09:50
Gutarar
GUTARAR

Meň arkamda Garagum dur,
Ol meni sizden gutarar.
Ýüregi ot, garagy nur,
Ol ýaman sözden gutarar.

Hakykat ol, däldir salgym,
Ony ýolda bildim-galdym.
Daň atyp, galkanda al Gün
Asmanda közler gutarar.

Söýdüm onuň ter güllerin,
Kaklarny – ter tegmillerin,
Türkmençe bilýän ýellerin,
Waspyna sözler gutarar.

Ruh ol ýalňyz halatyň,
Onuň agysyn agladym,
Men onuň gamgyn balasy,
Ol maňa dözmez, gutarar.

Gurbandurdy ORAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Gurgencli | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 1
0
1 Garaýolly   [Материал]
Gowy goşgy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: