15:49
Suratlar

SURATLAR

Suratlarda adamlaryň keşbi bar,
Olar kän zat ýatladyp dur geplemän...
Çary Ýegenmyradow.

Görsene, her biri ömürden parça,
Suratlar, heý!
Durmuş siňen suratlar!
Ine, saňa taýýar gämi!
Ýüregňi
Ýatlamalar ummanyna ugratsaň!

Ynha, şol mähriban klasdaşlarym,
Gara gözler bir nokada gezelgi.
Özboluşly toýdy surata düşmek,
Biz bilýärdik bu pursatlaň hezilni.

...Bu suratda durun täsin ýylgyryp,
Ýanymda owlajyk, şeýle enaýy.
(Sag bol, bu durmuşda iň möhüm zady —
Ýylgyrmagy ündän suratçy daýy!).

...Ýadymda meň bu surata düşüşim,
Goýman üst-başymyň kemin-kemterin.
Soň çatyp ilkinji goşgujyklarma,
Redaksiýa höwes bile eltenim.

Bu suraty gör-le, şol günem ejem
Bezäp-besläp äkidipdi şähere
Basdaş agam ikimizi bileje.
...Ömrümize ömür goşan suratlar
Kän däl, çyn dostlar deý sanaýmalyja.

Ýürekdeşlerim deý mähriban olar,
Eziz şo-ol çagalyk ýyllarym ýaly,
Olary arzylap-aýap goýýaryn,
Kädaýym mährine ýylnarym ýaly.

Hany, ol günleriň şowhuny hany,
Ol pursatlaň tolgunjyny kim biler?!
Ýa ony holtumna düýrläp gitdimi,
Ah, selfiler, başly-barat selfiler.

Öter ömri bir dem eglejek bolup,
Käteler kalby şat eýlejek bolup,
Men şindem surata düşýän ürç ede.
Indi meniň suratym kän şeýlebir,
Ýöne ele alyp kalby çoýara
Suratym ýok birje-de...

Kakamyrat REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: