08:09
Dowzah ody bilen gorkuzmalyñ!
DOWZAH ODY BILEN GORKUZMALYÑ!

Seljuklar döwründe ene-atasy ýaşlykda ýogalyp, hiç hili garyndaşy bolmadyk, ýakasyny tanadan bir humarbaz bar eken. Ýañky humarbaz bir gün humar oýnap, ummasyz pul utupdyr. Elbetde, Alla kalbyna guýandyr-da, "şu pula ene-atama hudaýýoly bersem, eger, ondan artsa, ýetim-ýesire kömek etsem, nähili bolarka?" diýip, obalaryndaky abraýly mollalaryñ birküç sanysyna pikirini aýtsa, olar humarbazy diñlemegem islemän, gaýtam oña: "Sen haram pullaryñ hudaýýoly edip, ýetim-ýesiri geýindirip, ýalkanjak bolýarmyñ ýa-da il-günem özüñe şärikdeş edinjek bolýarmyñ?!" diýip, ony kowup goýberipdirler.
Humarbaz ahyrym "Gel, şu Aby Sahyd Mähneýi pire hem pikirimi aýdaýyn-la" diýip, onuñ huzuryna gelip, maksadyny düşündirende, pir oña "Sen hudaýýolyny haçan etmekçi bolýarsyñ?!" diýip, ondan sorapdyr. Onda ol: "Haçan rugsat berseñ, pirim" diýip, jogap beripdir welin, pir oña: "Haýyr işi jäht tut, ertir başla" diýip, rugsat berýär.
Muny eşiden mollalar Abu Sahyd Mähneýiniñ ýanyna gelip: "Eý, pirimiz, sen haram zada rugsat berip, dowzah odundan gorkañokmy, şerigaty bozmaga näme hakyñ bar" diýip, ony aýyplanlarynda, pir olara şeýle jogap beripdir: "Eý, mollalar, ynsanyñ kalbyna ýagşy niýet gelse, onuñ kimdigine seretmezden, biziñ ýagşy niýetiñ öñüne böwet basmaga hakymyz ýokdur. Eger-de biz ońa hudaýýoly etmäge rugsat bermesek, onda ol ýene şol pullaryna humar oýnapn haramylyk eder. Onuñ indiki etjek haram işleriniñ günäkäri bolsa biz bolarys. Elbetde, onuñ hudaýýoly etjek puly haram, eger onuñ şol günäsini Hudaý geçirmese, ol o dünýäde jezasyny alar. Ýöne biz ony bu dünýäde dowzah ody bilen gorkuzmaga hakymyz ýokdur. Kimiñ dowzaha düşjegini bolsa Hudaýdan başga bilen bolmaz. Şonuñ üçin men-ä şonuñ hudaýýolusyna hem gatnaşjak".
Şeýlelikde, Abu Sahyd Mähneýi humarbazyñ hudaýýolusyna gatnaşyp, tebäregini çykaryp beripdir. Humarbaz bolsa şondan soñ toba edip, musulman bolup, hiç haçan humar oýnamandyr.
Bu rowaýatyñ üstünden dokuz asyr geçendigine garamazdan, ol biziñ günlerimize hem degişli, sebäbi, häzirki döwürde hem mollalaryñ içinde käbiri "Aý, pylanyñ eden hudaýýolusy kabul hem bolmaz" diýip, çürt-kesik jogap berip bilýäni bar. Ýöne Aby Sahyd Mähneýiniñ aýdyşy ýaly, kimiñkiñ kabul bolmajakdygyny Hudaýdan başga bilýän bolmaz. Şol sebäpli hem, Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) yzyny ýörediji mollalaryñ esasy wezipesi - adamlary dowzah ody bilen gorkuzyp, Yslama tabyn etmek bolman, Yslama söýgi döretmekden ybarat bolmalydyr.

Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW.

"Watan" gazeti, 21.11.1996 ý.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 110 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Döwletmyrat Ýazgulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Arzyman   [Материал]
Akyla laýyk däl öwretme. Şeýdýändikleri üçin köpler hat-da ölmekdenem gorkýar. Gorkýandyklary üçin Hudaý bilen aç-açan gürleşip bilýänlerem az-az. Bu rowaýatam degerli nusga boljak ekeni. Ýöne barybir gorky duýgusyndan doly saplanyp bilenok adamlar. Onda öwretmegiň başgaça usulyny tapmak gerek.

0
1 Garaýolly   [Материал]
Ajaýyp rowaýat.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: