20:08
Jüneýt hanyň aradan çykmagy
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER

Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!

JÜNEÝT HANYŇ ARADAN ÇYKMAGY, EDEN SOŇKY WESÝETI

«Ýaş Türküstan» žurnaly. iýul-awgust.1937 ý, 92-93 san.»

«Heratdan bizge Jüneýt hanyň wefaty habaryny bildirdiler. Bu, ýalňyz Türküstanlylar arasynda meşhur bolup galman, Türküstanyň çäklerinden has uzak ýerlere giden bir atdyr. Türküstan gozgalaňçylarynyň arasynda merhum Jüneýt hanyň ýörite orny bar. »
Her bir Türkmen, aýratynam, ýaşynyň soňunda, öz nesibesiniň ata￾babalarynyň jaýlanan topragyna çekmegini arzuwlaýar. Ol dünýäden ötmezinden öň depesinde öz ýurdunyň asmanyny görse, mäheriban ojagynyň tüssesiniň ysyny alsa, razy bolup gidýär. Eger ykbalyň oýny Türkmeni keseki topraga düşürse, bu küýsege hasam arzyly bolýar, onuň amala aşmagy üçin ol dünýä malyndan geçmäge taýýar. Jüneýt hanyň başyndan hem şeýle kysmat inipdi. Gürrüň berişlerine görä, ol ölüm ýassygynda ýatyrka, ogullaryna şeýle wesýet edipdir:
—Meni dogduk obamyzyň ýanyndaky keramatly Ysmamyt atanyň jaýlanan gonamçylygynda ýerläň. Munuň ýeňil düşmejegini bilýän ... ýöne munuň üçin meniň jesedimiň agramyna barabar gyzyl bermeli bolsa-da, gysganmaň, beriň... bolşewikler meni ene topragymyzda jaýlamaga rugsat berseler bolýar. Razylaşmasalar, meniň jesedimi Amyderýa atyp göýberiň... hatda meniň bedenimi ýuwan suw dogduk kenarlarymyza çaýkansa-da razy bolaryn, o dünýäde rahat ýataryn.
Ýazyjy Rahym Esenowyň «azatlyk» radiýosyna beren maglumatyna görä Jüneýt hanyň jesedi gizlinlikde Daşhowuzua aşyrylyp, «Yzmykşir han» gonamçylygynda jaýlanypdyr.(Azatlyk radýosy;Jüneýthana bagyşlanan «Bir Türkmen, bir ykbal gepleşigi»)
Mälim bolşuna göra Jüneýt hanyň uly ogly Eşi hanyň; Taýça, Älem, serdar we Söwer diýen ogullary bolupdyr. Olardan Taýça soňra Eýrana geçip, şol ýurtda hem aradan çykypdyr. Taýçadan 4 ogul galypdyr. Älem bilen söwer Heratda galypdyrlar.
Arne GOLI
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 88 | Добавил: Gurgencli | Теги: Arne Goli | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 Dunyagozel   [Материал]
@Gugencli eliň gözüň dert görmesin. smile
Gyzykly kitap ekeni

0
3 jumagylyjovao   [Материал]
@Gurgencli, şeýle gyzykly we peýdaly taryhy makalany ýetireniňe köp sag bol!

0
2 jumagylyjovao   [Материал]
Bize, ýagny, sowet ýaşlaryna öwredilen taryha düýpgöter başga tarapdan täzeçe garaýyş. Taryh – bu diňe geçmiş däl, bu geljegi galyba salmak, we ony ýeňijiler ýazýar diýsem ýalňyş bolmazmyka diýýän. “Gyzyllar” ýeňdiler we taryhy öz planlaşdyrýan gelejegine laýyklykda ýazdylar. Häzir türkmen topragynyň garaşsyzlygy, ar-namysy, dini, däp-dessury ugrunda göreşen merdanalarymyz barada, şol döwür barada hakykata laýyk taryhymyzy öwrenmäge mümkinçiligimiziň bardygy biziň her birimizi begendirmeli, çünki bu biziň ýeňişimizdir.

0
1 Gurgencli   [Материал]
Kitabyň mundan öňki saýtymyza goýulan bölümleri (sary linke basyp okap bilersiňiz!):
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!
kitaba giriş, sözbaşy:
http://kitapcy.com/news/2020-07-29-12042
Jüneýt hanyň Hywa hanyna garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-30-12047
Jüneýt hanyň "Horezm sowet" düzgünine garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12049
Jüneýt han we Enwer paşa
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12050
Göreşler we jeza çäreleri
http://kitapcy.com/news/2020-08-01-12053
Jüneýt han Britaniýanyň içalysymydy?
http://kitapcy.com/news/2020-08-02-12061
Jüneýt han we Gaýgysyz Atabaýew
http://kitapcy.com/news/2020-08-03-12062
Jüneýt han Türkmensährada
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12064
Jüneýt hanyň Owganystandaky durmuşy
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12066
Jüneýt han we Eziz han
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12067

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: