18:09
Aýyp kimde / satiriki hekaýa

AÝYP KIMDE

Hemraýew agşamlyk naharyny iýip bolansoň ýatmakçy boldy, emma bolmady. Aňyrky otag goh-galmagal, çagalar ýassyk bilen biri-birini urup oýnap ýörler. Sagat sekgiz ýarym-da ýygnaga hem barmaly. Düýn Hemdem ata-eneler ýygnagy boljakdygy barada mekdepden hat alyp geldi.
Hemraýew hiç haçan ýygnaga baran adam däl. Emma pursady bolanda taýýarlanyp barmakçy we çaga terbiýelemegi bilmeýän ýa-da bu işe sowuk-sala garaýan mugallymlary utandyrmakçy. Bu niýeti aýaly Sabirahana örän makul boldy.
— Aýt, utandyr. Çagalar mekdepde okap gaýta bibaş bolup barýalar. Sen öý-de ýok wagtlaryň dagyn bi Hemdemden ýaňa maňa dynçlyk ýok. Öňler urup ýeňerdim, indi uraýyn diýsem gaçyp, tamyň üstüne çykyp gidýä, tamda durup maňa dilini çykarýa.
Hemraýew elindäki depderine bir zatlar ýazdy.
— Howwa, ýene nämeler edýä?
— Ursam «Barybir agyranok» diýip jykyr-jykyr gülýä… Wi ýene-de, bir ýyldan bäri «eje» diýenini eşdemok, hemişe «Turandat» diýýä.
Hemraýew gülüp göýberdi. Bu lakamy Sabirahana geçen ýyl baýramda bir tanyşynyňka myhmançylyga baranlarynda özi dakyp hemmäni güldiripdi.
— «Turandat» diýýäm-ä? Ýöne muny ýygnak-da aýdyp bolmaýa, sebäbi… Emma bir tarapdan aýtsaňam bolýa, çaga diýeniň ulylaryň gepini aýtmazlygy gerek.
— Elbet-de! Mekdepde şular ýaly zatlary öwretmeseler nämäni öwredýäler? Gury ylym bilen çaga çaga bolýan ekenmi?
Hemraýew Sabirahanyň şykaýatlaryny, gazetlerde okan, adamlardan terbiýä degişli eşiden gürrüňlerini depderine ýazdy, depderini doldyrdy, soň olaryň hemmesinden netije çykardy:
— Men bir kagyza okamazdan gol goýsam, sen bir köýnegiň ýakasyny gyýşyk tikseň işe sowuk-sala garanymyz üçin jogap bermeli bolýas, nämüçin çaga terbiýesine sowuk-sala sereden mugallyma kanun ýok? Hany Hemdemi çagyr bäre!
Aňyrky otagdan, perleri çykyp giden ýassygy göterip Hemdem çykdy.
— Otur bärde! Howwa, sen nämüçin köçe çagalaryna meňzäp garagollyk edýäň?
Hemdem ýassygy kursä goýup, üstünde oturyp ejesine seretdi.
— Näm etdim?
— Men soraýan, maňa bak! Näme edeniňi bileňokmy? Nämüçin ejeň uranda… ýok, bulam bolýa. Nämüçin ejeňe «eje» diýmän… ýok, nämüçin tamda durup ejeňe… umuman, üçegiň üstünde ýörýämişiň, ýer göterenokmy? Mekdepde saňa şuny öwredýälermi? Hany depderleriň?
Hemdem ejesine seretdi:
— Haçan men üçekde ýöredim?
— Ýok, üçegi goý, maňa depderleriňi görkez! Bu ýyl okuw başlaly bäri näçe sany «bäş» baha aldyň?
— Ýekeje-de ýaman baha almadym, ine…
Hemraýew depderleri gözden geçirip başlady.
— Bolýa, häzir görýäs, «dört», «üç», «üç» hany «bäş»? Orsçadan nämüçin «dört»?
— Bäşe okasamam mugallymym dört goýdy, bäşden dört ýagşy diýdi.
— Şeý diýsene! Entek sen ýalan geplemänem bilýäňmi? Hany, bärräk gel, gözüme seret! Dört ýagşy diýdimi?
Hemdem ýalan gürlemegiň bular ýaly jezasyny ömürinde birinji gezek görüşidi, çydap bilmedi, aglap göýberdi.
— Maňa seret diýýän? Ýalan geplemegi kim öwretdi saňa? Haýsy mugallymyň?
— Goý indi, indikide ýalan geplemez. Waý, towa orsçadan nämüçin dört, orsça bela ýaly gepleýäne meňzeýärä!
Hemraýew Hemdemiň gulagyndan çekip özüne seretdirdi.
— Ýene ýalan geplejekmi? Şundan soň ýalan gepleseň, bilip goý, men ejeň ýaly agyrmaýan edip urmaryn! Şu ýalan gepiňden soň orsçadan dört alanyňada ynanmaýan. Hany, bolýa, meselem, çeýnegiň gapagyna orsça näme diýilýä? Gapyň tutawajyna näme diýilýä?
Hemdem ikisini hem bilmedi, aglap aňyrky otaga girip gitdi.
Hemraýew depderini alyp bir zatlary öçürdi, ýene bir zatlar ýazyşdyrdy.
Hemraýew depderini jubisine salyp:
— Ýok — diýdi —Bu işe ünslije seretmek gerek. Şular ýaly bolansoň ýygnaga gowja taýýarlanyp barmasaň bolmaýa. Terbiýä degişli kitap köp.
Sabirahan:
— Sagat sekgiz boldy — diýdi.
Hemraýew oýlanyp galdy. Ýygnaga barsa elbet-de gürmeli bolar, gürlemejek bolsa barmagynyň geregi ýok. Söze çykanda näme barada gürlemeli, gepi nämeden başmaly, nähili netije çykarmaly?
Hemraýew:
— Ýok, bular ýaly barmakdan peýda ýok, Turandat— diýdi — Bu gezeklikje sen bar. Men indiki gezek gowja taýýarlyk görüp barjak.
— Goýsaňaý! Ömürimde barmadyk ýerime nädip baraýyn? Meň barmagymdan näme peýda bar?
— Peýda bolmasa, zyýanam ýog-a!
Är-heleý pyýda-zyýan dogrysynda çekeleşip sagady sekgiz ýarym etdiler.
Hemdem aňyrky otagdan çykyp:
— Näme edip otyrsyňyz? Direktor gelsinler diýip tabşyryp goýberipdi. Ertir haty bermediksiň diýip maňa gygyrar.
— Ejeň-ä barmaýa, barmagyndan peýda hem ýok. Men indiki gezek barjak.
— Müdir sorasa şeý diýeýinmi?
— Nämüçin? Ullakan bolup şuňa bahana tapaňokmy? Dädem işden giç geldi, ejemem keselläp ýatyr diýgin.
Hemdem dädesine uzak wagtlap seredip galdy. Ol ertir dädesiniň aýdyşy ýaly eder.

Abdulla KAHHAR
1940 ý.

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI.

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 304 | Добавил: Gurgencli | Теги: Abdulla Kahhar | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 10
0
10 Kitapcy   [Материал]
Günä kimde, günä gözde, günä gözde... diyipdir birwagt Bayram han Turkmen smile

0
9 ezizh764   [Материал]
"Mollanyñ edenini etme, aýdanyny et! " diýleni bolupdyrda...

0
8 Nurdan   [Материал]
Elbetde "däde" de aýyp))

0
7 Gurgencli   [Материал]
@Nurdan, siziň pikiriňizçe aýyp kimde?

0
6 Gurgencli   [Материал]
Hekaýaň ýazylanyna şu ýyl 80 ýyl bolýan eken.

0
5 Nurdan   [Материал]
çykyr-çykyr şu sõzüñ jykyr-jykyr bolmaly türkmen dilinde.

Birem esasy ýõnekeý sõzlemlerde baglaýjy kõmekçileri ýalñyş ulanýan ýerleñ kõp ýazuwda. Meselem õý-de diýipsiñ. Õýde bolmaly.eger onyñ yzyna baglaýjy goýjak bolsañ Õýde-de bolmaly

0
4 Nurdan   [Материал]
Dyngy belgiler esasy düzmeli goşma sõzlerde goýulýar. Eger düzmeli goşma sõzlemler: emma, ýõne, a, ýogsam, bolmasa, gaýtam...ýaly baglaýjylar arkaly baglanyşsa olaryñ õñûnden otur goýulýar, emma: weli, welin, da, de, baglaýjy kõmekçileriñ bolsa yzyndan goýulýar.

0
3 Nurdan   [Материал]
Uryp sõzi bolsa urup ýazylmaly dodak çekimli sõzüñ yzyna goşulma goşulanyn-da ikinji bogun hem dodak çekimli bolmaly

0
2 Nurdan   [Материал]
Ynha:

biýr-biýri diýip tirkeş sõz bar hekaýada. Ýazylanyn-da bir-biri diyip ýazylmaly. Aýdylanynda "ý" harpy eşidilse-de ýazylanynda ulanylmaýar.

0
1 Nurdan   [Материал]
@Gürgençli, doganjygym terjimäñiz umuman gowy. Originalyny okamamsoñ many barada hiç zat aýdyp bilmerin. Yõne okanyñda belli bolşy ýaly siz mekdepde türkmen dili sapagyny ýarym-ýalta okapsyñyz. Muny siz esasy baglaýjy kõmekcileri ulananyñyzda acyk gõrmek bolýar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: