14:59
Bolar
BOLAR

Yrym-yrym, ýom-ýom,
Ylym-ylym, tom-tom.
Oka, şöhrat-şan bolar.

Il-günüňe ejir bolma,
Ýaşa hakyňa jür bol-da
Abraýyň kän bolar.

Ýeňilmez hiç pursatda,
Köňülde hem gursakda,
Iliň pendi bar bolan.

Dirileriň umydy bar,
Görsün gözleň umydygär,
Ýollar merdiwan bolar.

Goý, ynjasyn gijeler,
Arma, güýjüň tije sen,
Göller endigan bolar.

Çyn gül bolup gülleseň,
Solmarsyň hiç pille sen,
Iller bendiwan bolar.

Gurbandurdy ORAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Gurgencli | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: