16:07
Sulun Hekimiñ nesihatlary
SULUN HEKIMIÑ NESIHATLARY

Aýtdy: - Bir kişiniñ ahwalynda özgeriş ýüz berse we durmuş onuñ üçin agyrlaşsa, beýle adamynyñ naçar we bidöwlet kişi bilen bu barada maslahat etmezligi lazym ki, beýle adamlaryñ beren her bir maslahaty dogry ýoldan uzak, nädogry ýola ýakyn bolýar.

Ýene aýtdy: - Bagtly günlerinde dostlaryndan arany üzen kişä bagtsyz günlerinde hiç kim ýardam bermeýär.

Ýene aýtdy: - Kimde-kim durmuşym añsatlyk bilen geçsin diýse, ýagşydyr ýamanlykdan oñä näme ki ýetse, Tañry Tagalladan diýip bilsin, haýu-höwese berilmesin, içini içigaralykdan, bahylçylykdan tämiz tutsun, hemmeler babatda özüni adyl tutsun, bir adam babatda-da ynsapsyzlyk etmesin.

Ýene diýdi: - Dört närse perişanlyga elter: - birinji - dostlardan aýrylmak, ikinji - duşmanyñ mekirligi, üçünji - oñat işlerden ýüz döndermek, dördünji - kalby päk adamlary har tutmak.

Soradylar: - Dost kim?
Aýtdy: - Agyr günde ýardam beren kişi.

Soradylar: - Dünýäde iñ ýaman närse näme?
Aýtdy: - Ýüregi gara dost.

Soradylar: - Ýüregi gara dost nämä meñzeýär?
Aýtdy: - Düýşe meñzeýär, düýşde-de ajaýyp närseleri görýärsiñ, emma oýananyñda eliñe hiç närse bolmaýar.

Aýtdy: - Dünýäni hoş geçirmek isleseñ, özüñi geldi-geçer haýu-höweslerden gora, mal-dünýäñi Hudaý tagalanyñ razylygy ýolunda sarp et, şonda puşman etmersiñ.
Категория: Sözler | Просмотров: 77 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Sulun Hekim | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: