýdalanmak, buýan köküniñ ekstraktyny, sogan, sarymsak .
Limonly çaý, gyzgyn süýt, ary baly ýaly iýmitdir içgileri gündelik kabul etmek gereklidir.
Ukyñy doly almak, stresden daş durmak zerurdyr.

4. Otaglary günde 2-3 wagtyna çygly arassalamak, howasyny çalşyp durmak, 1-bulgur suwa duz atyp agyz boşlygyñyzy çaýkamak, ellerñizi sabynlap ýuwmak, hepde-de 2-3 wagtyna üzärlik tütetmek, üzärligi gaýnadyp ýuwunmak, gyzyp gelip ýa-da ýuwunan badyñyza sowadyjydan daşda bolmak, günüñ aşagynda köp durmazlyk, öýüñ içini hem-de ellerñizi zyýansyzlandyryjy erginler arkaly tämizläp durmak, daş çykan wagtyñyz howa-damjalaýyn geçýan ýokançlyklardan goranmak üçin maska dakynmak siziñ sagdyn bolmagyñyz üçin hemem töwereginizdäkiler üçin howpsuz bolmagyñyzy üpjin eder.

Janyñyz sag, ömrüñiz uzak bolsun!

Категория: Medisina | Просмотров: 106 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Perhatsabirovv   [Материал]
Berlen maslahatlar üçin minnetdar

0
1 Kitapcy   [Материал]
Tüweleme. Kalbanur, siz lukman öýdýän görýän welin.. smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: