15:41
Pursat şu pursatdyr, göwün!

PURSAT ŞU PURSATDYR, GÖWÜN!

Hany, ganatyň gersene,
Pursat şu pursatdyr, göwün!
«Ýol uzak!» diýibersinler,
Pursat şu pursatdyr, göwün!

Gül syryn gunçada gördüm,
Derýany damjada gördüm,
Budur — bagtyň,
Şudur — derdiň:
Pursat şu pursatdyr, göwün!

Zol-zol ýatlap geçmişiňi,
Çekip ertäň teşwüşini,
Unutma Hak peşgeşini:
Pursat şu pursatdyr, göwün!

Söýjekmiň — söý däliräpler,
Diýjekmiň — diý däneläpler,
Ýokdur häli-häliräkler,
Pursat şu pursatdyr, göwün!

Ýyllary harçlap aldygyň,
Şu gündür — humly sandygyň!
Ha, şowhun-şoh, ha, gamly gün,
Pursat şu pursatdyr, göwün!

Menzil kaýdan,
Ugur hanjak?!
Ýolagçysyň — Haka barjak!
Özüň aýdypdyň-a bir çak:
Pursat şu pursatdyr, göwün!

Kakamyrat REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: