11:48
Jüneýt han we Gaýgysyz Atabaýew
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER

Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!

JÜNEÝT HAN WE GAÝGYSYZ ATABAÝEW

TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy, Türkmeniň söwer ogly Gaýgysyz Atabaýew emele gelen ýagdaýdan çykalga gözleýärdi. Ol synpy göreşiň bähbitleri üçin bir halkyň wekilleriniň biri-birini çapmagynyň ýalňyşdygyna, bu betbagtçylygyň her edip, hesip edip öňüni almagyň zrurdygyna düşünýärdi. Şu makesat bilen ol Jüneýt hanyň ýanyna ýörite wekiller iberip, onuň bilen gepleşikler geçirýärdi, oňa azyk kömgini-de berýärdi. Mysal üçin, 1925-nji ýylyň aprelinde, G. Atabaýewiň gös-göni görkezmesi boýunça, respublikanyň fondundan Jüneýt hana 2000 put bugdaý we 6 put gök çaý berildi. 1926-njy ýylyň iýulynda ol ýene-de 500 put, 1927-nji ýylyň iýulynda-da 500 put bugdaý aldy.[1]
Arşiw materiýallarynyň arasynda G. Atabaýewiň, Jüneýt hana ýazan hatlaryndanam saklanyp galany bar. Yne, şolaryň biri (ol 1926-njy ýylyň 2-nji oktoberinda ýazylypdyr):
«Hormatly Gurbanmämmet serdar!
Häzirki wagtlarda Daşhowuz okrugynda galtaman köpelip, birnäçe etmişli adamlar özbaşyna atly topar gurap, garyp-pukaralary talamaga başlapdyr. Galtamanlaryň köpüsi garamatdan gutulmak üçin özüni siziň adamyňyz görkezip, soran adamlara Jüneýt hanyň adamsy diýip aýdýarlarmyş, ýene-de halk arasynda, belki gandarlarymyz sizden aryny almak üçin Daşhowuza zat almaga iberen adamlaryňyzy galtaman diýip, ýerli hökümtlere arz edip, olary mydama siziň üstüňiz küşgürmekde..
Onuň üçin Daşhowuz hökümetlerine şeýle işler bolan wagtda sere￾sap bolmalydyr diýip buýruk edildi. Şu hallara barabar siziň özüňizi we baran adamlaryňyzy ö taryk(şular ýaly) işlerden goramak üçin Daşhowuza her bir adam iberniňizde, olara ozaly bilen hökümtlere baryp, öz gelendiklerini bildirmesini laýyk bilýäs, çünki Daşhowuz ýagdaýynda şeýtmesňiz, başga çäre ýok. Daşhowuz hökümtlerine
hem şeýle buýruk edildi. Jüneýt hanyň adamlary gelenlerinde, tizlik halda olaryň işini bitirip goýbermelidir diýip.»

Türkmenistan halk komissarlarynyň 1927-nji ýylyň 18-nji iýunda kabul eden kararynda öz ýanynda 200 gowragy maşglasy bolan Jüneýt hanyň hojalygynyň ýerleşdirilmginiň uly syýasy ähmiýetiniň bolandygy agzalýar. Olary ýer-suw bilen üpjün edilip, arkaýyn ýerleşene çenli dürli kömekler goýberilýär. Şonuň bilen baglanşykly Ahundowyň baştutanlygynda düzülen hökümet komisýasy üç gezek Garaguma, Jüneýt hanyň ýanyna baryp, olaryň asudalykda ýaşamaklary barada gepleşikler geçirýär. Şeýdip, Gaýgysyz Atabaýewiň bu adamekärçilikli syýasaty netijesinde Han we onuň atlylarynyň çarwaçylyk bilen meşgullanmagyny we parahat oturmagyny gazanylýar.
Halkyň erkinligini hem ar-namysyny goramaga bil baglan Jüneýt han, bolşewikleriň eden-etdiligine göz ýumup, asuda oturyp bilmeýär. Baryp 1924-1925―nji ýyllarda Türkmenistanda Sowet hökümti «milli serhetler» we «ýer-suw» reformalaryny başlatdy. Türkmen halkynyň däp-dessurlaryna ýat hem ters gelýän bu düzgünden nägile bolanlar, topar-topar Garaguma Jüneýt hanyň ýanyna sygynýarlar. Hanyň özi-de bu bolup geçýän sütmlere göz ýumup otrup bilmeýärdi, onuň ýakyn ýoldaşlary Ahmet beg, Ýagşygeldi, Şaltaý batyr we başgalar mahal-mahal aýaga galyp, Sowet häkimiýetine degdim- gaçdym taktikasynda, zarba urýardylar.
Gaýgysyz Atabaýewiň töwekgellik edip Jüneýt han bilen aragatnaşyk saklamagy, oňa degerli wagty azyk kömeklerini bermegi Hana täsir edipdir. Ol töweregindäky 200 hojalyk bilen «Was»da özüne mekan tutmaga razy bolupdyr. Şu maksatlar üçin TSSR halk komissar şurasynyň 1927-nji ýylyň 18-nji iýunynda kabul eden kararyna görä, 150 müň manat pul göýberilipdir. Şol serişdäniň hasabyna Amyderýadan Wasa kanal çekmek, bu ýerde göçüp gelenlere ekin eker ýaly 5000 hektar ýer açmak göz öňünde tutulýardy. Belki, bu karar durmuşa geçip, Jüneýt han Wasda ornaşyp-ynjalan bolsa ýarag taşlansa-da taşlanardy. Emma Türkmenistanyň komunistik (bolşewik) partiýasynyň merkezi komitetiniň şol wagtky ýolbaşçylary kejine tutdylar. Ylaýta-da merkezi komitetiň jogapkär sekretary Halmyrat Sähetmyradow[2] bu meselede Atabaýewi gaty ýazgardy. Ol Atabaýewiň «syýasy şowakörlük edýändigi» barasynda bolşewik komunistik partiýasynyň merkezi komitetinyň Orta Aziýa buýrosyna habar beripdir. «Synpy duşmanlar» bilen arany çöp döwen ýaly etmek, olaryň gün-güzrany hakda alada derek «söýünenlerinde söýündirmek» bellenildi. Hökümetiň, Jüneýt han bilen aragatnaşygy kesildi. Basmaçylyk ýene-de ýetjek derejesine ýetdi. Tizara Jüneýt han bilen Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky gepleşikler kesilýär. Muny ymykly aňan Jüneýt han eýýam 1927-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrlarynda öz goragyny güýçlendirip, basmaçylaryň mekan tutan
guýularynyň hemesinde öz adamlaryny goýýar. Han öz atlylaryny 12 sany topara bölüp, olara baştutan edip özüniň ynamdar adamlaryny: uly ogly Eşi hany, kiçi ogly Ygdir hany, Şaltaý batyry, Anna balany, Ahmet begi, Durdygylyç hany, Nurgeldi hany, Jana barmagy, Ýazan öküzi, Temiralyny (kazaklaryň serdary), Şakyr balany (Hywaly özbekleriň otrýady), Zaher balany (Şabatly özbekleriň topary) goýýar. Basmaçylardan esli bölgini bolsa hut öz ýanynda rezerwde saklaýar. Galyberse-de, han penalap oturan 500 hojalygyny, öý–emlägini 3000 düýä ýüklap Orta guýuň oýundan çykaryp goýberýär. Başgaça aýdylanda, han bolşewikler bilen boljak aýgytly söweşe taýýar bolýar. Ikinji bir tarapdan bolsa, hut şol wagtyň özünde, ýagny 1927-nji ýylyň sentýaberynda Orta Aziýa harby okrugy Jüneýt hanyň garşysyna Türkmenistanda iki sany (demirgazyk we günorta) goşun toplumyny döredýär. Demirgazyk topluma 83-nji we 84-nji atly polklar, 1-nji Türküstan atyjylar polkunyň batalýony, 1-nji Türkmen atly polkonyň eskadrony, awiýasiýa/howa güýçleri/ otrýady, günorta topluma bolsa 1-nji Türkmen atly polky girýärdi. Demirgazyk toplum goşunlaryna Jüneýt hanyň «merkini bermek», günorta topluma bolsa basmaçylar yza tesende öňünden çykyp ýok etmek tabşyrylýar. Basmaçylara garşy söweşlerde Türkmenistan komunist partýasynyň merkezi komitetiniň sekretary Halmyrat Sähetmyradow tarapyndan baştutanlyk edilýän döwlet syýasy uprawleniýesi/bölümi, onuň ýerlerdäky bölümleri gatnaşýar. Olaryň tagallasy bilen bu iş Türkmen daýhanlaryndan düzülen meýletinçiler toparlary hem çekilýär. 1927-nji ýylyň 19-njy sentýaberinde Jüneýt hanyň hut özi goşuna baş bolup, ýörişe ugrapdyr. Türkmenistanyň çäklerine ser edilende, Garagumda uly uruş başlanypdyr.
Ystanbulda Türküstanly syýasy bosgunlar–Mustafa Çokaý ogly-tarapyndan neşir edilen «Ýeni Türkestan» gazetiniň 1927-nji ýylynyň dekaber sanynda Jüneýt hanyň alyp baran bu saparky söweşi hakynda gyzykly maglumat ýerleşdirilipdir:
«Ýomut-Türkmen gozgalaňy: Türküstanda soňky wakalaryň iň möhümi, rus häkimiýetine garşy Türkmenleriň gozgalaňydyr. Türkmenleriň gozgalaňy bolşewik häkimiýetiniň döremginden bäri dowam edip gelýär. Türkmen gozgalaňy bu ýylyň iýul aýna çenli ýomut serdary Jüneýdiň ýolbaşçylygynda alnyp barylýardy. Iýul aýynda bolsa Jüneýt han Sowet hökümti bilen ýaraşyk baradaky ylalaşyga gol çekip, ýaraglaryny tabşyryp, syýasatdan el çekip ekrançylyk etmek üçin bir obada ýaşaýar. Sowet hökümeti syýasy şertlere göra Hanyň kowumdaşlarynyň we söweşijileriniň arasynda agzalalyk salmak we prowokasiýa etmek işini dowam etdirdi. Könürgenç raýonynyň ijraýie komitetiniň başlyklygyna, ozal Jüneýdiň ýanynda duran Moskwa ÇK(soňraky KGB)-syna içalylyk eden birisi bellenýär. «Ýer-suw» reforma işlerinde ondan peýdalanyldy, soňunda ol bütin maşgalasy bilen bir gije «näbelli» ýaragly adamlar tarapyndan öldürilýar...
ÇK. bu jenaýaty Jüneýt hanyň üstüne atýar, aslynda bolsa bu, ýomut Türkmenleriň arasynda agzalalyk salmak makesady bilen, bolşewikleriň öz eden jenaýatydy ýa-da «ýer-suw» reformasyna
garşy käbir adamlar tarapyndan amala aşyrylan bolmagy- da ahmal. Bu wakadan soňra ÇK, pyda bolanlaryň hossarlaryny Jüneýde garşy küşgürýär, netijede, Han bu iki ýüzly syýasatdan bizar bolup, gaýtadan Guma çykýar we Ahmet beg hem Şaltaý batyryň toparlaryna goşulýar. ÇK-nyň maglumatynda, Jüneýt han Sowetler bilen baglaşan ylalaşygyny bozan hökmünde görkezilýar hem ony Türkmenistanda hereket edýän basmaçylaryň ýolbaşçysy hökmünde iňlislerden ýardam alýan edilip propaganda alnyp barylýar(bu barada köprak maglumat üçin: ser ediň «prawda wastoka gazeti. 1927-nji ýyl, 3-nji noýaber sany)

Jüneýt hanyň gaýtadan ýaraga ýapyşmagy, Türkmen ozgalaňçylaryny aşa ruhlandyrýar.
1927-nji ýylyň iýun aýyna çenli Türkmen halkynyň gozgalaňy yýzygiderli dowam edýär. Bolşewikler bilen Jüneýt hanyň arasynda baglanşylan şertnama esasynda egr-de Han we atylylary asuda otursalar, Sowet häkimiýeti olara zat degmejek. Emma bolşewiklere asudalyk däl-de, Türkmenleri ruhdan düşürmek, olary dyýza çökermek zerurdy. Hatta TSSR￾iň ýolbaşçylary G.Atabaýewdir, Nedirbaý Aýtakowlaryň, Jüneýt han baradaky liberal syýasaty bolşewiklere ýaramaýardy. Bolşewikler her edip, hesip edip Han we onuň iki ogluny ýok etmek isleýärdi. Soňky wakalar barada Daşkentde neşir bolan «Gyzyl Özbegistan» gazetiniň 242-nji sanynda, Sowet hökümtiniň şu aşakdaky bildirişi çap edilipdir:
“Türkmenistanyň Daşhowuz welaýatynda Hywanyň ýomut Jüneýt hanyň baştutanlyk edýän basmaçylar topary çynlakaý görnüşde hereket edip başladylar. Topara garşy göreşmek üçin, Sowet hökümtiniň Türkmenistandaky ijraiýe komiteti adatdan daşary ýagdaý yglan edip, bütin Daşhowuz raýonyny we Türkmenistanyň içinden geçýan demirýollary harby komissarlygyň berk goragyna tabşyryp, Jüneýt hany bolsa kanundan daşarda adam diýip yglan etdi. Adatdan daşary ýagdaýlar diýilip yglan edilen ýerlerde basmaçylar toparylaryna garşy harby komisiýalar döredildi. Komisiýanyň wezipesi Gyzyl goşuna ýardam etmekden ybarat. Bütin ýerli adaralar bu harby komisiýanyň buýrugy astynda işlemeli edilipdir...komisiýanyň başlygyna bolsa Türkmen komunistlerinden Ahundow bellendi.”
Jüneýt han ilatdan kömek sorap, birnäçe atlysyny Könürgnç, Ýylanly, Tagta raýon merkezlerine iberýär. Han obalarda daýhanlaryň goldawna garaşypdy. Ýöne o diýeni bolmady. Gaýtam, daýhan köpçüligi ýerli bolşewikleriň, komsomollaryň [ýaş komunist guramasy. AG] ýolbaşçylygynda öz-özüni goraýan otrýadlar düzüp, Jüneýdiň atlylary bilen söweşe girip, Gyzyl esgrlere kömek berdiler. Netijede Jüneýt hanyň ilatdan goldaw isläp, ýerlere iberen atlylary yzly-yzyna güýçli garşylyga duçar boldular. Mysal üçin, Könürgenjiň ýolunda Şamyrat ýabyň buýonda, Ýylanlyň ýolunda «Köpükli», «Ketegenli oý» obalarynda, Tagtanyň «Hojakümmt» obasynda atyşyk birnäçe güne çekýär. Hasam Hojakümmtde bolan söweş gazaply bolupdyr. 29-njy sentýaberden başlap 3-nji oktiýabere çenli dowam eden söweşe, Jüneýt hanyň özi ýolbaşçylyk edipdir. «Jan gerekmi, pyçak» tutluşygynda hanyň atlylary näçe gözsüz batyrlyk etseler-de, uçardan ýagýan bombalara, pulemýot oklaryna çäre tapyp bilmediler. Han ýene-de Garaguma çekilmäge mejbur bolupdyr.
Gyzyl goşun bölümleri ýerden, uçarlar ýokardan yýzarlap, «Ata guýuň» oýunda Jüneýt hanyň yýzyndan ýetip, şol ýerde 5-7―nji oktýaberde elhenç gyrlyşyk bolup, basmaçylaryň esasy güýçleri ýer bilen ýegsan edilýär. Jüneýt hanyň kiçi ogly Ygdir han wepat bolýar, beýleki topara baştutanlaryndan Ahmet beg, Anna bala, Jana Barmak agyr ýaralanýar. Temiralynyň (kazaklaryň serdary) otrýadam Jüneýt handan bölünip Goňrat (Garagalpagystan)tarapa gidýär, şol ýerde-de ýaragyny taşlaýar. Jüneýt han galan güýçleri bilen Orta guýa çekilýär. 5-nji noýaberde bu ýerde bolan söweşde basmaçylar ýene-de howadan edilýän hüjüme alaçsyz bolup galýarlar. Bolşewikler olary büs-bütin derbi-dagyn etmek üçin berk çäre görüp gelipdirler, şol esasda ýerden we howadan gozgalaňçylaryň poziýasyna hüjüm edilýär, olaryň üstünden zäherli gaz bombalary atylýar, guýylary zäherleýärler. Ýazyjy Ata Nuryýew , Rahym Esenew we beýlekiler, Jüneýt hanyň bu gozgalaňyny Britan imprýalystleriniň prowokasiýasy diýip häsiýetlendirýärler.[3]
Halky ruhdan düşürmek makesady bilen Sowet hökümeti Jüneýt hanyň ölendigi hakynda habar ýaýradýar. Ýöne Ystanbulda neşir bolan «Ýeňi Türkestan» žurnalynda bu habaryň toslamadygy habar berilýar:
Ýeňi Türkestan. 1927-nji ýyl, oktaber-noýaber. 5-6-nji sany (Mustafa Çokaýyň möheri)
«Han Jüneýdi öldürgenler digen habar ýalgandyr. Heniz Hywa meýdanlarynda ýörüp dur. Daşhowuz welaýaty we onuň töwereginde basmaçylar köpdür. bulardan Aşyrbaý digeni atli-abraýly adam eken. Bolşewikler ony öldürjek bolganlarynda, Garagumda Seýid Uşak digen Türkmen basmaçyga bala-çagasyny alyp goşulup, köp esgr ýygnagan eken. Bugra serdar, Şaltaý batyr digen kurbaşylar/batyrlar müň adam ekenler. Nezamly esger bolup köp urşlar kylganlar...Jüneýt hanyň häkim bolgan ýerlerinde Sowet hökümeti asla ýokdur, bu habaryň dogrulygyny Sowet gazetleri hem ýazgan...»
Jüneýt hanyň ölümi hakdaky ýaýradylan ýalan habar, bolşewikleriň zyýanyna we gozgalaňçylaryň peýdasyna öwrülýär. Daşhowuz etrabynda Aşyrbaý, seýid Uşak, Bugra serdar, Şaltaý batyr ýaly gerçekler köp sanly atlylary bilen bolşewiklere garşy söweşe girýärler. Daşhowuz ýomutlary we teke Türkmenlerinden ýygnanan ýigitlere bolsa Durdymyrat serdar ýolbaşçylyk edip, Gyzylarbatda bolşewiklere agyr zarba urýarlar. Bolşewikleriň öz baglan şertnamasyny özleriniň bozandygy we Gumda ýene-de halk gozgalaňynyň möwç alandygy hakynda «Ýaş Türkestan» žurnalynda şeýle maglumat ýerleşdirilipdir:
«Ýaş Türkestan» žurnaly 46. san
«Garagumda dowam edip duran basmaçylyk hereketini hökümet häzire çenli basyp ýatyryp bilmän gelýär. Sowet hökümeti Türkmenlerden we ruslardan esgrlige giden her kişa 15 gadak bugdaý berjegini aýdyp, olary Garagumdaky basmaçylara garşy göreşe ýollan eken. Olar basmaçylara ýesir düşýärler. Hywadan 600 sany Gyzyl esgerini Garagumdaky basmaçylara garş ýollapdyrlar. Olar-da basmaçylara boýun bolupdyrlar. Basmaçylara garşy göreşmek üçin soňky wagtlarda Türkmenistandan köp adam iberlipdir... basmaçylaryň arasynda ok-ýarag ýasaýanlar-da bolupdyr. Baýam Buga ogly we Durdy Myrat ogly dagy batyrlyk görkezipdirler. Gyzyl goşun Tejene ýakyn ýerde ýygnanypdyr.»
1928-nji ýylyň ýanwarynda «1. Türkmen atly polky» we beýleki goşun bölümleri Hywa, Daşhowuz we Çärjew etraplarynda basmaçy toparlaryny rehimsiz yýzarlap derbi-dagyn edýärler. Şol ýylyň ýazynda we tomsunda «2. Türkmen atly polky» tarapyndan Gyzyl_arbat we Gyzyl_Etrek etraplaryndaky basmaçy toparlary hem dargadylýar. Aşgabatda rus we Türkmen dillerinde çap bolan «Krasnowodskaýa iskra», «Türkmenskaýa iskra» şeýle-de «Türkmenistan» gazetleri Gyzyl goşunyň Garagumda basmaçylar bilen agyr söweşe girendigini habar beripdirler. Şonda basmaçylaryň üstüne uçardan zäherli gaz atylandygy-da habar berilýär. Çarşyly, Dehli, Tuwar we Çetil guýylarynyň töwergindäky
basmaçylaryň merkezleriniň dargadylandygy habar berilip, 1-nji oktýaberda bolup geçen söweşlerde ölen Lumanow, Ýankow, Hojaýew, Skolow, Nodaçin, Borowin, Şuçenko we Çary Myradow ýaly bolşewikleriň harby we syýasy komandyrlaryň atlary görkezilipdir.[4]
«Ýaş Türkestan» žurnaly. iýul. 20. san
[i]Basmaçylar hereketi
Jüneýt han ogly (Maşat muhaberimizdan/habarçymyzdan)
Tejen etrabynda 400 atly basmaçylar hereketdedirler. kopratiwlaryny basyp azyklar alyp gitgenler. Ýüz atly esger bunlarga teslim/boýun bolganlar. Basmaçylar bu Gyzyl esgerlere ynanmazdan özlerine goşmaýarlar. Saragysda, Çärjewde, Türkmenistanyň her ýerinde gozgalaň bar. Sowet hökümti 18 ýaşyndan 50 ýaşga çenli Gyzyl esgerlikge almakda eýmiş. Türkmen esgerlerinden iki ýüz adam çöllere gaçypdyr. Jüneýt han ogly Annakly hyrata gaýdyp gelmişdir. »
Şeýlelikde «2. Garagum urşy» diýip atlandyrylan aldym-berdimli söweşlerem basmaçylaryň ýeňilmegi bilen gutarýar, ýagny uzaga çeken basmaçylyk hereketi birbada gowşaýar. Bellemeli zat «synpy duşmanlaryň kelle çanagyny pytratmakda» Türkmen milli goşun bölümleri giňden ulanyldy. Türkmen esgerini basmaçylara garşy 50-denem köpräk ýörişlere gatnaşdyrmak başartdy. » Söweşlerde görkezen edermenligi üçin Türkmen ofiserelerinden we esgerinden ýüzlerçesi hökümet sylaglaryna mynasyp boldular. Gyýsgaça aýdylanda, Türkmenistanda bolşewikleriň synpy göreş syýasaty maksadyna ýetdi: Türkmen biri-biri bilen gyrlyşdy, halkyň milli-ruhy bütinligi çat açdy.
Jüneýt hanyň 16 ýyldan bäri ilki rus patyşasyna, şoňa arka baglap, öz ilatyny, aýratynam Türkmenleri elhenç ezip gelen Hywa hanyna, soňra bolsa bolşewiklere garşy alyp baran göreşi ýeňliş bilen gutardy. Ýyl-ýyldan güýçlenýän bolşewistik wagyz-nesihat, badyhowa wadalar daýhanlar köpçüligini aldawa saldy. «Ýagty geljegiň» salgymynda olar «gyzyllaryň» yzyna düşenini kem görmediler. Jüneýt han oňa düşündi. Ol täleýiň ters gelmeginiň ähli yzasyny gerdeninde çekip, 1928-nji ýylyň iýunynda serhetden hemişelik geçmäge mejbur boldy. Ýöne ol entegem başky meýlinden el çekmändi…
----------------------------------------
[1] Bu kömekler soňra Atabaýewiň basmaçy banditlere ýardam berenlikde garşysyna peýdalanyp, ýok edilmegine bir bahana bolýar. (A.G).
[2] Atabaýewiň Etrek-Gürgen Türkmenleriniň jemhuriýet gurmak ugrundaky göreşine ýardam berjek boluşynyň öňüniň alynşy barada onuň egindeş ýoldaşy Halmyrat Sähetmyradowyň, Türkmenistanyň Kommunistik Partyýasynyň ijraýie komitetiniň bilelikdäki plenomyda şeýle sözler bilen çykyş edipdir:
«Sähetmyradow: Indi Atabaýew ikimiziň aramyzdaky göreş hakynda;
Bu göreşi häzire deňiç ýoldaş Atabaýew we ony goldaýan ýoldaşlar partyýa liniýasy bilen göreş diýip hasaplap geldiler. Buýroda nähili agzalalyk bardy? (Birinjiden, ikinjiden, üçünjiden diýip Sähetmyradow Türkmenistanda ýer-suw reformalary hakynda gürüň gozgaýar.)
Dördünji mesele: Ýomutlaryň Gürgendäki gozgalaňy- Atabaýew türkmen ýaragly güýçleriniň kömegi bilen olara ýardam bermek we olary bize birikdirmek meselesini goýdy. Biz merkezi komitetde meseläni başgaça goýduk, ýagny beýle etmegiň milletçilikdigini, bu tetelli çözgüdi buržuaz intellegentsiýanyň, Öwezbaýewleriň, Bekgi Berdiýewleriň isleýändigini aýtdyk. Atabaýew! Sen olaryň ideologiýasyny ýöredýäň, beýle etmek bolmaz, bu biziň partiýamyzyň prinsiplerine garşy, bu proletarýat diktaturasynyň bähbitlerine ters gelýär.»
Atabaýew: Näme üçin biz öz mähriban doganlarymyzyñ goragyna çykmaly däl, biz olara hökmän kömek etmeli, türkmenler haýsydyr bir proletar syýasatyñ pydasy bolmaly däldir.»
Bu, ijraýie komitetiniň agzalarynyň gowy ýadyndadyr. Bu meselä merkezi komitetde-de seredildi. Atabaýewiň partyýanyň çygryndan çykýan bu teklibini goldap Atabaýewiň özi hem-de Aýtakow ses berdiler. Haýyp, şonda ýygnagyň stennogramma ýazgysy ýöredilmedi. Yjraýie komiteti köpçülik bolup geçirenimiz sebäpli, agzalan ýoldaşlaryň abraýyny gaçyrmazlyk üçin biz bu meseläni soňra plenomda goýubam oturmadyk. Şol esasda ýoldaş Atabaýew we Aýtakow bilen gatnaşyklar bozuldy. Olar bu göreşde toparlaýyn göreşi gördüler.
Bäşinji mesele: Gürgen gozgalaňyna ýardam bermek üçin G.Atabaýew, ozalky ofisser Seýitmyrat Öwezbaýewi ol ýere ibermäge synanşdy hem bu barada maslahatlaşmak üçin ony Daşkende çagyrdy we türkmenleriň ýolbaşçylygyny gurmak üçin Öwezbaýewi Gürgene ibermäge synanşdy. Biz Öwezbaýewiň iberilmeginiň öňüni aldyk.»
Seýitmyrat Öwezbaýewiň sülçä beren ýazgysyndan: «1911-nji ýýlda Eýrandaky wakalar sebäpli Kümmethowza we Astrabada iberildim, bir ýyl soň yzyma dolanyp geldim. 1913-nji ýylda serhet komissarynyň ygtyýaryndaky toparda Eýrana täzeden iberildim”. (Seret R.Esenow: Syrly töhmetleriň pydalary.)
[3] Ýaşlyk žurnaly we Sary domenýonyň kölgeleri.
[4] Türkmenska Iskra gazeti. 16-njy oktýabr sany.

Arne GOLI
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 146 | Добавил: Gurgencli | Теги: Arne Goli | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 6
0
5 dovletmyratnurmedov   [Материал]
R. Esenowyň "Eziz han hakda hakykat" we "Milli hanymyz Jüneýt han" we başgada bir kitap şu wagt ady ýadyma düşenok welin şolary okanyňda anyk bir zady düşündim, olam gaty gaty gaty çylşyrymly döwür bolupdyr şol wagtlar. "ýerlerine özüm bolsam näme ederdim" diýip pikir etdim welin näme etjegiňem bileňok şol döwürde. Ýöne Nedirbaý Aýatakow, Gaýgysyz Atabaýew, Eziz Han we Jüneýt Han dagy halkyň, milletiň bähbitlerine görä kän işler edipdirler, etjek bolupdyrlar. Şolar hakyky türkmen patriot adamlar meň gözümde. Şolaryň atlarynda medal orden döredilmeli we oba, köçä hemde edaralara atlary dakylmaly diýip pikir edýärin.

0
6 guljancharyberdiyewa   [Материал]
Yone Ezizhan bn juneyt hanyñ hilem bir däl-a.

0
4 Kitapcy   [Материал]
"Dönük, haramzada" ?!..
@Jeksparro, Sähetmyradow ýalñyş syýasy ugry tutan bolmagy mümkin, öz tutan ýoluny dogry hasaplap, egindeşlerine hyýanat hem edendir. Emma syýasy sowadynyñ pesdigi, syýasy öñdengörüjiligiñ ýokdugy ü.n oña 80-90 ýyl soñra oña aýdyljak söz "dönük", "haramzada" ýaly sözler bolmaly däl.
Zamana ýowuz bolupdyr, zamana... Bolşewikler gelip dogany dogana garşy goýupdyr... Atabaýewiñ goly bilenem nijeme merdana ogullarymyz atylypdyr, sürgünden çykarylypdyr... Eýse munuñ ü.n G.Atabaýew ýaly Türkmenistan döwletiniñ düýbüni tutan adamlara ýañky ýaly sözleri aýdyp bolarmy?
Döwrüñ gözi bilen seredip görmeli, obýektiw baha bermeli...
H.Sähetmyradowyñ hem Türkmenistanyñ döwletiniñ döremeginde (SSSR-iñ dûzümindedigine garamazdan) G.Atabaýew, N.Aýtakow... dagylardan köp bolmasa-da, az-ä däldir. Elbetde, aýyplary-da, kemçilikleri-de bolandyr... (Kimde ýok?)
Ýöne ajymyza ajy, sûýjimize sûýji diýip orta döküp biljek taryhçylar az bizde... Hemme zat syýasatyñ talabyna görä ýazylýar... Düýn halk duşmany yglan edilenler bu gûn gahryman yglan edilýär, düyn öwlüya, pygambere deñelip çokunylanlaryñ ûstüne erte gum sûrülyär...
Düyn etegini ogşanyna bu gün kesek atýan, haysy ideologiya hyzmat edyanini özi-de bilmeyän messepsizler bu gûn azlyk edyärmi? (Seret töweregiñe!) Sähetmyradowyñ-a näme-de bolsa belli bir ugry bolupdyr, belli bir ideologiya hyzmat edipdir...

0
3 Jeksparro   [Материал]
Bolaýypdyr şo tetelli Sähetmyradow hem yok edilen bolsa. Dönük haram zada...

0
2 Gurgencli   [Материал]
Sähetmyradow, Gaýgysyz Atabaý bilen Nedirbaý Aýtakowa garşy çykanam bolsa bary bir 37de özem "halk duşmany" diýilip ýok edilipdir.

0
1 Gurgencli   [Материал]
Kitabyň mundan öňki saýtymyza goýulan bölümleri (sary linke basyp okap bilersiňiz!):
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!
kitaba giriş, sözbaşy:
http://kitapcy.com/news/2020-07-29-12042
Jüneýt hanyň Hywa hanyna garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-30-12047
Jüneýt hanyň "Horezm sowet" düzgünine garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12049
Jüneýt han we Enwer paşa
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12050
Göreşler we jeza çäreleri
http://kitapcy.com/news/2020-08-01-12053
Jüneýt han Britaniýanyň içalysymydy?
http://kitapcy.com/news/2020-08-02-12061

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: