15:50
Sen gelýäň

SEN GELÝÄÑ

Ädimläp üstünden aşyk ýüregmiň,
Sen gelýäň, ine!
Hem-ä bagty, hem armany gül ömrüň,
Sen gelýäň, ine!

Bagt guşun başymda eldeki eýläp,
Dünýäni owadan erteki eýläp,
Müň dert berip,
müň bir derde em eýläp,
Sen gelýäň, ine!

Kän kitap agdaryp, gözüm sargara,
Toplan aklym bir bakyşda dargada,
Meňzäp jöwza çöle inen ýagmyra,
Sen gelýäň, ine!

Hyýalym sen — hakykatdan daş düşen,
Ýylgyrsa — ýaz, gaşyn çytsa, gyş düşen,
Arasyndan geljek bilen geçmişiň
Sen gelýäň, ine!

Aňman aý-ýyllaryň şaglap gitjegin,
Sensiň sen-sen diýip garrap gitjegim.
Iň soňky wesýet deý sargap gitjegim,
Sen gelýäň, ine!

Kakamyrat REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: