07:15
Bilmediň

BILMEDIÑ

Başym gurbanyňdy... biparh garadyň,
Mähriň – darak, özge göwni daradyň,
Duýgym – ýumak, çözlemediň... saradyň,
Ýüzüň sowup, ynjydanyň bilmediň.

Ýaranjaňlyk edip özge gözüne,
Dogry diýdiň durduň çöwre ýüzüne,
Ten bermediň hossarlaryň sözüne,
Hakyň ýerde ýatmajagny bilmediň.

Saňa bir söz aýtsaň juda az ýaly,
Ikisini diýseň, eýýam kän ýaly,
Gaharyň indirip, batly sil ýaly,
Söz ýarymyň ýokdugyny bilmediň.

Hile gurduň goluň berip ýalana,
Ýol goýmadyň gandallanan ynama,
Gitseň saklamaryn, yza garama,
Ynsabyňa haýynlygyň bilmediň.

Çoýunjaklar seniň ýanjak oduňa,
Ýananyňda haýsy ýetjek dadyňa...
Ýakynyňy öwrüp ýedi ýadyňa,
Ýaman – ýagşy tapawudyn bilmediň.

Kalbymyň agysyn ýeke diňdirdim,
Gözýaşlarym gülkülerme siňdirdim,
Özge göwün diýip dünýäm düňderdiň,
Mende göwnüň bardygyny bilmediň.

Oguljan BÄŞIMOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: jumagylyjovao | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Nurdan   [Материал]
Duýgulandyrdy.. ynjan zenan kalbynyñ merdemsi geçirimliligi.. Galamyñyz ýiti bolsun!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: