14:48
Jüneýt han we Eziz han
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER

Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!

JÜNEÝT HAN WE EZIZ HAN: ROWAÝATLAR

Jüneýt han bilen baglanyşykly il arasynda köp gürrüňler hem ýatlamalar saklanyp galypdyr. Ynha ,olardan biri:
«Halk arasyndaky gürrüňe görä, Owganystanda ýören wagty Eziz han, Türküstandaky Tezarizime garşy gozgalaňçylyk hereketiniň ýolbaşçysy Jüneýt han bilen ilkinji gezek duşuşypdyr. Jüneýt han hem Owganystanda Eziz han ýaly rus patyşasynyň gullukçylarynyň yzarlamagyndan gizlenip ýören eken. Eziz hakda ozalam köp eşidip ýören Jüneýt han ony ilkinji gezek görende, oňa göwnündäkini ýaňzydyp şeýle diýenmiş: «Serdar, seniň nähili gowy ýaragyň bar eken! donuňam gowy eken! Telpegiň hasam ajap eken!» Eziz han onuň näme diýjek bolýanyna düşünipdir, ýöne sesini çykarmandyr. Soňky gezek duşuşanlarynda Tejenli serdar Eziz han- Jüneýt hanyň ýanyna sowgatly gelipdir. Ol özüniň iňlis mauzerini hem kazak karabinini, tüpeňini hem gysganmandyr, egnindäky a:gar çäkmenini hem gysganmandyr. Hywa hany hem bergidar bolup galmandyr. Ol hem Eziz hana kümüş uýanly ýomut atyny beripdir. «Telpegiňi dözmediň öýdýän? — diýip, Jüneýt han müýnsürän bolanmyş—ýa-da düşünmediňmi? Telpegiň maňa beýleki zatlaryňdan has gowy ýaraýardy»— «Telpek özümiňki, han aga» — diýip, Eziz han gaba telpegini maňlaýyna süýşürip jogap berenmiş. — «Ol meniň kellämiň bezegi, telpegimi bersem, ertir sen meniň kellämi dilärsiň. Kellämi bolsa diňe telpegim bilen bile alyp bilersiň...»
Jüneýt han çyparrak murtunyň astyndan çalaja gülümsiränmiş: «Bu Tejenli serdar bilen oýun eder ýaly däl. Ol synagdan kemsiz geçdi.» diýenmiş.

Ýene-de aýtmaklaryna göra meşhur «Çuwal bagşy» lakamly Magtymguly Garly, hanyň halan bagşysy bolupdyr. Jüneýt han, bagşyny mydama goldap gelipdir. Eýrana aşmakçy bolanda ony özi bilen alyp gitmegi ýüregine düwüpdir, ýöne käbir sebäplere görä bu iş amala aşmandyr.
Ilkinji Türkmen puluny çykaran hem Jüneýt han bolupdyr. Hywadan Türkmensähranyň hazar ýaka Omçaly obasyna sygnan meseur ruhany Yşan Piri bilen 1982-nji ýylda gürrüňdeş bolamda, Jüneýt hanyň ýüpek mata basylan ýörite pulunyň bardygyny aýtdy.

Arne GOLI
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 68 | Добавил: Gurgencli | Теги: Arne Goli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Gurgencli   [Материал]
Kitabyň mundan öňki saýtymyza goýulan bölümleri (sary linke basyp okap bilersiňiz!):
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!
kitaba giriş, sözbaşy:
http://kitapcy.com/news/2020-07-29-12042
Jüneýt hanyň Hywa hanyna garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-30-12047
Jüneýt hanyň "Horezm sowet" düzgünine garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12049
Jüneýt han we Enwer paşa
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12050
Göreşler we jeza çäreleri
http://kitapcy.com/news/2020-08-01-12053
Jüneýt han Britaniýanyň içalysymydy?
http://kitapcy.com/news/2020-08-02-12061
Jüneýt han we Gaýgysyz Atabaýew
http://kitapcy.com/news/2020-08-03-12062
Jüneýt han Türkmensährada
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12064
Jüneýt hanyň Owganystandaky durmuşy
http://kitapcy.com/news/2020-08-04-12066

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: