14:24
Janly jeset / hekaýa
JANLY JESET

Darajyk köçäniñ gyrasy bilen goñur sumkasyny hallanladyp gelýän köne şlýapaly kişiniñ töweregindäki adamlaryñ hiç birinden ullakan tapawudy ýokdy. Daşyndan seredip, onuñ näme kär edýändigini bilmek iñ ökde bilgiçlere-de başartmasa gerek. Sebäbi, edil şol adamyñky ýaly, özümizde tikilen könelişen penjekli, edil bilgeşleýin edilýän ýaly epin tutmaýan matadan jalbarly, tozanyñ derdinden mydama ýüzi çañjaryp duran köwüşli adamlar her ädimde diýen ýaly duşup dur. Onsoñ, olaryñ haýsynyñ haýsy kärdedigini näbiljek.
Şeýle-de, goñur sumkanyñ içinde näme bardygyny agzyny açyp, içine seredäýmese, agzy ýapyk sandygyñ içindäki naryñ Mazendaran narydygyny bilen bilgiç hem aýdyp bilmese gerek. Şuña meñzeş sumkalaryñ içine bizde nämeler salynmaýar?!.
Bu uzyn boýly hor pyýadanyñ kesip geçjek bolýan köçesiniñ hem haýsy köçedigini biljek bolup azara galmalyñ. Ýöne onuñ çet-gyrak köçeleriñ biridigi welin belli. Sebäbi şular ýaly gyzyl-dörjük edilip, soñam düzedilmän galýan köçeler, esasan, şäheriñ çetinde bar diýip eşitdik. Eger, şäheriñ ortasynda-da şeýle köçe bar bolsa, hormatly okyjy, men sizden ötünç soraýan!
Ýöne bu-da esasy zat däl. Esasy zat edil şuş-şu wagt köçäni kesip geçmekçi bolýan gözenek şlýapaly pyýada bilen ýaýdan sypan peýkam ýaly süýnüp gelýän ak "Žiguli"...
Ak "Žigulini" peýkama deñesek, onda ol peýkamy ýaýdan sypdyran atyjy hem gaty mergen ekeni.
Ýañy köçäniñ ortasyna ýeten hor pyýada batly gelýän "Žiguliniñ" öñünden sowlup ýetişmedi. Sag ganat gelip dyzynyñ ýokary ýanyna urandan ýelek ýaly tozup gitdi. Elinden sypan goñur sumka ýoluñ gyrasyndaky gömlüp barýan ganawa gapgaryldy. Gözenek şlýapa gaýyp, ýanýola düşdi. Darajyk köçäni kesip geçjek bolýan obýektiñ üçünji bölegi bolan uzyn hor göwre bolsa üç-dört ädime tozup gitdi-de, ýoluñ gyrasyndaky daş çile uruldy. Çüwdesi çile degen garaýagyz pyýada janhowluna ýumak ýaly düýrüldi. Iñ soñky deminde garysyna galyp, bir zatlar diýmek isledi. Ýöne dilden-agyzdan galan hor göwre sähel salym doñan ýaly bolup durdy-da, gyzgyn asfaltyñ üstüne şalkyldap gaýtdy.
Hol añyrda togtan ak "Žigulä" dikilen gözleriñ şöhlesi kem-kemden öçüp başlady.
Ak "Žiguliden" ýeñsiz tor köýneginiñ jübüsiniñ üstüne düşnüksiz surat çekilen, gara äýnekli uzynak ýigit çykdy-da, gapyny gürpüldedip ýapdy. Ýañy jesede öwrüp gaýdan adamyna tarap onuñ aýaklary ädilmedi. Uzynak ýigit maşyna ýaplanyp durşuna çilim otlandy.
Gara saçlary eginlerine dökülip duran naşyja gyz yzky aýnadan zat görüp bilmän daş çykaran kellesini derrew yzyna ýygnady.
Ine, şu ýerde weli düýbünden ynanyp bolmajal hadysa başlandy. Meniñ wezipäm, şony size gürrüñ bermek, hormatly okyjy, ynanyñ-ynanmañ, ol öz işiñiz!
Birden "Kakasyna göwni ýetýän bolarly, gaçjak hem bolmady..." diýen gysgajyk pikir gözlerini ak "Žigulä" dikip ýatan pyýadanyñ sowap başlan beýni ýülükleeine ýaýrap gitdi.
Dükanyñ töwereginde hereket artdy. Kimdir biri daş düşelen meýdançanyñ burçundaky telefon-awtomata tarap ylgady. Nazaryny şol tarapa gönükdiren jeset ýene-de edil diri ýaly pikir öwürdi: "Milisiýa jañ edýärmikä ýa "Tiz kömege? Ikisine-de eder-le, haýsy öñ gelerkä? "Tiz kömegiñ-hä" geregi ýok, barybir tebibe zat galmady. Milisiýa-da näbileýin, soñky gezek arak içen günüm ýadyma hem düşenok welin, şonda-da "içgili ýagdaýda köçäni kesip geçjek bolanda heläk boldy" diýip, işi ýapaýmasalar... Maşynly ýigit gaty arkaýyn görünýär...
Elim gurşup gitdi weli, ýatanyma esli wagt boldy öýdýän. Asyl, çep elim aşagymda galaýan eken-ow! Heý, kömek eden tapylmazmyka. Tomaşa görkezilýän ýere döndi-le... Näme seredip durkalar, iñ bolmanda, köçeden bir ýygnasalar. Ýa gandan gorkýarmykalar. Güne gyzyp, näçe wagt ýatmaly bolarka. Siñeklerem janyñy alar...
Ak "Žigulinkñ" eýesi maşynyñ töwereginde görnenok-la? Budkañ içinde ýaly-la, kime jañ edýärkä?! Bärligine gaýtdy öz-ä... Belki, şu elimi-aýagymy ýazyp, arkaýyn süýner ýaly... Aý, ýok-la, adamlañ eginleriniñ üstünden bir seretdi-de, gyra çekiläýdi...
Bu wagt adamlañ gowry artdy:
- Ýüz bilen-ä barýardy, heý, onsoñ öñünren sowlup bolarmy!
- Köle howlugyp barýandyr-da...
- Ýany hem ýoldaşlyja ýaly-la...
- Men irden gelen gatyklary satyp bolupdymam weli - Işini taşlap, daş çykan satyjy söze goşuldy, - Biri dükana girdi-de: "Ony nä öldürip, dükanyñ öñüne taşlaýypsyñ" diýýär. Ýüregim jigläp gitdi. Daş çyksam, ine, ýatyr.
Buýra saçlaryny silkeläp, hyjuw bilen başlan gürrüñini soñlan satyjy gyzyl ýüzükli barmagyny, göýä, bir bölek töññäni görkezýän ýaly, jesede tarap parhsyz salgap goýberdi.
Gyzan asfalty gujaklap ýatan jeset ýer ýarylsa girjekdi. Dirikä gymmaty bolmasa-da, ölümi beýle bigadyr bolar öýdüp, onuñ hiç wagt kellesine-de gelmändi.
Ýene bir käse çaý içim wagt geçensoñ, gapdalyna "Milisiýa" diýlip ýazylgy "Gazik" üýşmeleñe golaýlap, badyny gowşatdy. Ol ýoluñ gyrasynda ýeke biten ullakan söwüdiñ kölegesine burnuny sokup togtady. "Gazigiñ" gapylary açylyp, aşyk-magşukly kinolarda baş roly oýnadyp ýörmeli iki sany syratly leýtenant böküp, ýere düşdi.
Olara gözi düşen jeset edil hossarlaryny gören dek ejizläp gitdi. "Wah, tizräk geläýseñiz bolmadymy, indi-hä meni kölegä geçiräýseler gerek..."
Öñdäki milisioner jesede çala-çula göz gezdirdi-de, henizem dargaman duran dört-bäş adama ýüzlendi.
- Nähili maşyn kakdy?
Hemmäñ yzynda duran kelte boýly dolmuş aýal öýündäkileri iki tarapa itekleşdirip, oña golaý geldi:
- Waý, oglum, hol-ha dur-la kakan maşyn, gaçjagam bolmady.
Dolmuş aýal elini uzadyp, ak "Žigulini" görkezdi.
- Eýesi nirede?
- Içinde otyr.
Ikinji milisioner birinjiniñ gulagyna çawuş çakdy:
- Belki, keselhana äkitmek üçin gaçan däldir.
Bu sözler gulagyna degen dolmuş aýal ellerini ýaýyp goýberdi:
- Wah, käşgä şeýle bolsady, oglum, keselhana äkitjek bolaa sähet isleýärmişmi. Indi bir sagat bäri güne jyzyrdap ýatyr bu neresse...
Bokurdagy dolan dolmuş aýal ýaglygynyñ çowuny gözlerine ýetirdi:
- Wah, garabagyr enesem bardyr...
Ol tozana bulaşyp ýatan gözenek şlýapanyñ çañyny kakdy-da, jesede tarap ýöneldi.
- Ene, ýanyna barma, gadagan. - Milisioneriñ sesine dolmuş aýal badyny saklaman yzyna gañryldy:
- Wah, men şu siñekleri bir kowaýyn-la...
Ol gepläp barşyna birki ädim ätdi-de, şlýapany jesediñ gyzyl jižžik bolan ýeñsesine ýapdy.
Adamçylygyny ýitirmedik aýalyñ sähel mähremligine göwni bozulan jesediñ nedenem gözlerine ýaş indi.
Milisioneriñ biri ak "Žiguliniñ" eýesini äkelmäge gitdi. Beýlekisi şaýatlary "Gazigiñ" ýanyna, kölegä çagyrdy. Ol galam-kagyzyny taýynlap, açyk gapydan aýagyny sallap oturyşyna dodaklaryny ýazdy:
- Nä wagt boldy, bu iş?
Şol pursat badyny saklan maşynyñ zaryn zygyldysy gulagyna degen milisioner ýeñsesine gañryldy. "Gazigiñ" böwrüne burnuny dirän täzeje "Wolganyñ" yzky işigi açylyp, egnindäki pogonlarynyñ hersiniñ ortasynda ullakan ýyldyz ýalpyldap duran çal saçly milisioner düşdi. Ol öñ işigiñ açyk aýnasyndan kellesini sokup, şofýoryñ gapdalynda oturan, sallanyp duran alkymy galstugynyñ üstüni ýapyp duran pyýada bilen birki söz alyşdy-da, bärligine gaýtdy. Böküp ýerinden turan ýaşajyk leýtenant elini papagynyñ gaşyna ýetirdi:
- Ýoldaş maýor!
- Ýeri, bolýar. - Ellerini arkasynda gowşuran maýor oña seretmän gürledi: - Üç-dört sany şaýadyñ adyny, adresini belläp al-da, yzyma düş!
Olar tirkeşip, jesede tarap ýöneldiler. Maýor ak "Žiguliniñ" eýesini öñüne salyp gelýän milisioneri görüp, dişiniñ arasyndan syzdyryp gürledi:
- Näme, bandit tutan ýaly, öñüñe salyp gelýäñ, adresini-adyny belle-de, goýber. Gerek bolsa özümiz çagyrarys. Indi bir alkaş üçin atly-abraýly adamlañ çagalaryny öñümize salyp ýörjek bolsak...
Uzaklaşyp barýan ak "Žigulä" gözlerini dikip galan jesediñ buza dönen beýnisine iñ soñky pikir ölügsi şöhlesini salyp gitdi:
"Men diýdim-ä..."

Jumageldi MÜLKIÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1989 ý.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 166 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jumageldi Mülkiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 7
1
7 Mekan   [Материал]
Ölmännir wacko

1
6 Dunyagozel   [Материал]
Ölmedimaý ol wacko
Näme boljagyna bilýän eken neresse dry

1
5 Gurgencli   [Материал]
mmbäh

1
4 Nurdan   [Материал]
Diñe polisyalary ýazgarmak, adalatsyz işleýän, gorkyan edip görkezmek üçin ýazylan yaly detektiw prozañ maksady.
Eger awariýa bolan ýerde jeset bolsa polis, tiz kömek, ekspertiza, prokratura gelmezden iş edilmeýar.
Bolya, diýeli: tiz lukmançlyk kömek geler-de jesediñ ölenligi, niresine şikes alanlygy barasynda signal list, akt ýazar emma ony kakan maşyn bilen işi bolmaz diýeli. Emma med ekspertizadan, beýleki edaradan prokraturadan, nädip gizlär polisýañ maýory günäkäri?! Diýmek detektiw proza bolsa-da ekspertiza bilen prokraturanam polisi satyn alan "abraýly adamyñ" olaram satyn alşyny acyp görkezilse has şowly bolardy hekaýa. Ýa-da öñler şeýledimika düzgün. Diñe polisler ynsapsyzdymyka beýlekiler akja jüýje bolup?!

Diñeje polisleri yaman edip görkezmeli däl-da (( p

1
3 Akjemal   [Материал]
toba cry su mlise halkynyn bir enteginde-de ynsap diylen zat duybunden yok. wacko

1
2 Hаwеrаn   [Материал]
Beee, ýeri bakaly?! wacko

1
1 Nurdan   [Материал]
Polis bolmadygyma ýüz müñ şükür etdirdi bu..
Ýene bolsa leýtenantkalar ynsaplyrak ekenler. Azajyk zwanya yokarlanyp başlasa ynsap nola çykýan ekeni bolmaly-da polislerde.. wacko

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: