08:08
Id al-adha - türkmenleriñ Gurban baýramy

ID AL-ADHA - TÜRKMENLERIÑ GURBAN BAÝRAMY

Id al-adha - Gurban baýramy

Arapça "Id al-adha" türkmençe "Gurban baýram" musulmanlaryñ, şol sanda hem türkmenleriñ iñ uly dini we milli baýramydyr. Ol her ýyl hijri-kamary senesiniñ Gurban (Zülhiçje) aýynyñ 10-12-si aralygynda 3-4 günüñ dowamynda geçirilýär we bu baýramçylyk Mekgä zyýarat etmegiñ tamamlanan gününe dogry gelýär. Ol oraza dini baýramçylygyndan 70 gün soñ başlanýar. Türkmenistanyñ käbir welaýatlarynda (Daşoguz, Mary) bu baýramçylyk is-haýt - gurbanlyk görnüşinde bellenýär we 5-6 güne çekýär. Gurban baýramçylygymyzda öten-geçenlerimize aýat-töwür okalýar, ýaşlarymyz "günäsini" ýuwmak ynanjy bilen hiññildik uçýarlar, birek-birege barylýar, goñşokara gatnaşygy gowulaşýar.

Täzeden dikeldilen baýram

Gurban baýramçylygy, beýleki däp-dessurlarymyz, baýramçylyklarymyz (Nowruz baýramçylygy, Hatyra güni we beýlekiler) ýaly täzeden dikeldilen belli senelerimiziñ biridir. Bu baýramçylyk ilkinji gezek Türkmenistanyñ Prezidenti S.A.Nyýazow tarapyndan resmileşdirildi we Gurbam baýramynyñ bir güni iş güni däl diýlip ykrar edildi, ol hakda ýörite Perman çykaryldy. 1993-nji ýylyñ 17-nji maýynda ýaşulularyñ maslahatynda S.A.Nyýazow 1994-nji ýyldan başlap gurbanlygyñ ähli üç güni hem dynç alyş güni bolar diýip aýtdy.

Gurban baýramynyñ gelip çykyşy

Gurban baýramynyñ gelip çykyşy has alyslara syrygýar we ol Yslam dini döremezinden müñlerçe ýyl ozal döräpdir. Alymlaryñ bir topary ony köphudaýlylyk bilen baglanyşdyrsa, dini hadymlar Ybraýym (a.s) we onuñ ýeke perzendi Ysmaýyl pygamber (a.s) bilen baglanyşdyrýarlar. Dogrudanam, mal gurban etmeklik gadymy adamlaryñ tebigatyñ ýykgynçylykly, betbagtçylykly hadysalarynyñ (ýer titremesi, wulkan atylmalary, apy-tupanlar, suw joşgunlary we ş.m.) öñünde döz gelmän we olaryñ ýüze çykmagynyñ sebäbine düşünmän, olardan gorkup, mal gurban etmek, sadaka bermek bilen Hudaýyñ rehimdarlygyny diläp, olardan halas bolmak bilen baglanyşyklydyr. Bilişimiz ýaly, her bir hadysanyñ, mal-garanyñ öz hudaýy bolupdyr we olaryñ ýoluna sadaka edilipdir.
Mundan 5.000 ýyl ozal Müsür piramidalarynyñ ýanynda gurban edilýän ýörite meýdançalar bolup, şol ýerde haýwanlary öldürip, hudaýlardan dalla isläpdirler. Görşümiz ýaly, gurban etmeklik adam taýpalarynda entek Yslam dini döremänkä ýüze çykypdyr. Yslam dini döränden soñ bolsa, ol başky mazmunyny ýitirip, hökmany edilmeli häsiýete geçipdir.
Ikinji bir rowaýata görä, Gurban baýramçylygynyñ gelip çykyşy Ybraýym pygamber (a.s) we onuñ ogly Ysmaýyl pygamber (a.s) bilen baglanyşyklydyr. Ybraýym pygamber (a.s) we onuñ aýaly Hajarbibiniñ (käbir edebi çeşmelerde Agara) ýeke perzendi Ysmaýyljan 14 ýaşa ýetende, Allatagaladan oña (Ybraýym pygambere) bir owaz gelýär. Onda şeýle diýilýär: "Eý, Ybraýym, seniñ wadañda wepañ nedir. Huda seniñ ogluñy ýoluna gurban kylynmagyny isleýär". Ondan soñ ol ogluny molladan alyp gaýdýar we märekäniñ öñünde ýeke perzendiniñ el-aýagyny berk güýlüp, pyçagyny çekýär welin, kesmän duruberýär. Hudaý we asmandaky perişdeler Ybraýym pygamberiñ (a.s) sözünde tapylandygyna göz ýetirýärler hem-de aýaklary güýlüngi goçgary iberýärler, ony gurban etmegi buýurýarlar. Bu bolşa şatlanan halk Hudaý ýoluna üç gün sadaka berýär. Şeýlelikde, Ysmaýyljan azat bolýar.
Aýdyşlaryna görä, şol günem Zülhiçje (Gurban) aýynyñam 10-y güni eken. Ine, şondan bärem Hudanyñ emri bilen her ýylda, Gurban aýynyñ 10-y güni Hudanyñ adyna bagyşlap, janly gurban etmek musulman halklarda däp bolup galyberýär.
Yslam dini döränden soñ gurbanlyk etmek ýerli häsiýetini ýitirýär we köp taraplaýyn işlenilýär. Gurbanlyk diñe bir Mekgede geçirilmän, araplaryñ tabyn eden döwletlerinde, ýagny musulmanlaryñ ýaşaýan ýerlerinde geçirilmeli edilýär.

Türkmenistanda Gurban baýramy

Türkmenistanda Gurban baýramy has ir wagtlardan bäri geçirilip gelinýär. Muña "Görogly" eposyndan bir mysal:

"On iki aýdan geler gurban,
Sallanyşar gyz-u-juwan,
Ýol üstünde goşa nerwan,
Ýol beriñ gyzlar geleýdi".


Ýokardaky setirler bu däp-dessuryñ türkmenleriñ milli baýramçylygydygyna güwą geçýär.
Türkmenistanda Sowet häkimiýetiniñ berkarar edilmegi bilen türkmenleriñ durmuşyna asyrma-asyr ornaşan däp-dessurlara garşy göreşilişi ýaly, Gurban baýramçylygyna hem badak salnyp başlandy. Oña täze jemgyýetçilik gurluşyna ters gelýän akym hökmünde seredilip başlandy. Yslam dini bilen baglanyşykly baýramçylyklara garşy göreşmeklik 1950-nji ýyllardan soñ has möwjedi. Bütin agitasiýa, propoganda işleri, intelligensiýa, mugallymlar, partiýa işgärleri şoña gönükdirildi. Gurbanlyk etmeklik oba ýerlerinde hem gizlin geçirilýär. Ýaşuly adamlaryñ aýtmaklaryna görä, taýýar naharlaryñ ýolbaşçy adamlar tarapyndan agdarylýan wagtlary seýrek bolmaýardy, adamlar jogapkärçilige çekilýärdi. Hut 1970-1980-nji ýyllarda hem pagtaçylyk ýerlerde gurbanlyk ogryn-dogryn edilýärdi. Diñe soñky ýyllarda ýaşlar hökümet ýolbaşçylarynyñ portretlerini asmak bilen, hiññillik ýykylmagyndan halas boldular. Görüp otursak, bu ýagdaý Sowet häkimiýetiniñ ilkinji ýyllarynda hem beýle däl eken. Käbir taryhy maglumatlara ýüzleneliñ:

"1919-njy ýylyñ 1-nji iýunynda Merw uýezdiniñ rewolýusion komitetiniñ zähmet we sosial üpjünçiligi baradaky bölüminiñ buýrugyna bölümiñ naçalniginiñ wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriji Kuprýanow gol çekipdir. 28-nji, 29-njy, 30-njy iýunda Gurban baýramy boljakdygy sebäpli, musulman gullukçylaryny baýram geçýänçä işden boşatmaklyk teklip edilipdir. Buýruk diñe front bilen baglanyşykly işdäki musulmanlara degişli däldi" (N.Baýramsähedow. "Yslam barada hakykat", Aşgabat, 1988, 323-nji sah.).

Gurban baýramçylygy bilen baglanyşykly bolan ýörelgeler, edim-gylymlar

Şu ýerde Gurban baýramçylygy bilen baglanyşykly bolan ýörelgeler, edim-gylymlar hakynda aýdylsa hem artykmaçlyk etmese gerek. Olara bady-hiññillik, nähili janlyny gurban etmeklik, hepdäniñ haýsy güni we beýlekiler gorýär.
Dini takwa adamlaryñ tassyklamagyna görä, hiññillik, şeýtanyñ oýlap tapan zady. Hawa, kapyrlar jem bolup, Ybraýym pygamberi (a.s) gynap, oda ýakyp öldürjek bolýarlar. Ýöne uly oduñ ýanyna nähili barmaly. Şu ýerde hem şeýtan maslahat berýär: "Siz iki sany beýik agaç dikiñ, ony ýüp bilen baglañ-da, Ybraýym pygamberi şoña mündürip üwräñ, mazaly bat alandan soñ bolsa ýüpleri kesiñ diýip buýurýar. Ol oda düşer diýýär. Kapyrlar şeýle hem edýärler. Rowaýata görä, biziñ pygamberimiz oda taşlanan wagty ataş (ot) gyzyl lälezarlyga öwrülenmiş. Ybraýym pygamber (a.s) bolsa mañlaý derini syryp oturanmyş. Hawa, rowaýat rowaýat bolýar. Ýöne halk içinde welin, hiññilliklerde uçsañ bela-beterler ýok bolýar, geljegiñ lälezarlyga öwrülýär diýen ynanç döräpdir. Ol şatlygyñ, toý-baýramçylygyñ nyşany.
Hudanyñ adyna janlyny gurban etmeklik Gurban aýynyñ 10-na, 11-ne we 12-sine geçirilýär. Ol hakyky gurbanlyk hasap edilýär. Eger-de ol anna gününe gabat gelse, ol "Hajyly ekber" bolýar, ýagny has gowy sogap hasap edilýär.
Gurban baýramçylygy günlerinde ozalam, häzirem öý başyna bir dowaryñ ýa-da başga mallaryñ soýulýandygy hemmelere mälimdir. Häzirki galagoply, gytçylyk-gahatçylykly kyn döwürde olary tygşytly we zaýasyz peýdalanmak her bir maşgalanyñ borjudyr. Ol şeýle hem edilip gelinýär bu barada biziñ Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) ýurdunda ýaşaýan araplaryñ ýörelgelerinden ugur almagymyz gerek. Saud Arabystanda birnäçe goñşy-golam, dogan-garyndaş bir dowar alyp, şol janlynyñ etinem ortalyk bir ýerde hudaý ýoluna berýärler.
Gurbanlyk ediljek mal arassa, şikessiz bolmalydyr we hor bolmaly däldir. Köplenç erkek janlylar soýulýar. Düýe-sygyr ýaly uly mallar ýedi paý hasap edilýär:

Goýun-geçi, her biri, birige ýarar,
Düýe-sygyr ýedi kişige karar.
Gözi kör, arryk, agsak, nä rowa,
Gelmese mazbuh ýerige ol süre.
Satsa ýarmakga Gurban derisin,
Derwişge bergeýler onuñ barysyn.


Görşümiz ýaly, Gurban baýramyny geçirmegiñ gadymyýetden gelýän öz kada-kanunlary bar eken.

Gurban baýramçylygy häzirki döwürde nähili geçirilýär?

Türkmenistanyñ Prezidenti S.A.Nyýazowyñ 1992-nji ýyldaky Permanyndan soñ her bir edara, kollektiw we maşgalalar köpçülikleýin gurbanlyk edýär, öten-geçenleriñ ruhuna bagyşlanyp, aýat-töwür okalýar. Baýram günleri ýaşlarymyz hiññillik uçmaga we ony bezemäge aýratyn üns berýärler. Olar dürli öwüşgin berýän lampoçkalar bilen bezelýär, magnitofon aýtdyrylýar, bagşy çagyrylýar. Baýramçylykda uludan-kiçä hemmeler arassa we baýramçylyk lybasyny geýýärler.
Bize diñe "Gurban baýramyñyz gutly bolsun, gurban-kokunyñyz kabul bolsun, adamlar!" diýäýmek galýar.

G.Gurbandurdyýew,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ dosenti.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 48 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: