18:51
Jüneýt hanyň göreşiniň täsiri dowam edýär
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER

Garagumdaky göreşleriň gaýtadan möwç almagy we ganly öç alyşlar

JÜNEÝT HANYŇ GÖREŞINIŇ TÄSIRI DOWAM EDÝÄR

1929-nj ýylda mejbury geçirilýän uçdantutma kollektiwizýasynyň başlanmagy bilen ýene-de ýaraga ýapyşanlaryň sany köpelýär. Öňki basmaçy toparlarynyň üstüne täze toparlar goşulýar. Mysal üçin, diňe bir Daşhowuz etrabynda Şaltaý batyryň (könürgenç, ýylanly, Goňrat etraplarynda), Ahmet begiň, Ýazan Öküziň (ikisi hem Tagtada), Oraz balanyň (Ýylanly-da)toparlary bilen bir hatarda Gully balanyň (Könürgenç, Ýylanly, Goňrat-da), Ýagmyr Hojanyň(Könürgenç-de), Palta Şyhyň (Daşhowuz, Ýylanly özbekleriniň topary), Goňurbaý Gojanowyň (Goňrat, Ýylanly özbekleriniň topary), Gylyç baý Jumamyradowyň we Mädýär balaň (Könürgenç, Goňrat, Hoja ili
Türkmenleriniň we Garagalpaklaryň garyşyk toparlary peýda boldy. Basmaçy toparlarynyň uly birikmesine indi Şaltaý batyr baştutanlyk edýärdi[1]. Asla, il arasynda aýdylşyna görä, Jüneýt han serhetden geçjek bolanda «gara kelläni togalaýmasalar atdan düşmerin» diýip Şaltaý batyr kasam edipdir. Şonuň üçinem onuň goşunyna beýleki ýerlerdäky basmaçy toparlarynyň wekilleri-de gelip gidär eken. Şaltaý batyr Kerki töwereginde hereket edýän basmaçylaryň serdary Gylyç mergen arkaly Jüneýt han bilenem aragatnaşyk saklaýanmyş.
1929-nji ýylyň 5-7-nji maý aralygynda Owganystanyň Herat şäherinde «baç sakaw»nyň, Jüneýt hanyň, ozalky Buhara emiri Seýid Alym hanyň hem-de iňlis ofisereleriniň gatnaşmagynda maslahat bolup geçýär. Maslahatda Sowet hökümetine garşy göreşýän basmaçylara kömek bermek üçin 3 sany topar döredilýär. Şolaryň ikisi Türkmenistana, ýagny Çärjewli Döwlet serdaryň 75 atlysy Kerki-Çärjew, Eşi hanyň, Mämet_aly hanyň 130 atlysy ilki Tejen, soňra Daşhowuza iberilýär. Soňky ýyllarda hem Eşi hanyň, Kerim hanyň(Bluçlaryň topary), Eýrandan/Türkmensähradan/ Durdy_Gylyç hanyň (Jüneýt hanyň ozalky serdarlaryndan)[2], Halmyrat Gürgenliniň we beýlekileriň toparlary birnäçe gezek serhetden geçip tabşyrygy berjaý edipdirler. Şaltaý batyr ölensoň basmaçylara Ahmet beg ýolbaşçylyk edýär. Yndi taýpa￾tire alamatlary ýa-da milleti buýonça däl-de, teretoriýasy/ýaşaýan ýerleri/ boýunça birleşen uly basmaçy toparlary emele gelýär. 1931-nji ýylda Türkmenistanda şeýle territoriýal birleşmeleriň 3-si, ýagny Tejen, Gazanjyk-Krasnowodsk/şagadam/, Daşhowuz toparlary bardy. Olar öz aralarynda Garagumyň merkezi guýulary arkaly aragatnaşyk saklaýardy. Basmaçylaryň Tejen toparynda Bäherdenli Myratly hanyň, Orazgeldiniň, Gazanjyk-Krasnowodsk toparynda Garahan Çagylyň, Tagan_gylyç Mämmediň, Daşhowuz toparynda Ýazan öküziň, Durdy mollanyň, Annajan balanyň we beýleki serdarlaryň atlylary raýon merkezlerine, obalara dökülip dürli Sowet edaralaryny otlaýardylar, kolhozlaryň malyny sürüp, «kapyrlardan» öç alýardylar. Çarwa ilatyň arasynda ýykgynçylyk hasam güýçli bolupdyr. Çarwadan partiýa, Sowet, komsomol/ýaş komunistler/ işgärleriniň, aktiwistleriniň ýüzlerçesi basmaçylar tarapyndan öldürildi. Kä ýerlerde bolsa basmaçylar halys gorkusyz hereket edipdirler. Mysal üçin, öz basmaçy hökümetini döredip, Tejen etraplaryny soran Orazgeldiniň golaýyndan geçip bilen bolmandyr.
Türkmenistanyň kommunist (bolşewik) partiýasynyň merkezi komiteti we Türkmenistan SSR halk komissarlar şurasy Garaguma, ýagny basmaçylara garşy harby-syýasy ekespedisiýa, jezaberiji topar ibermegi hakda karar kabul edýär. Düzüminde partiýanyň biriniji sekretary Ý.A. Popok, TSSR halk
komissarlar şurasynyň başlygy Gaýgysyz Atabaýew, Orta Aziýa harby okrogynyň komandiri N.Dbnekow bolan, merkezi opratiw/emeliýat toparyň karargähi döredilýär. Karargäh, eýýam 5000-e golaý atlyny özünde jemleýän basmaçy toparyny gyryp, soňuna çykmagyň planyny düzdi.
1931-nji ýylyň sentýaber aýynyň başynda Garagumda ýene-de uruş başlandy. Gyzyl goşun bölümleri bir wagtyň özünde Krasnowodskiden, Gyzyl_arbat, Tejen, Mary, Hywa we Daşhowuzdan basmaçylara garşy hüjüme geçýärler. «8-nji aýratyn Türkmen atly berigadasy» nyň, beýleki goşun bölümleriniň esgerleri harby uçarlaryň kömegi bilen bary-ýogy 10 günüň içinde basmaçy toparlaryny derbi-dagyn edýärler. Öňde-soňda bolmadyk gyrgynçylyk bolýar. Basmaçylar-a basmaçylar, ýöne olary penalan hökmünde Gumly obalara-da gan ýuwtdyrylýar. Şeýle keç ykbally obalardan «Dele baba» bilen «Kelete-Goňur»y alyp göreliň.
-----------------------------
[1] Şaltaý batyr 1929-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Gökleňleriň obasyndaky atyşykda ýaralanyp soňra şol ýaradan aradan çykypdyr.
[2] Eýrana, gökleňleriň arasyna geçen Durdygylyç hanyň soñky ykbaly hakynda serediñ goşmaça bölüme.

Arne GOLI
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 72 | Добавил: Gurgencli | Теги: Arne Goli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Gurgencli   [Материал]
Kitabyň mundan öňki saýtymyza goýulan bölümleri (sary linke basyp okap bilersiňiz!):
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!
kitaba giriş, sözbaşy:
http://kitapcy.com/news/2020-07-29-12042
Jüneýt hanyň Hywa hanyna garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-30-12047
Jüneýt hanyň "Horezm sowet" düzgünine garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12049
Jüneýt han we Enwer paşa
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12050
Göreşler we jeza çäreleri
http://kitapcy.com/news/2020-08-01-12053
Jüneýt han Britaniýanyň içalysymydy?
http://kitapcy.com/news/2020-08-02-12061
Jüneýt han we Gaýgysyz Atabaýew
http://kitapcy.com/news/2020-08-03-12062
Jüneýt han Türkmensährada
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12064
Jüneýt hanyň Owganystandaky durmuşy
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12066
Jüneýt han we Eziz han
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12067
Jüneýt hanyň aradan çykmagy
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12068

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: